SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUŞ

GUŞ, zool. Bütin bedeni ýelek bilen örtülen, goşa ganatly, oňurgaly uçýan haýwan. Gül-pürçük. pudaklarda saýrarmyş dürli guşlar («Tokmak» žurnaly).

Guş özi üçin çapar, tazy — eýesi üçin (nakyl).

Guş agaja bir gonar (nakyl).

Guş bar — etini iýmeli, guş bar — et býermeli (nakyl).

Guş burunsyz dogmaz, çaga — rysgalsyz (nakyl).

Guş ganatyndan kireý islemez (nakyl).

Guşuňy alanda sal (nakyl).

¨      Guş bermek — ýalan sözlemek, aldamak.

¨      Guş ýürek — ser. ý ü r e k I. Hemmesi seniň guş ýürekligiňden ahyry («Tokmak» žurnaly).


GUŞAK, Gaýyşdan, ýüpden ýa-da dokalan matadan bile baglamak, daňmak üçin ýörite edilen bag. Ol tomsuna agyr çekmen, gyşyna bolsa pagtaly ,don geýerdi, biline ak biz guşak guşanardy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Pelwan guşagyny, ykjam guşanyp, syýyny çekişdirdi (A. Durdyew; Saýlanan eserler).


GUŞAKGAPDY,   Iki   tarap  bolup   guşak  oklanyp, gapylyp oýnalýan oýun. Guşakgapdy oýnamak. Guşakgapdy örän gyzykly oýun.


GUŞAKLYK I, 1- Biliň inçelen ýeri, biliň guşak daňylýan ýeri, bil. Soňabaka ýörite ýasalan demirleri gyzdyryp, munuň endamyna dag basmaga başladylar, guşaklykdan ýokarsyny besse-besse etdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aýagy gyrma köwüşli, nogta ýaly saçlary guşaklygyna ýetip durdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Guşak eder ýaly gaýyş, teletin. Guşaklyk gaýyş. Guşaklyk mata.


GUŞAKLYK II, geogr. Ýeriň üstüniň iki mýeridiany ýa-da parallelleri  arasyndaky bölegi. Kamçatkanyň gündogar kenaryna ýakyn ýerleşen ýaş wulkanlyk guşaklygynda gyzgyn çeşmelýer çykýarlar («Mydam taýýar» gazeti). Yssy guşaklyk. Orta guşaklyk. Tropik guşaklyk.


GUŞALMAK, 1. Guşak baglanmak, guşak daňylmak. Onuň egninde gyrmyzy don, kemeri salpy guşalan gylyç, golunda-da bäşatar (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Daşy gabalmak, daşy gurşalyp alynmak. Diňli daş diwarlar bilen hem guşalypdyr (SSSR taryhy).


GUŞAMAK, Biliňe guşak daňmak, oramak, baglamak. Çaltlyk bilen. ýerinden galyp, donuny geýip, bilini guşamaga durdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Guşak guşamak. Biliňe guşak guşamak.

<>Biliňi guşamak — ser. B i l. Seň ugruňda bilim guşadym gaýym (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GUŞANMAK, Biliňe guşak daňmak, biliňe guşak baglamak. Pökgen ýasy gaýyş guşagyny guşandy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GUŞATMAK, Birine biliňe guşak daňdyrmak, biliňe guşak oratmak. Biline guşak guşatmady. Biliňe ýüpek guşak guşatmak.


GUŞGONMAZ,  bot.  Tutuş  tikenli  ösümlik.


GUŞGÖZI, bot. Pessejik boýly, şor ýerlerde  topbak ösýän, guşuň gözüne meňzeş çal reňkli gül getirýän birýyllyk ösümlik.


GUŞGUN, Düýäniň howudynyk, eşegiň gaňňasynyň, atyn eýeriniň öňe süýşmezligi üçin guýrugynyň aşagyndan geçirilýän ýüp. Kerem däli Gyrata guşgun salyp, ony hem getirip öz biline baglady («Görogly» eposy).


GUŞDILLI, bot. Ekinçilikde, ekin arasynda gögýerýän inçe ýaprakly ot.


GUŞIGDE, bot. Ýabany igde agajy we onuň maýda miwesi.


GUŞLUK I, 1. Günün guş uçum belentligine galýan wagty, Günüň ýany ýokary saýlanyp başlan wagtlary. Gün guşluk galan wagty bularyň howlusyna üýtgeşik myhmanlar gelip girdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Gündogar bilen Günortanyň aralyk tarapy. Guşlukdan bir otly göründi. Guşluk tarapa gitmek.


GUŞLUK II, Guşuň köp ýeri, guşuň köp bolýan ýeri.


GUŞHANA [guşha:na], Köp sanda guş saklanylýan jaý. Guşhanada guşlar boşlaw ýerleşdirilýär

(N. A. Iwanow, Guşçulyk maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir).


GUŞÇULYK, Oba hojalygynyň öý guşlaryny ösdürip kepeltmeklik bilen meşgul bolýan bir pudagy. Guşçulyk, doňuzdarçylyk baradaky planlar hem artygy bilen ýerine ýetirildi («Sowet Türkmenistany»

gazeti). Guşçulyk fýermasy. Guşçuylk sowhozy.