BES

BEÝA


BES, 1. Ýeterlik, bolar. Oňa göwnüňden çykaranjaň bes («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Boldy, gutar, tamamla. Ol oglun çekdi-de diýdi: — Garagol, Besdir indi, otur, akyllyja bol! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

* Bes etmek — 1) bir işi boldum etmek, gutarmak;  2) tamam etmek, goýmak, gaýtalamazlyk.

Wladimir Monomah Kiew Rusunyň üstüne çozmaklaryny bes etmäge  polowetsleri mejbur edipdir (SSSR taryhy).


BES-BELLI, Örän aýdyň, gaty anyk, mese-mälim.  Köp wagt geçmänkä, hemme zat bes-belli boldy.


BESLEMEK, 1. Timar bermek, bezemek, geýindirmek. Meniň özümiň besläp goýan ulagym bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýaraglary besläp duşman kastyna, Bedew aty eýerläliň destine (B. Kerbabaew, Aýlar).

2.Ýetişdirmek, terbiýelemek.

* Ýüregiňde beslem e k — ýüregiňde niýet, arzuw etmek. Ýüregiňde beslän keriňi ele almasaň, elbetde, ol seni ynjalykly gezdirmeýär («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


BESLENMEK, 1. Owadan görnüşe girmek, bezenmek, geýinmek, şaýlanmak. Aýna ümä beslenip gelipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Al-asmanda beslenip, älemgoşar göründi («Sowet edebiýaty» žurnaly). San-syz gozalar bilen beslenen göm-gök gowaçalar berlen sözüň artygy bilen ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär (B. Purliew, Ilkinji gun).

2. Ýetişdirilmek, terbielenmek, ulaldylmak. Beýik arzuwlara beslenen nesil, Urşuň odun söndir ol üzülkesil («Oktýabrь ýalkşy»).


BESLETMEK, Bezetmek, şaýlatmak, taýýarlatmak, terbiýeletmek.


BESSE-BESSE, Pers-ala, menek-menek, tegelek-tegelek. Soňbaka ýörite ýasalan demirleri gyzdyryp, munuň endamyna dag basmaga başladylar, guşaklykdan ýokarsyny besse-besse etdiler. Onuň ýüzi tutuşlaýyn besse-besse, menek-menek bolşup gan öýüpdir (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).