SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUL

GUL, kön s. Kapitalistik jemgyýetden öňki gulçylyk we feodalçylyk jemgyýetinde: Önümçilik

gurallaryna we hiç bir zada hukugy, ygtyýary bolmadyk zähmeti we ýaşaýyş durmuşy eýesiniň ygtyýarynda  bolan adam. Eý ezilen gullar, aýaga galyň!(A S.Pukin eserlar).


GULAJYK,  dokm.  Halynyň  soňky  äleminiň her ýerinde üç burç görnüşinde salynýan nagyş.


GULAJYN, zool.  Iki ýaşynyň içindäki urkaçy göle.  Biziň höwür öküzimiz bilen ol gulajynymyzy doktora görkezmek üçin, oba getirendigimizi eýýäm olar nireden bildilerkä?     (A.   Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GULAK 1- Ses eşidiş organy. Gulagyň garny bolmaz - siňsgiň — ýerni (nakyl).

Gulak eşidenini göz görmesin (nakyl).

2. Saz gurallarynyň sapynyň ujundaky kiriş berkidilýän ýeri. Tamdyranyň gulagy. Gyjagyň

üç gulagy bar.

3. Aýak basmak üçin piliň gapdalyna berkidilýän demir. Piliň gulagyny gaýdyp

gowşamaz ýaly etdam.

4. Gazanyň daş gyrasyndaky eltutary. Gara gazanyň dört gulagy bolýar.

5. Tüpeňiň okuny göçürmek üçin barmak bilen gysylýan ýeri, oky urýan çakmak. Annaguly tüpeňiň gulagyna barmagyny ýetirp barýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

6.Suw akýan ýabyň gapdala sowulýan ýeriniň sakasy. Ýabyň gulagyna böwüt basmak.


GULAKJYN, Baganadan, sütükli dýeriden tikilýän,gulaklary ýapýan ýyly telpek. Başy gulakjynly çoluk ýigit nahar taýýarlaýardy   («Kolhoz günleri»).  Başyndaky  tilki  derisinden tikilen  gulakjyn  däldi-de, owadan çal papakdy  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GULAKÝÜP,  Hataby howut bilen birikdirýän ýüp.


GULAKHALKA, Aýal maşgalalaryň gulagyndan dakynýan  bezeg şaýy, ysyrga, teneçir.


GULAKÇÖP, Hataplary birikdirip saklaýan ikibarmak inlilikdäki ýasyja agaç we arabanyň arşyna ötürilýän taýajyk.


GULAN, zool. Gylýallar maşgalasyndan bolan ýabany haýwan. ýolbars gazaplanyp, ýapyrlyp eňdi, Baryp bir gulanyň üstüne zyňdy (Ata Salyh, ýolbars we tilki). Emma «kyrk gulanyň içinde bir agsagy bildirmez» diýen ýaly, ýoldaşlary onuň ýörişini bildirmeýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Gulan başyna gaý düşse, godujagyna garamaz (nakyl).


GULANGUÝRUK, bot. Gumda bitýän ýumşajyk, akja haşal ot.


GULATY, zoog. Gyrgylar maşgalasyndan bolan syçan we ş. m. ownujak haýwanlary awlaýan ullakan çöl guşy. Kä ýerde  gulatylar gaýmalaşýardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Henize çenli gulaty adyny alan ýerim ýok, alasym hem gelenok («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Gulatynyň saýasynda bolandan, bürgüt penjesinde bolan ýagşydyr (nakyl).


GULAÇ I. Gap etmek üçin irimçik dokalýan önüm. Ol uzak gije gulaç dokardy (N. Saryhanow, Saýlananeserler). Garry ene ýüň egirýär, gulaç dokaýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GULAÇ  II, Iki  goluňy giň gýereniňdäki uzynlyk.Onuň  basjak ýerlýeri hem  bir gulaç  galýarmyş — diýen miş  hem bar(A.Gowşudow,  Eserler).Gulaç-gulaç saçymy Daratmady wagtynda   (läle).


GULAÇLAMAK,   Iki goluňy giňden gýerip  ölçemek(uzynlygy). Howa deňizinde gulaçlap ýüzýär, göreşde ýeňilmez ýaş komsomollar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GULGAMAK, zool. Suwulgana görä ýasyrak hem ýognasrak süýreniji haýwan.


GUL -GULA, Galmagal, zenzele, gopgun, daw-dawa.

GULKULLATMAK, Gulk-gulk edip işdäli içmek,jyňkydyp içmek, başyňa çekmek. Ýermolaý bir demde gulkullatdy (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan).


