SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUW

GUW ,zool. Uzyn egri boýunly, ýumşak ýelekli ullakan suw guşy. Men ol ýerde  oňat ak guw tutaryn (Tolstoý, Saýlanan eserler). Deňizdäki mawy ordük, Köll ýerdäki ördek, guwlary, gördük (Pioner žurnaly).


GUWANDYRMAK, Begendirmek, şatlandyrmak. Çagany guwandyrmak. Şatlykly habar aýdyp guwandyrmak.


GUWANJAŇ,   Sähel  zada guwanyp-begenýän, şatlanyan, buýsanagan. Guwanjaň adam. Guwanjaň görnüş.


GUWANJAŇLYK,  Guwanjaň gylyk-häsiýetlilik, begenjeňlik. Bilýärin! — diýip,     Ene oňa    birneme  guwanjaňlyk bilen jogap berdi (M.  Gorьkiý, Ene).


GUWANMAK,  Höwesiň  artmak,  begenmek,  şatlanmak, ruhlanmak. Bu raýonyň maldarlary gazanan üstünliklerine guwanyp,  öz  güýçlýerini  täze üstünliklere tijeýärler.(«Sowet   Türkmenistany»   gazeti).     


GUWANÇ, Bir zada bolan begenç. şatlyk, buýsanç. Onuň ýigrenji şakyrdysy Artygyň guwanjyny kesdi (B.kerbabaew, Aýgytly ädim). Ynha seniň dost-ýarlaryň ýygnanyp, Guwanç bilen   ugraýarlar    Moskwa   (H. Pomma, Saýlanan eserler).