AÝRA, Biri-birinden aýrylan, aýralykda bolan, üzne. * Aýra düşmek her biriň bir ýere düşmek. Sen nähili bolup bizden aýra duşdüň? Aýra calmak biri-birinden aýyrmak, aýralykda ýaşatmak. Ýurdy bilen haýyn duşman, Aýra saldy. ýardan ýary (B. Kerbabaew, Aýlar). AÝRAK, zool. Dag keýigi. AÝRALYK, 1. Birek-birekden aýra düşmeklik, watanyňdan, iliňden jyda, hijran düşmeklik. Emma indi siziň bilen aýralyk wagty geldi (B. Kerbabaew,. Aýgytly ädim). Ikimiziň aramyza ajy aýralyk salarlar öýdüp gorkýaryn (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Ölüm-ýitim. Aýralyk habary doldy Watana, Proletar ýazyjysy Maksim Gorьkiniň (N. Pomma, Saýlanan eserler). * Aýralyk çogy aýralyk ody, aýralyk derdi, azaby. AÝRAN, Gatyk ýaýylyp ýagy alnandan soň galýan suwuk çal. Aýran! Aýran! Aýran! Aýrandan içiň, Lawaş-syz, çöreksiz doýrandan içiň! (G. Seýitliew, Saýlanan goşgular). Aýrana gelen tabagyny gizlemez (nakyl). AÝRATYN [aýraty:n], 1. Üýtgeşik, tapawutly. Tutanýerlilik bolsa onuň aýratyn sypatydy («Kolhoz günleri»), 2. Başga, özge. Aýratyn dillerde geplesek-de biz, Bölünmeýän birdir dilmiz, göwnümiz (N. Pomma, Saýlanan eserler). 3. Has, örän, juda. Garry atasy Wepany aýratyn gowy görüp, ony özi bilen hemişe awa alyp gidýäni uçin, özünden uly doganlary oňa görübilmezçilik edýärdiler (A. Gowşudow, MähriWepa). 4. Esasan. Men ony aýratyn hem şu gun syzdym (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). 5. Özbaşdak. Magtymgulynyň eserleri bir näçe gezek aýratyn kitap edilip çykaryldy. 6. ýörite. Nyýazbegden aýratyn hatlar hem getirip berdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 7. Ýalňyz, ýeke, diňe. Ol öz janyny aýratyn saňa ynanýar. AÝRATYNLYK [aýraty:nlyk], I. Üýtgeşiklik, tapawutlylyk. Ony türkmen halkyna, türkmen durmuşyna mahsus bolan aýratynlyklar bilen doldurýar («Ede-biýat»). 2. Özbaşdaklyk. Her bir polk öz baýdagy astynda aýratynlykda çykyş edipdi (SSSR taryhy). AÝRAÇYLYK, cep. A ý r a l y k. Men aýraçylyk üçin aglapdym (B. Pürliew, Ilkinji gün). AÝROWOKZA'L, Aeroportuň wokzaly. AÝRODINA'MIKA, Howanyň we beýleki gazlaryň hereketi baradaky taglymat. AÝRODRO'M, Samoliotyň we beýleki uçýan apparatlaryň uçmagy, gonmagy hem-de durmagy üçin ýörite enjamlaşdyrylan meýdança. Samoliotyň propellera aýlandy, Aerodromyndan bäry saýlandy (Çary Aşyr, Poemalar). Aerodroma biz derrew gideli (N. Pomma, Saýlanan eserler). AÝROLIT, Asmandan ýere gaçýan kosmiki daş. AÝRONAWIGA'TSIÝA, Bellenen ýol boýunça uçujy apparatlary sürmek baradaky ylym. AÝRONA'WTIKA, Howada uçmaklygyň teoriýasy we sungaty. AÝROPLA'N,Howada uçýan apparat, samoliot. AÝROPO'RT, Howa gatnaw ýolunyň graždan aerodromy. Aşgabat aeroporty. AÝROPO'ÇTA, Howa poçtasy. AÝROSTAT, Howada uçýan şar, uçýan apparat. AÝROTRA'NSPORT, Howa transporty, howa aragatnaşyk