GULKUTMAK, Başyňa çekmek, jyňkydyp içmek.Mýeret bir okara çaly gulkudyp goýberdi.


GULLUK, 1. Gullukçynyň iş wezipesi, işleýän ýeri,orny. Ol özünden gullugy kiçiräk adamlary görende,Rüstemçe gürleýär ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).

2.Harby borçlulyk wezipäňi berjaý etmeklik. Ol ýene-de bir näçe wagtdan soň, Gyzyl Goşun gullugyna gitjek( N. Saryhanow , Saýlanan eserler).

* Gulluk!—•hyzmata taýýardyryn diýmek.

Gulluk etmek —hyzmat etmek. Myhmanlara oňat gulluk etmek.


GULLUKÇY, 1. Akyl zähmetiniň dürli görnüşleri bilen meşgul bolýan, işleýän adam. Ol gullukçylar-dan ýuwaş-ýuwaş ownuk ýer eýelýeriniň soslowiesi emele gelipdir (SSSR taryhy).


GULLUKÇYLYK, Gullukçynyň wezipesi, gulluk edýäniň käri. Ol gullukçylyk işine şeýle başlapdy(L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GULP I, Bir zadyň agzyny gulplamak üçin, açar bilen baglanylýan we açylýan demir gural. Bu açarlaryň hiç biri-de bu gulpa laýyk gelmedi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

* G u l p  u r m a k — gulp bilen býerkitmek, gulplamak. Gapa gulp urmak. Dükanyň agzyna gulp urmak.


GULP II, 1. Käbir gaplaryň gapdalyndaky el tutary. Ojagyna ders döküp otlady we ojagyň üstünde gulpy döwük gara kitiri goýdy. Wüşi kel stoluň üstünde duran ullakan. kitiriň gulpuna ýapyşdy (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Apbasy ýaly käbir türkmen şaýlarynyň gapdalyna berkidilýän halka. Apbasynyň gulpy döwlüpdir.


GULPAK, 1. Galapyn ýaşajyk gyzlaryň kellesiniň iki gapdalyndan goýulýan çogdam saç. Maýsa uzynja gulpaklaryny ýaňyja örüpdi (B. kerbabaew, Aýsoltan).Gyzymyň garaja gulpaklaryny ýuwdum (A. Durdyew,Saýlanan eserler).

2. Umuman örülen saç.

3. Gyňaja salynýan şah şekilli nagyş.


GULPLAMAK, Gulp ildirip ýapmak, gulp bilen baglamak, gulp bilen berkitmek. Ol özüniň otagyna girip, içinden gulplap aglady (A. Gowşudow, Eserler).Haýwanlaryň baryny bir saraýa gabaň-da, agzyny daşyndan gulplaň! (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GULPLANMAK, Gulp salynmak, gulp bilen baglanmak, gulp urulmak, ýapylmak. Magazin eýýäm gulplanypdyr.


GULPLATMAK, Gulp saldyrmak, gulp bilen baglatmak, gulp urdurmak, ýapdyrmak. Dükany gulplatmak.Gapyny gulplatmak.


GULPLY, Gulp bilen gulplanan, gulp bilen ýapylgy duran, bagly, bekli. Öýümiz içinden gulpludy(N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GULTUM, Bir ýuwdum, bir owurt (suw hakda). Bi gultum suw.


GULTUNMAK, Bir zatdan hantama bolup ýuwdunmak,garaşmak, ät galmak. Artyk, seniň söýgüliň bukjasyny baglap, saňa garaşyp, gultunyp otyr. Her haýsysy gezegi öňürti almak üçin gultunyp, ilerräk omzady(B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GULTUNYŞMAK, Bir zatdan hantama bolup ýuwdunyşmak, garaşyşyp oturmak.


GULUN, Taý. * Gulun  atmak — taýy öli dogmak, taý taşlamak (baýtal hakda).


GULUNLAMAK, Taýçanak guzlamak  (baýtal hakda)Gör-le, baba, gulunlaýan oguşaýa   (L. N. Tolstoý salanan eserler).


GULÇULYK,   1. Gul bolmaklyk, guluň ýagdaýy bolmaklyk, gulluk ýagdaýy.Lenin diýmek halkyň agzyn bir eden , Gulçulykdan gutulmagy  öwreden(N. Pomma, Saýlanan  eserler). Olaryň  boýunlaryna gulçulyk   zynjyryny dakmak isleýän adamhor jellatlaryň ýigrenç pygyllaryny paş etdi (B. Purliw Ilkinji gün).

2. Gul eýeçilik döwrüne degişli bolan esaslanýan.