GUM |
||
GUM, I. Biziň planetamyzyň Ýýeriň gabygynyň daşky gatlagy. Sähet gahar bilen pilini ýere urup gum atmaga başlady (A. Gowşudow, MähriWepa) 2. Giden çägelik meýdan ,çäge toprakly çöl ýerler. Çýerkez sürülýeri möjekden goramaga guma giden kolhozçylaryň biridir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol gumda, Uzboýyň ugrundaky guýularyň biriniň başynda doguldy («pioner» žurnaly). Ene ol kolhozyň goýunlary diýip guma gidýär (A. Gowşudow, MähriWepa). Gumda dürli haýwanlar ýaşaýar. Geçen dynç güni guma oduna gitdik. 3. Tozan, çaň, kirşen. Üstüň-başyň gum bolupdyr. GUMAÝ, bot. Suwotuna meňzeş köpýyllyk haşal ot. GUMAK, Ürgün çägesöw gum gatyşykly, gumsalt. Garry aýalyň küýzäň. agzyndan dökýän suwy onuň aşagyndaky gumak ýeri köwdi. Aşyr gumak ýol bilen çatmalaryna bakan haýdap barýardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Haýwanlaryň aýaklarynyň astynda torç edilen gumak meýdançalar barha ýygy-ýygydan çykmaga başlady (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). GUMAKLYK, Gum bolup ýatan ýol, ýer. GUMALAK, Düýäniň, goýnuň we ş. m. tezegi. Iň soňky düýe gumalagyna garaman: Ine, bu-da Aşyryňkydiýip, gumalagy eliniň týersi bilen zyňyp goýberdi(B. kerbabaew, Aýgytly ädim). * Gumalak atmak pal atmak. GUMALAKLAMAK, Gumalak gaçyrmak, tezeklemek. GUMANIZM, . Jemgyýetçilik işindäki adam söýerlik, adamkärçilik. Sotsialistik gumanizm. GUMANI'ST,
2. Adamzady gowy görýän, ynsansöýer. GUMANITAR, Halkyň dilini, medeniýetini, taryhyny öwrenmek bilen meşgullanýan, şol ylymlara degişli bolan. Litseýde esasan gumanitar ylymlar öwredilýärdi («Edebiýat»). GUMBAÝRAK, Toýun ýaly özli bolman, pytrap ýatan çägesöw toprak, gum. Siz aýak astyna ýelmeşen gumbaýrak palçykdan enaýymy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Böwediň gumbaýrak bolsa dogry (B. kerbabaew, Aýsoltan). GUM-GUKLUK [gum-gu:kluk], Sessiz-üýnsüzlik, yns-jyns ýokluk, dym-dyrslyk. Dünýe ýüzi gum-guklukdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Içýeri gum-guklukdy(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GUMDAN [gumda:n], Piliň üstünde gum durýan ýasy ýeri , gumhanadan aşaky bölegi. GUMLAMAK 1. Ösümligiň we ş. m. düýbüne gum dökmek, düýbüne gum üýşürmek, düýbüni ýumşatmak. Pomidoryň düýbüni gumlamak. 2. Mal ýatagyna, mallaryň aşagyna gum dökmek. GUMLATMAK, . Ösümligiň we ş. m. düýbüne gum dökdürmek, gum üýşürtmek, düýbüni ýumşatdyrmak. GUMLUK, Tutuş gum bolup ýatan; çägelik. Öňki gumluk ýeri ,mal gezen çöli, Bezedi şäheriň baglary, güli ( Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol Ýolbarslynyň öňündäki urnak gumlukda bir oýy eýeledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GUMRY,, zool. Kepderiler maşgalasyndan bolan kiçiräk goňrumtyl çal guş. Bir wagtda bir gumry bir agajiň üstünde höwürtge edinen eken («Türkmen ertekileri»)! Asla seni görmemişem, dildarym! Gumrumy sen, bilbilmi sen, näme sen? («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). GUMSALT, , ser. G u m a k. Gumsalt ýeriň ýüzünde at toynagynyň yzy sürüli goýnuň yzy ýalydy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim), Ýarym sagat ýörenlerinden soň, gumsalt meýdana çykdylar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). GUMHANA, [gumha:na], Pil sapynyň aşaky ujunyň gutaran ýerinde sapyň ujy girer ýaly köwerilip duranja demir. GUMANÇA, zool. Gunanlyga ýetmedik gylýal, kiçi gunan. Jeren baýtal ýok öýe bir gunança ýok («Görogly»eposy). Sakar at ýedi ýaşyna ýeten hem bolsa, edil guçunça ýalydy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). |