AÝLAW, 1. At çapyşygy geçirilýän ýörite meýdan ýer. Şu ýylyň maý aýynda aýlawda at çapyşyk möwsümi hem açyljak («Sowet Turkmenistany» gazýeti). 2. Tegelek, halka. Stanowoý pristaw öz ötsünde ýarym aýlaw bolup duran adamlara seretdi (M. Gorьkiý, Ene). Şol yşyk sütüni göýä diýersiň aýlaw şöhle gabat gelip döwülýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). 3. Sowa, egri, öwrüm. Aýlaw ýolda goşun göýä bar halka (B. Ker-babaew, Aýlar). AÝLAW-AÝLAW, 1. Aýlawy köp bolan, köp aýlawly. Bu gaýkanyň içi aýlaw-aýlaw hyrly. 2. Egrem-bugram öwrümli. Şonuň gapdalynda diwaryň ýüzüne kakylan dag umgasynyň aýlaw-aýlaw iki şahy göründi. (A. Gow-şudow, MähriWepa). AÝLAWLY, 1. Öwrümli, sowa. Aýlawly ýol. 2. Çylşyrymly, kyn. Durmuşyň eýýäm geçilen aýlawly ýollaryny ýadyna salýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Kesgitleme aýlawly bolmaly däldir (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). 3. göç. m. Daşdan görýän, paýhasly, parasatly, duşunjeli (adam hakynda). Meret aýlawly ýigitdir. 4. göç. m. Köpbilmiş, mekir, hilegär (adam hakda). Artyk özüni nähili bşiişendi-rin hasap etse-de, Eziziň aýlawly sözleriniň arasyndan sypyp bilmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dogrusy, ol tüýs bir içi aýlawly gedem adam ekeni («Tokmak» žurnaly). AÝLAWÇA, Kiçijik aýlaw ýer, öwrüm; çylşyrymly, bulaşyk. Ýöne men çykyp bolmajak bir jadyly. aýlawçanyň içine düşüpdirin (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). AÝLAG [a:ýlag], geogr. Okeanyň, deňziň, kölüň gury ýere süsňäp girýäp öwrümi. Fin aýlagy. Garabogazköl aýlagy Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýer. AÝLAMAK, 1. Pyrlamak, tigirlemek. Motorlar hotlanyp, çarhy aýlaýar, 2. Saramak, oramak. Öýüň daşyna urgan aýlamak. 3. Salmak, galdyrmak. Olar özleriniň daşyna köp adamly we ajaýyp köşk aýlapdyrlar (Orta asyrlar taryhy). 4. Gezdirmek, syn etdirmek, görkezmek. Oraz, ýör seni şähere aýlap geleýin. 5. Gaýtarmak, dolamak. Aşyr, bar goýunlary yzyna aýla! * Göz aýlamak ser. G ö z. Köplüge gözüňiz aýlamak gerek (Mollamurt, Saýlanan eserler). Men gelýänçäm, mal-gara göz aýlaweri! Göze ýaş aýlamak ser. Göz. Ikisi-de alaçsyz ýaş aýlady gözüne («Mydam taýýar» gazýeti). Baş aýlamak ser. B a ş I. Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma (Mollamurt, Saýlanan eserler). AÝLAMÇA, ser. Aýmança. AÝLANDY, Okgözleriň arasyndaky gara nagyş. AÝLANDYRMAK, 1. Pyrlandyrmak, aýlap hereket etdirmek. Şemal ony aýlap-aýlandyryp, daşyň ujuna ýetirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Birini bir zadyň daşyndan aýlamak, ylgatmak. Tilki towşany depäniň daşyndan bir näçe gezek aýlandyrdy. 3. göç. m. Öňki halyna getirmek, Alymlar dürli doga-tumar bilen meni öňki sypatyma aýlandyrdylar (Myraly). AÝLANJYRAMAK, Aýlaň-çaýlaň etmek, gezmelemek. AÝLANMAK, 1. Pyrlanmak, tigirlenmek. Balerina-bir aýagynda bir näçe gezek aýlandy. 2. Barlap, görüp gaýtmak, synlamak. 3. göç. m. Belli bir hala öwrülmek. Bol suw bilen ýer tapyşsa, ülke gülzara aýlanardy-(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biz bu kolhozyň ekin meýdanlaryny aýlanyp gördük. 4. Gezelenç etmek. Şu adam bir näçe aýdan bäri derýa boýlarynda aýlanyp ýör («Sowet edebiýaty» žurnaly). * Daşynda aýlanmak ser. D a ş II. AÝLANYŞMAK, 1. Bir zadyň daşynda gezmeleş-mek, köp bolup aýlanmak. Firidun Serie daýza seret-di, onuň töwereginde aýlanyşýan çagalaryň başlaryny sypalady (M. Ibrahimow, Ol gün geler). 2. Bir işe girişmek, başlamak. Onsoň ýüklerini geçirmäge aýlanyşdy. Gaçgaklaryň ters yzyny almaga aýlanyşdylar («Görogly» eposy). AÝLAŇ-ÇAILAŇ: a ý l a ň-ç a ý l a ň etmek az wagt gezelenç etmek, gezmelemek. Aýlaň-çaýlaň edensoň geler-de! (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany) AÝLATMAK, Pyrlatmak, tigirletmek , gezdirtmek. AÝLAŞMAK, Pyrlamaga, aýlamaga kömekleşmek,. Pyrlaşmak, gezdirişmek. AÝLYK [a:ýlyk], 1. Bir aýyň dowamynda çekilen zähmete döwlet tarapyndan tölenýän hak. Hojamyrat aýda näçe aýlyk alýar? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Aýlaýyn, bir aýyň dowamy. Sekiz aýlyk agyr günleri başyndan geçiren Aýna ertirden soň keteni geýip, şaýlanyp çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);. Men bir aýlyk komandirowka gitjek. vAÝLYKÇY [a:ýlykçy], kön. s. Aýlaýyn iş haky alyp işleýän adam. Garly kakasynyň köne guralla-ryndan aýrylyp, köp ýyllap başga ussalaryň elindz aýlykçy bolup işledi (A. Gowşudow, Powestlior we hekaýalar). |