SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÝD


AÝDYJY, 1. Habar beriji, beýan ediji, duýduryjy.

Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek (nakyl).

2. Labyzly heň bilen ýerine ýetiriji. Aýdyjy bagşy bolsa getiriberiň! («Görogly» eposy). Bu gün aýdym aýdyjynyň ugry bolmady.


AÝDYLMAK, I. Duýdurylmak, habar berilmek, diýilmek, mälim edilmek.

Agşam klubda oýun görkeziljek — diýlip, kolhozçylara ýeken-ýekän aýdyldy.

Aýdylan söz — atylan okdur (nakyl).

2. Ýerine ýetirilmek (aýdym hakda). Düýn radioda iki sany täze aýdym aýdyldy.


AÝDYM, 1. sung. Saza goşup labyzly heň bilen aýdylýan goşgy.

Nabat aýdym aýdýar («Oktýabrь ýalkymy»). Temiz howada dumly-duşdaň aýdym sesi ýaňlanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. edeb. Halk döredijiliginiň sazly žanry.


AÝDYMÇY, 1. Aýdymy ýerine ýetiriji, aýdym aýdyjy, bagşy, artist.

Türkmen döwlet filarmoniýasy her hili aýdymçylary ösdürip ýetşidirýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Aýdymçy bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentleriniň duşuşygy guralar («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. göç. m. Wasp ediji, şöhratlandyryjy, dabaralan-dyryjy.


AÝDYŇ [a:ýdyň], 1. Ýagty, dury, açyk.

Aý aýdyň aýazly gyş gijesi, kirşensiz asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aý aýdyň bolsa-da, golaý-goltumda gara-çyra görünmeýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Dogry, anyk, ynamly, hakyky. Teatryň durmuşynda bolup geçen özgerişlere biziň gürrüň bermekçi bolýan üç sany spektaklymyz aýdyň şaýatlyk edýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).  

3. Belli, mälim, äşgär. Olaryň gürrüňinden işçileriň durmuşynyň hemme ýerde bir meňzeşdigi aýdyň bolýardy (M. Gorьkiý, Ene). Biziň geljegimiz örän aýdyňdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Aýdyň ýo l — ser. Ýol. Bize ylham. berip, aýdyň ýol açyp, Baş bolup kommuna ýöredýän sensiň (N. Pomma, Saýlanan eserler).


AÝDYŇLATMAK [a:ýdyňlatmak], Bellisini etdirmek, mälim etdirmek, anyklatmak, takyklatmak.

Diňe onuň pikirini aýdyňlatmak üçin özüne sowal berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AÝDYŇLAŞDYRMAK [a:ýdyňlaşdyrmak], Anygyna ýetmek, hakykatyna düşünmek, takyklamak, belli etmek.

Bolup geçen betbagtçьşykly waka gylyk-häsiýetleri aýdyňlaşdyrýar («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Bu meseläni aýdyňlaşdyrmak gerek.


AÝDYŇLAŞMAK [a:ýdyňlaşmak], 1. Mälim bolmak, açyk bolmak, .anyklaşmak, takyklaşmak.

Sertib şol ýagdaýyň aýdyňlaşmak minutyna garaşyp, asuda jogap berdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Açylyşmak, durlanmak, ýagtylmak. Jepbaryň Günüň ýeriň ýüzüne çaýyp goýberen ilkinji ýagty tolkunlaryna ýuwnup, aýdyňlaşan ýüzünde geňirgenjiň goýy boýagy gyzaryp gitdi (N. Jumaew, Ak derek).


AÝDYŇLYK [agýdyňlyk], 1. Ýagtylyk, durulyk,açyklyk. Gije aýdyňlykdy.

2. Äşgärlik, anyklyk, düşnüklilik, çylşyrymsyzlyk, mese-mälimlik. Puşkiniň poeziýasynyň stiliniň ýönekeýligi we aýdyňly-gy, hakykaty realistik suratlandyrmaga jan etmegi barha açyk ýüze çykýar (A. C. Puşkin, Saýlanan eserler). Halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönük-dirilen çäreler bütin aýdyňlygy bilen kesgitlendi («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


AÝDYŇSYZLYK [aladyňsyzlyk], 1. Äşgär dällik, anyk dällik, nämälimlik.

2. Düşnuksizlik, gümürtiklik, garma-gürmelik. Peýesada käbir aýdyňsyzlyga ýol berlendigini aýtmak gerek («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


AÝDYŞDYRMAK, Bir mesele ýa-da bir zat barasynda bir näçe adama habar bermek, mälim etmek; birine köp zat aýtmak; bar bileniňi aýdyp çykmak.

Ol kapitana nämelerdir aýdyşdyrdy («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Şirniň çykarylyşy barasynda bilýänleriniň baryny bir demine aýdyşdyryp çykaýasy geldi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).