serişdesi. AÝROFOTOGRA'FIÝA, Samoliotdan surat almaklygyň teoriýasy we praktikasy. AÝROFOTOSURAT, Samoliotdan alnan surat. AIRY I, 1. Özge, başga, üýtgeşik. Aýry meseleleri has düýpli öwrenmek üçin institutymyzda täze kružok döredildi. Bu mata ol matadan aýry. 2. Özbaşyna, öz-başdak. Bularyň dostlugy şu dereje ýetdi, hatda bular biri-birinden aýry nahar hem iýmeýärdyler (A. Gowşudow, MähriWepa). Aýry oturmak. Aýry ýaşamak. AÝRY II, zool. Iki örküçli maýa, bugra. Aýry gum ýerine çydamly maldyr. AIRY-AIRY, 1. Başga-başga, dürli-dürli. Şol habara her kim aýry-aýry baha berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Özbaşyna, öz-başdak, başga-başga. Biz aýry-aýry tamlarda ýaşaýan hem bolsak, bir maşgalanyň adamsydyrys («Sowet edebiýaty» žurnaly). AÝRYBAŞGA, 1. Aýratyn, başga. Kämahal ol kitaplardan aýrybaşga bir kagyzjyga nämedir bir zatlar ýazyp, ony hem gizleýärdi (M. Gorьkiý, Ene). 2. Has tapawutly, ylaýta-da, örän. Men edebiýaty aýrybaşga gowy görýärin. AÝRYK, Çat açan ýer, jaýryk, ýaryk. Köne galanyň diwarlary tutuş aýryk atypdyr. AÝRYLMAK, 1. Çat açmak, jaýrylmak, ýarylmak. 2. Gopmak, bölünmek, gaçmak. Mikroblaryň we bedeniň weýran bolan öýjükleriniň aýrylmagy (A. H. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy). 3. Başga ýere geçmek, üýtgemek, aýra düşmek, gitmek. Şahyra ýaş çagalaryndan aýrylmak gaty agyr düşüpdir («Edebiýat»). Biz öňki ýaşaýan ýerimizden aýrylyp, şähere geçdik. 4. Işden çykmak. Ol işinden aýrylypdyr. 5. Nika bozmak. Ol aýal ärinden aýrylypdyr. 6. Özbaşdak ýaşamak, aýratyn hojalyk gurmak. Tagan özbaşyna hojalyk bolup, ene-atasyndan aýryldy. 7. Aradan çykmak, ölmek. Obamyzyň 90 ýaşly garrysy bardy. welin, görgüli öten agşam aýrylypdyr. 8. Çaga düşmek. 9. Açylmak, gutulmak (kesel hakda). Kelle agyrym aýryldy. AÝRYLYŞMAK. 1. Çat açyp, ýarylyp başlamak. 2. Biri-biriňden aýrylmak, aýrylyp gitmek. Onuň bilen aýrylyşanda, özünde nähilidir bir ýeňillik syzdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Bu kitaby göreniň-den son,, sen menden aýrylyşyp bilmersiň diýidi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). 3. Özbaşdak hojalyk bolmak. Ol ene-atasy bilen aýrylyşyp, öýli--işikli boldy. 4. Maşgalanyň. aýrylyşmak gorkusy ýüze çykýar («Sowet edebiýaty žurnaly). AÝRYT, 1. Uly ýoldan başga bir ýoluň aýrylyp gidýän ýeri, ýoluň dürli tarapa bölünýän ýeri. Oňa degme, men daň atyp barýarka ony ýapynja pugta dolar-da, ýol aýyrda eltip taşlaryn (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). 2. Iki buduň çanaklyk bilen birleşýän ýeriniň arasy. Kä ýeri dyza, kä ýeri aýryda golaýlan bugdaýyň içinde ýüzüni ýokary tutup gezýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Derýanyň kä ýeri uýlugyndan, kä ýeri aýrydyna ýa ýetýär, ýa-da ýetenok («Görogly» eposy). |