SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUÝU

GUÝUJY, Bir zady, metaly eredip guýýan.


GUÝULMAK, 1. Bir gapdan ikinji bir gaba dökülmek, başga bir gaba salynmak. Nähili ýangyjyň guýulmaldygyny hem örän anyk görkezilýär («Sowet Türkmenistan» gazeti).

2. Ýokardan aşak dökülmek, dökülip  durmak, inip durmak. Garşylygna bakman üsti agralýar, üznüksiz guýulýan çäge zerarly ( N. Pomma , GoşgularÝ


GUÝUM, Käbir zatlaryň belli bir mukdardaky ölçegi. Bir guýum däri.


GUÝUNMAK, Çaý, nahar we ş. m. zady gaba guýup almak, özüň üçin guýmak. Käsä çaý guýundym. Ol bir gaba çorba guýnup, nahar edindi.


GUÝUŞMAK, Guýmaga kömekleşmek, guýup bermek (çaý, nahar we ş. m.). Nahar guýuşmak.