SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÝT


AÝTDYRMAK, 1. Habar berdirmek, mälim etdirmek; duýdurtmak. Mama uzak gije Aýnanyň daşyna geçipdi, emma kimiň alyp gaçanyny aýtdyryp bilmändi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). . Özüň utanýan bolsaň başga birine aýtdyraýarlar.

2. Ýerine ýetirtmek, işletmek, oýnatmak. Şol aýdym öz ýüreklerinden turan daýhanlar, ony gaýtalap-gaýtalap aýtdyrypdyrlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biz hem radio aýtdyrýarys («Kolhoz günleri»). Öten agşam öýümizde patefon aýtdyrdyk.

3. Gürrüň berdirmek, gürletmek. Agşam atama erteki aýtdyrdyk.


AÝTEREK [a:ýterek], Oglan-gyzlaryň iki tarap bolup «kim bilmeşek» diýen ýaly sanawaçly oýnaýan oýunlarynyň ady. Aýterek, günterek, Bizden size kim gerek? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AÝTMAK, 1. Bir zat hakda habar  bermek, duýdurmak, diýmek. Hakykaty aýtmak maňa, bu hakykaty diňlemek hem size, elbetde, agyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir zadyň alamatydyr — diýip, men aýtmadym-my (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Berdi jan, men kän aýtdym, Gireli diýip kolhoza (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Dostuň aýybyny ýüzüne aýt (nakyl).

2. Ýrine ýetirmek. Pioner aýdym aýdar göwnün hoşlap (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Nazym umyt bilen aýdym aýdýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Gürrüň bermek, söhbet etmek, gürlemek. Ertekileri aýtmak tehnikasy öňki we häzirki wagtda-da örän gyzykly meseledir («Edebiýat»).


AÝTMYŞLAÝYN, Aýdyşy ýaly, aýtmagyna görä, habar bermegine görä. Belinskiý aýtmyşlaýyn, bu poemalary Russiýanyň sowatlylarynyň hemmesi okaýardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Sapar aýtmyşlaýyn, ertir Aýnalarda toý boljak.


AÝTYM [a:ýtym], 1. Eliň aýasy. Eliň aýtymy ýaljak dokuz gektar ýer (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Belli bir möçberdäki meýdan, ýer. Ýatagyň bütin aýtymy ýagtykyň astyna düşdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gür gara şahalar şowlap üstünde, Giden giň aýtyma kölege salýar (R. Seýidow, Bagtlylar). Eşelon Çärjewe gelende, wokzalyň ötsündäki aýtymda mitiň gidýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Dünýäň el aýtymyna gelmek — ser. D ü n ý ä. Artyk jan, seni alyp gidenlerinde, meniň dünýäm el aýtymyna gelipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).