SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUN

GUNHAN, Iki-üç ýaşly erkek taý, iki-üç ýaşynyň içindäki ýaş at. Ikiýaşar, üçýaşar gunan taýlar bilen gysyr baýtallaryň toparlanyşygy has-da keýply bolyar. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GUNDA, Saýmaklyk üçin üýşürilen bir üýşmek pamyk, ak. Ýolliniň ýüzi ak gunda ýaly agardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol adamynyň egnindäki gunda ýaly ak sakgalynyň ujy gyradeň çyrpylyp timarlanan ýalydy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa


GUNDAG, I Üşemezlik üçin bäbek dolanylýan mata bölegi. Ogluň Mämmet gundagda, seniň etegiňde oturanok, ahry (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


GUNDAG II,   1. Tüpeňiň nili berkidilýän agaç. Wüşi kel egnindäki tüpeňini ýokarrak galdyryp, gundagyna kakdy(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GUNDAGLY,  Gundaga  saralan,   gundalan.   Gundagly


GUNDALMAK,   Gundaga dolanmak.


GUNDAMAK, Çagany gundaga dolamak. Çagany galyň edip gundadylar.


GUNDUZ, zool. Gyralary tokaýlyk derýalarda ýaşaýan we balyk, leňňeç, gurbaga  ş. m.   bilen    iýmitlenýän  gymmat baha derili   kiçijik   haýwan. Şemle guşak, gunduz sonbaç, pereňi mawut çäkmen geýdirmeli   («Görogly eposy)

2. Çuw  ak.Hatar-hatar   gunduz- ýaly müňläp öý, pöwrizämiz deýin gujagyn açýar (N. Pomma, saýlanan eserler).


GUNÇA, Doly açylmadyk gül naýçasy, gülüň gozasy.Bagyň gunçasy gül açdy., Dürli miwelýeriň bişdi. Ykjam bitirilýär planly işlýer, Açyldy gunçalar, sowuldy gyşlar (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Güläleklýeriň gunçalary dökülip, diňe baldaklary somalaşyp galypdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GUNÇALAMAK, Gunça getirmek, gunça düwmek, gozalap başlamak. Gowaçalar gunçalady, gülledi, gozalady («Sowet edebiýaty» žurnaly).