SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKL

AKLAWÇY [agklawçy], ýur. Jenaýat iş eden adamyň sud protsesinde işini aklamaklygy boýun alýan ýurist. Ol ökde aklawçydyr.


AKLAMAK [agklamak], 1. Reňkini ak etmek, ak reňk bermek, ak reňke öwürmek. Jaýlaryň daşyny aklamak.

2. Jenaýatkär, günäkär adamyň sud protsesinde degişli deliller bilen gunäsizdigini subut etmek, mamla etmek. Ony sudda akladylar.

3. Bir işiň dogrudygyny delillendirmek, faktlar, deliller üsti bilen mamla etmek. Pökgen ýeň bermän, Ýollini aklady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Belki, özuňizi aklamak üçin deliller tapyp goýansyňyz («Tokmak» žurnaly).

Ol özüni aklamak üçin onlarça deliller getirýärdi (B. Purliew, Ilkinji gün).

4. Pagtanyň diňe açylanyny ýygmak.

Her gün açylanyny. her günde akla, Ýyg, isrip bolmasyn çigit ýalysy (G. Seýitliew, Saýlanan goşgular).


AKLANMAK [a.-klanmak], 1. Agardylmak, ak reňk berilmek. Şolaryň üçüsi çig kerpiçden salnan, agaç polly, içi-daşy aklanan jaýdy (N. Jumaew, Ak derek).

2. Gunäsiz edilmek, jenaýatkärçilige çekilmekden azat bolmak. Sudda ol aklandy.

3. Delillendirilmek, mamla edilmek.


AKLAŇ [a:klaň], Selinden başga zat gögermeýän çäge depesi.


AKLAŇLYK [a:klaňlyk], Köp sanly aklaňdan ybarat bolan çäge depeleri. Ýörüň, tizräk şu aklaňlyk bilen oba baralyň, birden ýagyş ýagaýmasyn!


AKLATMAK [a.-klatmak], 1. Birine bir zady ak etdirmek, ak reňk berdirmek. Tam aklatmak.

2. Sud protsesinde aklawça deliller esasynda günäsizdigini subut etdirmek. Aklawça aklatmak.

3. Pagtanyň diňe açylanyny ýygdyrmak. Brigadir bu ýerdäki pagtalary düýn çlenlerine akladypdyr.


AKLYK [a:klyk], 1. Ak reňklilik, ak reňkde bolmaklyk.

2. kön. s. Syrkawa tebipçilik edeni üçin, tebibe berilýän sylag. Işanlara aklyk berýärdiler (B. Seýtäkow, Gyz salgydy).

*  Aklygyňy almak — birine ýardam, kömek edip, sag bolsun ýerine käýinç, ýok-nasyz gep almak. Meniň ondan alan aklygym käýinç boldy.