SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKJ

AKJARMAK [agkjarmak], 1. Ak bolup görünmek, agaryp görünmek. Onuň gara gazanyň içindäki patrak ýaly. irimçik endigan dişleri akjaryp görünýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bena Piotryň turkmeni sözlerine ýylgyrdy, şonda onuň ak sadap ýaly dişleri akjardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Reňki solmak, agarmak. Bu kostýumyň reňki gidip akjarypdyr.


AKJARTMAK [a.-kjartmak], Reňkini öçük etmek, güne agartmak.

* Gözüňi akjartmak — ser. Göz. Görogly üzeňňe galyp, gözüni akjartdy («Görogly» eposy).


AKJYK [a:kjyk], Dury ak däl, agymtyl, akjymak, agrak (reňk hakda). Gyzyň akjyk alkymy Begenji gozgalaňa saldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Bu mata akjyk görünýär.


AKJYMAK [a:kjymak], ser. A k j y k.