AÝY, zool. Tokaýlarda we Demirgazyk buzlugynda ýaşaýan tüýlek, güýçli, ýyrtyjy haýwan, hyrs. Bir aýy bilen bir adam dost bolupdyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Aşgabadyň haýwanlar bagynda ak, goňur we gara aýy bar. AÝYK, ser. A n y k. AÝYKLAÝJY: aýyklaýjy- sözler gram. sözlemde eýä, habara ýa-da özara biri-birlerine baglanyp, olary aýyklap, olar dogrusynda belli bir soraga jogap bolup gelýän sözler. Aýyklaýjy sözler hakynda umumy maglumat. AÝYLGANÇ, 1. Gorkunç, howply, eýmenç. Örän aýylganç düýş gördüm (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Haýwanat bagynda aýylganç uly „ýylan bar. 2. Ýigrenji, erbet, pis. Aýylganç yslar başyny aýlapdyr (Myraly). AÝYLMAK [a:ýylmak], Özüňe gelmek, huşuňa gelmek, açylmak. Aýylyň gaflatdan türkmen gyzlary (Mollamurt, Saýlanan eserler). * Essiň aýylm a k ser. E s t. Derrew essim aýylypdyr («Mydam taýýar» gazýeti). AÝYL-SAÝYL: a ý y l-s aýyl etmek saýgarmak, tapawutlandyrmak. Çendan görýän adamlar üçin, olary aýyl-saýyl' etmek örän kyndy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şol wagt hem penjireden. günüň ýagtysy syçrap, onuň keşimlerini aýyl-saýyl şekillendirdi (N. Jumaew, Ak derek). AÝYŇ, Gowanyň ýüpleri daňylýan agaç. Gowanyň aýyňy döwlüpdir. AÝYP, Köpçülik düzgünine laýyk bolmadyk, ýigrenilýän iş, gelşiksiz, ýaramaz iş, günä, utanç. Seniň bu nadanlygyň, Bilseň, köp aýyp ýeňňe (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Aglamak aýyp bolar («Görogly» eposy). Iwan Timofeýewiç, men indi öz aýybyma düşünýän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Aýybyny aýdan uýalmaz (nakyl). Aýybyny ýaşyran aýňalmaz (nakyl). AÝYPLAÝJY, Aýybyny subut ediji, garalaýjy, aýyp ýükleýän. Aýyplaýjy dokument. AÝYPLAMAK, Edilen jenaýat iş üçin ýazgarmak, günälemek, garalamak, aýybyny ýüzüne aýtmak. Ony içaly diýip aýypladylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň üçin seni aýyplajak kim? (M. Gorьkiý, Ene). Dekan olara gaharlandy, olary-da şonuň bilen deň hyýanatkärçilikde aýyplady (M. Ibrahimow, Ol gün geler). AÝYPLANMAK, Jenaýatkärçilikli iş üçin aýyply hasap edilmek, günälenmek, garalanmak. Halk duşmanlary eden jenaýatçylykly işleri üçin, halk tarapyndan aýyplandylar. AÝYPLAŞMAK, Göwün etmek, öýke etmek, öýkeleşmek. Oglum, pukaraçylykda aýyplaşmaweri! («Görogly» eposy).Olar myhmany: Aýyplaşmaň!- diýip ýola saldylar. AÝYPLY, 1. Aýyby bar bolan, etmişli. 2. Günäli, ýazykly. Uruş oduny tutaşdyryjy imperialistler halk öňünde aýyplydyrlar. AÝYPSYZ, 1. Aýyby bolmadyk, etmişsiz. 2. Günä-siz, ýazyksyz. Sud netijesinde ol aýypsyz, arassa adam bolup çykdy. AÝYRGYÇ, gram. Sözlemiň eýesine, at rolunda, at formasynda gelen her bir agzasyna baglanyp, olary aýyklap gelýän sözler. Eýelik ýa degişlilik aýyrgyjy. Sypat aýyrgyjy. AÝYRMAK, 1. Alyp başga ýerde goýmak, bir predmeti bir ýerden ikinji bir ýere gozgamak, ýerini üýt-getmek, süýşürmek. Ata, tigriňi aňyrrak aýyr! 2. Üstünden sypyrmak, çykarmak. Hoşgeldi daşky köýnegini aýryp, bir çetde duran oturgyçlaryň biriniň üstüne atdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň papagyny aýryp gördüm («Sowet edebiýaty» žurnaly). 3. Döwmek, owratmak, ýarmak. Hatda odun aýyrmak ýaly agyr işleri-de oňa buýurýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Bäşim, bar, peje salar ýaly odun aýyr! 4. Boşatmak, çykarmak (işden, wezipeden). Gulluk wezipesinden aýyrmak. 5. mat. Bir sandan ikinji bir sany bölüp almak we üçünji bir san çykarmak hem-de şonda ulanylýan belgi ('). Ondan- bäşi aýyrmak. 6. Nika bozdurmak. Gelni ýerinden aýyrmak näme gerek? 7. Hapadan saplamak, arassalamak. Üweljek bugdaýy sowrup, hapasyny aýyrmak. AÝYRTMAK, 1. Bölüp goýdurmak, bir zady alyp başga ýerde goýdurmak. 2. Çykartmak. Kirli geýimlerini aýyrtmak. 3. Wezipeden boşatdyrmak, çykartmak. Işden aýyrtmak. 4. Aýryp bölek-bölek etdirmek, owratdyrmak, ýardyrmak. Odun aýyrtmak. Agaç aýyrtmak. 5. Hapadan saplatmak, arassalatmak. |