BED

BEÝA


BEDASYL, Gara ýürek, asylsyz, erbet.

Ýaltalary tankytlap, arkaýyn ýatyrmalyň, Bedasyl bezzatlary maksada ýetirmäliň (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)


BEDASYLLYK, Gara ýüreklilik, asylsyzlyk,erbetlik.


BEDE, Mal iýmiti üçin guradylyp taýýarlanylan ot,ýorunja.

Tohum atlarymyza we beýleki ýabylarymyza ýeterlik bede bolsa bolýar   (A. Gowşudow,Köpetdagyň

eteginde).Häzir biziň kolhozymyzda taýýarlanan siloslary, bedeleri we iýmlik däneleri bir görsediňiz

(Sowet Türkmenistany»  gazýeti).Ýandagy bassaň, küde bolar, bedäni bassaň — pide (nakyl).


BEDEW, Münülýän, çapylýan güýçli tohum at.

Gamyşgulak bedew atlar  ýörände, ýeriň tanapyny külterläp çekýär (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Kolhoz başlygy bedew gyr ata atlanyp, nirädir gidip barýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Tanalar ol has bedewler, Köne, ýyrtyk jul biläni («Türkmen halk şahyrana döredijili).Çarpaýalap oýnaşyp, kişňeýär     bedew atlar (Ş. Kekilow, Saýlanan"eserler). Bedew — jul içinde;göwher — Kül içinde (nakyl).


BEEDELIK, Bede etmek üçin ýararly bolan, bede üçin niýetlenen.

Bedelik ýorunja. Bedelik ot.


BEDEN, Adam ýa-da haýwan organizminiň daş görnüniň formasy, organizm, endam.

Jetňsel tarapdan dowam eden garaşylmadyk geň galdyryjy ses onuň demir berk bedeynyny üýşürdi,diňe onuň düwlen ýumrugy däl, belki onuň demir ýaly berk bedenini hem pagyş-para gowşatdy (D.Gowşudow,   Mähri— Wepa).Onuň berdaşly bedeninde ýanip,duran gara gözlerinde gujurlylyk duýulýardy.(B.Purliýw ilkinji gün)

* Beden jezasy – Endama şikes ýetirmek,bilen berilýän jeza.


BEDENE , Torgaýdan ulurak, boz reňk, saýraýan meýdan guşy.

Bedenäniň ýyty çakyr sesi sährada ýaňlanýar(N.W.Gogol. Eserler). Wüşi kel arkasy apparatly bedene ýaly  ýorgalaýar.(A.Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde)


BEDENEÇI, Bedene tutmak we saklamak işi bilen meşgullanýan adam.


BEDENOT, bot.Uzyn ýaprakly dik ösýän haşal ot.


BEDENTERBIÝE, Adam bedeniniň berkişmegi we ösmegi üçin belli bir režim bilen edilýän gimnastik çäreler.

Uniwersitetiň bedenterbiýe kollektiwi studentleriň arasynda bedenterbiýe hereketini köpçülikleýin ösdürmek işini oňat ýola goýupdyr(«Ýaş kommunist gazýeti).Ol daşarda on minut bedenterbiýesini etdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ertir ir bilen bedenterbiýe etmek saglygy berkleşdirmekde uly rol oýnaýar.


BEDENTERBIÝEÇI, Bedenterbiýe, sport işi bilen meşgullanýan adam.


BEDRE, Esasan suwuklyk guýulýan, demirden ýasalan gap.

Artyk bedresini doldurmak üçin ýüpüni galgadan-da, Aýnanyň ýetip gelýändigini gördi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol hiňlenip ýüreginiň gamyny gowzadansoň, her eline bir bedre alyp suwa gitdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BEDROÝ [bedro:ý], kön. s. 1. Mysalasy pis, erbet görnüşli, sypaty ýakymsyz bolan, betgelşik.

Gyrmyzy ýaglyk bilen ol üç günläp yzyny üzmän öz bedroý ýüzüni süpürdi («Pioner» žurnaly).

2. göç. m. Biabraý, masgara. Zewsiň beýleki bedroý ogly oduň we demir ussaçylygy işiniň hudaýy bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Üç faşistiň bedroý ýüzüne bakyp, Tatýana birdenkä öwrüldi yza (A. Atajanow, Iki poema).


BEDROÝLUK [bedro:ýluk], 1. Mysalasy pislik, erbet görnüşlilik, gelşiksizlik, betgelşiklik.

2. Biabraýlyk, masgaralyk.


BEDÄHET, kön. S. Ägirt uly, örän uly, tagaşyksyz, äpet.


BEDÄHETLIK, Örän ululyk, ägirtlik, tagaşyksyzlyk, äpetlik.