SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUÝ

GUÝGUÇ, Agzy darajyk gaba suwuklyk guýmak üçin ulanylýan, düýbi çüri, agzy giň gural. Guýguç we ige ýaly ownuk zatlary Selhozsnabyň raýon bölüminde satdyrmak hakynda  gürrüň  gozgadyk   (Tokmak  žurnaly)

GUÝDURMAK,  1. Bir gapdan başga bir gabyne dökdürmek, agdartmak. Şu grafine-de bir litr süýt guýdur!

2   Metal  ýergininden   ýa-da   palçykdan bir zat ýasatmak, bejertmek, etdirmek.  Hökman  derwözäni polatdan guýduraryn  («Sowet edebiýaty> žurnaly)  Bäş müňe golaý kýerpiç guýdurdym.


GUÝLUNMAK, Towlam-towlam ýygrylmak, düýrülmek Garaja öýüň gözeneginde guýlunyp ýatan ala ganjyk. ok ýaly geldi-de, ýabynyň guýrugyndan agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GUÝMA', Meýdan ýerinde  ýagyn  suwunyň köp ýygnanýan ýeri, çöketlik ýer, kakyň uly bir görnüşi.


GUÝMA: guýma gursak — tebigy akylly, Doga akylly, düşbi.

Guýma gursak bolmasa, durtme gursak neýlesin. (nakyl)


GUÝMAK I,  1   Bir gapdan başga gaba dökmek, gapgarmak.  Käsesindäki  çaýy  çäýnegine  guýjak, bolanda daşyna dökdi   (B   kerbabaew, Aýgytly ädim).

2  Metal ýergininden ýa-da palçykdan bir zat ýasamak, Çoýundan kündük guýmak. Kerpiç guýmak.

<> Gulagyna    guýmak — ser.  G u l a k. Babaň aýdanyny ýadyň-da sakla! — diýip, gulagyma guýdy   («Mydam taýýar >gazeti).


GUÝMAK II, Gowrulan una azajyk ýag, suw garylyp bişirilýän nahar. Ol ertirden bäri ýekeje çemçe guýmak iýdi.


GUÝRUK,   1. Haýwanyň oňurga ujasynyň uzalyp gidýän  inçe  bölegi.  Sygyrlar  sapanly guýruklaryny bulaýlap, molaýardylar (B. kerbabaew, Aýsoltan).

Sygryň guýrugynda pyçak döwme (nakyl)  

2.  Käbir malyň   (goýnuň)  türre tarapyndaky ýumşak bölegi .Guruklaryny mazaly tegelän baggoýny gördi (B. kerbabaew, Aýsoltan).

3. Her bir zadyň syrty, syrtky bölegi, yz tarapy. Kepderiniň guýrugy.   

<> Guyruk gapdyrmak — möjek  bilen  urşan ite goýnuň guýrugyny iýdirmek.  Möjekler  bilen gemrişip, iş bitiren. itlýere bir guýruk gapdyraýyn (A. Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde).


GUÝRUKMAN, Guýrugy ullakan, guýrugy uly (goýun, tilki we ş. m. hakynda). Guýrukman tilki Guýrukman goýun


GUÝTAK, Guýa meňzeş tebigy oýulan ýer


GUÝY, 1. Suw almak üçin ýeriň suwly gatlagyna çenli gazylan çuň çukur .Myralyny çöl içinde bir guuýa taşlapdyrlar   (Myraly).Annaguly gelip, bedresini guýa sallamaga durdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2   Dürli tehnikp  bähbitler  üçin  burawlanyp gazylan çuň çukur,  skwažina.Nebit guýularynyň sütünleri hatar-hatar bolup görünýär (B     Pürliew,    Ilknji gün).