SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUT

GUT I, kön. s. Bagt. It geldi — gut geldi  (nakyl).


GUT II,  Gulagyň içinde emele gelýän kir.


GUTALI'N, Aýakgaba çalynýan ýag.


GUTAP [guta:p],   Içine et, gök ot we ş. m. salnyp  bişirilýän çörek. Içi gökli gutap. Etli gutap.


GUTARMAK, 1. Zat  galmazlyk, tükenmek, baýamak. Meniň gözel döwranym gutardy    («Tokmak»  žurnaly).

2. Bes etmek,, tamamlamak, tükellemek. Diňe goja sözüni gutarandan  soň, ol  gykylyk etdi  (B.   kerbabaew, Aýgytly ädim). 

3.Aladadan, işden we ş.  m. halas etmek, dyndarmak. Muny gapy-gapy elenip ýörmekden gutaralyň. Nädeýin kysmatym ýaman, Bu gamlardan gutar meni  («Görogly»eposy) 

4.  göç.  m.    Aradan çykmak, ýogalmak , ölmek.

5. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde, gymyldynyň bolup gutaranyny

görkezýär. Suwaryp gutarmak, gazyp gutarmak, okap gutarmak, ýazyp gutarmak, aýdyp  gutarmak.


GUTARNYKLY, Belli bir netije býerýer  ýaly, başly-aýakly, düýpli. Eposyň hemme nusgalaryny öwrenip,

gutarnykly umumy bir tekstini işlemeli  («Görogly» eposy).


GUTARTMAK, 1. Zat galdyrman aýyrdyrmak, tüketdirmek baýatdyrmak. Satyp gutartmak. Ýygyp gutartmak.

2. Işi we ş. m. tamamlatmak, boldy etdirmek.Ol jaýyny gutardypdyr.

3.  Bes etdirmek,  goýdurmak.Edýän gürrüňini gutartmak.

4. Bir zatdan azat etdirmek,dyndyrmak.Keseli gutarmak, aladany gutarmak.


GUTARYLMAK- 1. Tükedilmek, baýadylmak.  Harytlar satylyp gutaryldy. 

2. Boldy edilmek, tamamlanmak.Jaý salynyp gutaryldy. Gazy-haşar işi gutaryldy.

3. Azat edilmek, halas edilmek. Uly howpdan gutarylmak.


GUTLAG, Işdäki üstünligi, şatlykly  habary gutlap aydylyan sözlýer, ýüzlenip  mübäreklemeklik.Gutlag haty.Gutlag  telegrammasy.


GUTLAMAK,  Biriniň oňat eden işini, üstünligini, baýramçylygyny şatlykly habaryny  mübäreklemek. Gutlaýaryn goýnuňdaky hellewleşýän täze bagy. Paweliň bu işini gutlamak gerek(N. Pomma. Saýlanan  eserler).


GUTLUK,  Täze gýim, aýakgap geýen çaga sylag hökmünde berilyän paý,zat.Täze köýnek geýen oglana gutluk berdiler.Gutlak almak.


GUTLY,  köne s.Bagtly.

<>    Gutly   bolsun — Baýramçylygy , täze geýlen egin-eşigi, alnan täze zatlary  gutlap, mübärekläp  aýdylýan aňlatma.

 

GUTULALGA, Gutular ýaly ýagdaý, gutulmaga bolan ýol, çykalga, alaç.


GUTULGYSYZ, 1. Gutulmak mümkinçiligi bolmadyk, çykalgasyz, alaçsyz, bialaç.

2. Hökman. Rewolýutsiýanyň boljagy gutulgysyz (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Tatýananyň ýaşaýşy gutulgysyz suratda tragiki hem bolmalydy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


GUTULYSYZLYK, 1. Gutulmak mümkinçiligi ýokluk, çykalgasyzlyk, bialaçlyk.

2. Hökmanylyk. Kapi-talistik ýurtlarda staçkalaryts gutulgysyzlygy.


GUTULMAK, 1. Keselden açylmak, sagalmak. Demi düşýär, baran gutulýar ölmän («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Howpdan halas bolmak, howpdan sypmak, dynmak.

Ýalan sözleseň, tutularsyň, düz sözleseň, gutularsy ň (nakyl).


GUTUM: gutumyň guramak — gaty horlanmak, halys bolmak, ýadamak.


GUTY, Agaçdan, gaýyşdan we ş. m. ýasalan kiçijik gap, gapyrjajyk. Ol özüniň ak guşagyny biline guşanyp, biline däri gutusyny, serkejini dakynyp, aýakly teke hyrlysyny asyp, hemişe daglara awa gidýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).