SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÝN

AÝNA [a:ýna], 1. Kwarts çägesini eretmek ýoly bilen alynýan dury jisim.

Emma birden penjiräniň aýnasy-nyň ýüzünde ýeňiljek şygyrdy peýda boldy («Kolhoz günleri»). Bagda bir howuz bar, aýna dek suwy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Aýna işläp çykarýan zawod.

2. Arka ýüzüne syrça çalnan, ýüz görülýän esbap. Emma öz keşbinden doýup bilenok, Aýnaň ýandan kowup aýryp bolanok («Tokmak» žurnaly). Asma aýna, göni gapa garap dur, Bir gyzylly sagat bolsa ýöräp dur (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

3. cep. Penjire. Başlygyň iş otagynyň iki sany aýnasy bardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

*Aýna ýaly — örän arassa, ýalpyldap duran, päkize. Onuň öýüninň içi aýna ýalydy.

Aýnada gören ýaly bilmek — anyk bilmek, açyk bilmek. Ol bir ýigit bilen söýşüp giden däldir. Men şony aýnada gören ýaly bilýärin!— diýip, Annagül gygyrdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler.).


AÝNAGONÇ [a:ýnagonç], Ýalpyldap duran gonçly, gonjy laklanan (ädik hakda).

Olaryň arasynda gyrmyzy donly, aýnagonç ädikli bir ýaş ýigit bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AÝNAGÖL [a:ýnagö:l], Haly gölüniň bir görnüşi. A gyz, aýnagöl, ak goçak, kelle diýen gölleri näme aýdaňok! («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


AÝNALAMAK [a:ýnalamak], Aýna goýmak, aýna oturtmak (penjirä, äýnege, sagada we ş. m.). Werandany aýnalamak. Täze salnan tamyň penjirelerini. aýnaladylar.


AÝNALANMAK [a:ýnalanmak], Aýna oturdylmak, aýna goýulmak. Penjireler aýnalandy.


AÝNALATMAK [a:ýnalatmak], Aýna goýdurmak, aýna saldyrmak. Penjireleri aýnalatmak.


AÝNAMAK, Kelpeňlik edip buýsanmak, öwünjeňlik etmek, eljiremek.

Il-gün görse, Görogly aýnapdyr ýa däliräpdir diýer («Görogly» eposy). Meret şu günler gaty aýnapdyr, gözi ýer görenok.


AÝNATMAK, Kelpeňlik etdirip buýsandyrmak, eljiretmek.

* Diliňi aýnatmak — ser. Dil II. Şol kepjesakgal dilini aýnadyp, sesiniň labzyny arapçamy ýa-da başga bir -zatçamy üýtgedip okaýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


AÝNAÇY [a:ýnaçy], Penjirä aýna salýan ussa. Aýna saldyrsaňyz aýnaçy gelýär.


AÝNAŞMAK, Kelpeňlik edip buýsanyşmak, eljireşmek.


AÝNY I, gepl. d. Dürli hereketler edip il gülüşdirýän, kelpeň, kelçik (adam). Diýseňizem ol örän aýny adam.

*Aýny bolmasa — bolar-bolmaz ýerden, kelçiklik edip... A gyz, galyň gyrnak, aýny bolmasa, ýene öweý Ene diýjekdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AÝNY II, Edil, tüýs, diýen. Hasylyň aýny wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnalmagyny gazanmak gerek («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Oka, ýene-de oka, Aýny okajak çagyňdyr (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).