GUD |
||
GUDA, Gyz çykaran maşgala bilen şol gyzy gelin edinen maşgala arasynda ýakynlyk aragatnaşygyny Aňladýan söz. Şalar bilen guda bolmagy ýüregine düzüpdyr.(A.Gowşudow). Gurt bilen goýun guda bolmaz, guda bolsa-da goýun gülmez. (Nakyl). GUDAÇYLYK, Guda ýagdaýynda bolmaklyk, gudalyk ýagdaýy. Şonuň üçin garry gudaçylyga ýer agtaranda hem gyz çykarjak, hem gelin edinjek ýerini agtaryndy (A. Gowşudow, MähriWepa). Gudaçylyk gürrüňini etmek, söz aýdyşy bolup baryp söz owadanlamak meniň başarjak işim däl (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GUDOK, Signal bermek üçin mehaniki usulda çykarylýan ses. Emma ýakynlaşýan otlynyň ýognas gudogyn-dan hem güzzüldisinden ýaňa biz onuň soňky aýdan sözlerine oňat düşünip bilmedik («Sowet edebiýaty»žurnaly). Parohodlaryň gudoklary üç minut gygyrýarlar («pioner» žurnaly). GUDRAT, Çakdanaşa kuwwat, artyk güýç. Daýhan gardaş, gulak goý sen sözüme, Ülkämiziň gudratydyr ak pagta («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). «Gudraty görseň, daga bar» diýselerem, çyn gudraty, sowet tehnikasynyň, gahryman gurluşykçylaryň kuwwatyny, şu ýerde aç-açan duýup galýarsyň («Tokmak»žurnaly). GUDRATLY, Gudraty bar bolan, örän güýçli, zor.Wah, meniň gollarym şeýle uzyn, gudratly bolsady diýdi (B. kerbabaew, Aýsoltan). Gudratly adam. GUDUZ, 1. Nerw sistema zyýan ýetirýän ýokançly kesel. Ol it guduzlapdyr. 2. göç. m. ýykyp-ýumrup ýören, zabun. Bahargül, men nemetsleriň eline düşdüm, ol guduzlar dünýäniň iň aýylganç azaplary bilen bizi gynadylar (A. Gowşudow, MähriWepa). 3.göç. m. Tertipsiz, garagol, ýoknasyz (köplenç çaga hakynda). <> Guduz açmak 1) wagşylaşmak, ýyrtyjy bolmak, örän rehimsiz bolmak, guduzlamak.Gitler däliräpdir, guduz açypdyr (Ata Salyh. Saýlanan eserler); 2) ýakymsyzlyk etmek. garagol bolmak. GUDUZLAMAK, 1. Ýokançly nerw keseli bilen kesellemek, guduz açmak. Ol guduzlan bolsa gerek (A. P.Çehow, Saýlanan eserler). 2. göç. m. Çendenaşa zabun bolmak, rehimsizlik etmek, däliremek. Guduzlan duşmany dýerbi-dagyn etmek gerek. GUDUZLYK, Guduza mahsus bolan hal-ýagdaý, gylyk-häsiýet. GUDUK, 1. Çilik oýnunyň bir görnüşi. Oýny alyp baryjy taýajygy we topy eline alyp, gudugyň ýanyn-da galýar («pioner» žurnaly). 2. dial. ser. Guýy. GUDUMAN, gepl. d. ser. G u d u z 3. Bä, guduman oglan ekeniň! GUDURAMAK [gu:duramak], 1. Örän begenmek, çakdanaşa guwanmak. 2. Ýakymsyzlyk etmek, bezzatlyk etmek, göze düşme bolmak, garagolluk etmek (köplenç çaga barada). Näme beýle guduraýarsyň? |