AÝ [a:ý] Í, 1. astr. Asman jisimi, Günüň şöhlesinden ýagty alýan planeta, hereketi boýunça Ýeriň hemrasy. Aý dik asmana galanda, biz ýola düşüpdik. Aý dogsa, älem görer (nakyl). 2. Kalendar hasaby boýunça otuz günüň jemi, ýylyň on iki böleginiň biri. Aýda gelsin, aman gelsin (nakyl). Biz bir aý praktikada bolduk. * Aý agyllamak Aýyň daşynda ak halka emele gelmek. Aý görjek ýaly seretmek garanjaklap siňe-siňe seretmek. Aý aýdyň ýagty. Aý aýdyň aýazly gyş gijesi, kirşensiz asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýar (A.Gowşudow, MähriWepa). Aý peri ser. Peri. Göýä wada berip gypanda gözün, Ýarynyň elinden zülpi sypýardy, Aý peri gözüni ýene gypýardy (G. Seýitliew, Saýlanan goşgular). Aýtutulmak Aýyň ýüzüne Ýeriň kölegesi düşmek. A ý y ň böleg i ser. Aý peri. Onuň aýyň bölegi ýaly ýüzüni, nogta gara saçlaryny, geýimlerini tozan basypdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). AÝ II, Äsgermezligi, göwni ýetmezligi, ökünji, kanagatlanmazlygy aňladýan ümlük.. Aý, zyýany ýok-la! («Bahar»). Aý, kesbiňden bereket tap-a! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Aý, men-ä bilmedim! |