SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUJ

GUJAK, 1. Iki eliňi aýlap alanynda kükrek bilen eliň aralygynda emele gelýän giňişlik, iki eliňi

daşyndan aýlap alanyňdaky emele gelýän göwrüm. Ol ýaş ýigit Gurduň guşagynda jan berdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Sapar ogluny bir näçe wagtlap guşagyna gysyp durdy («pioner» žurnaly). Men ejemiň guşagyna gysylyp, ýertekisini diňleýärdim (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. göç. m. Kükrek bilen iki eliň arasynda ýerleşýän mukdardaky zat. Hemra ilka bir gujak gury odun getirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir gujak ot. Iki gujak odun.

<> G u j a k açmak-—mähirli garşy almak, gülýer ýüz bilen Kabul etmek. Haçan gelseň taýýar, men, gujak. açyp durmaga (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GUJAKLAMAK, Iki eliň bilen daşyndan aýlap tutmak, gujagyňa gysmak, almak. Oňa bakan topulypdyr-da, ony mäkäm gujaklapdyr (Myraly). Gyz hem onuň boýnundan pugta gujaklady (M. ÝU. Lýermontow,


GUJAKLATMAK. Gujaklap tutdurmak, iki elini daşyndan aýlap tutdurmak. Göreşde biliňden gujaklatmak. Gyz özüni gujaklatmady.


GUJAKLAŞMAK, Biri-biriňi gujaklamak, biri-biriň boýnundan gol salmak. Olar gujaklaşyp ogşaşdylar-da, ýaňadandan görüşdiler. Eziz bilen gadyrly görüşdi, gujaklaşdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol kakasy-ejesi bilen gujaklaşdy, kakasy-ejesi şatlandylar («Türkmen halk  ertekiler   ýygyndysy»).


GUJUR. 1. Güýç, kuwwat, enýergiýa. Sakar atyň ýylanyňky ýaly ýalmanýan. uzyn dili onda aýratyn bir gujuryň baryny mälim edýärdi (B. kerbabaew, Aýsoltan). Gaýratyň, ukybyň, gujruň ýetişip, zehiniň kesýän bolsa, kim seniň öňüňe böwet bolýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. göç. m. Gaýrat, başarjaňlyk, dogumlylyk.


GUJUR-GAÝRAT [gujur-gaýragt], ser. Gujur 2.


GUJURLY, 1. Gujur-kuwwaty bar bolan, güýçli,zor. Gujurly hem gaýratly Güýç-kuwwaty golunda, öňe tarap haýdaýar, Awtomati elinde (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýüregi joşgunly, gujurly golly (N.Pomma, Saýlanan eserler).

2. göç. m. Dogumly, gaýratly, başarjaň. Howp Watanyň üstüne abanan wagty Wepa ýaly gujurly ýigitler durup bilermi (A. Gowşudow, Eserler). Gujurly işlemek.


GUJURLYLYK, Kuwwatlylyk, güýçlülik, dogumlylyk, gaýratlylyk, başarjaňlyk. Onuň berdaşly bedeninde, ýanyp duran gara gözlerinde gujurlylyk duýulýardy (B. Pürliew, Ilkinji gün).