BEG

BEÝA


BEG, 1. Feodalizm döwründe welaýat häkiminiň we ş. m. ady.

Begiň, şanyň jaýy bary ýok boldy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Ýok boldy hanlar, begler, Guraldy sowet ili (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Han-begleriň patyşadyr penasy, Ýere, göge sygmaz olaň günäsi (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. kön. s. Esasan edebiýatda, folklorda gahrymanlaryň adyna goşulyp ulanylýan hormat epiteti.

Görogly beg sözüni tamam etdi («Görogly» eposy).


BEGEÝIK, Aýal geýimleriniň ýeňi bilen ýanynyň birigýän ýerine — goltugynyň aşagyna tikilýän başga reňkdäki uçburç mata bölejigi.


BEGEMOT, zool. Tropiki Afrikanyň suw basseýnlerinde ýaşaýan süýtemdiriji uly haýwan.


BEGENDIRMEK, Biriniň göwnüni hoş etmek, şatlandyrmak, guwandyrmak.

Kolhoz başlygynyň gabat gelmegi ony begendirdi («Bahar»). Men söwdany oňaranlygymy aýdýaryn, keýwanyny begendirjek bolýaryn (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Artygyň arzuwynyň ýüze çykmagy Aýnany begendirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BEGENJEŇ, Sähelçe zada begenýän, ujypsyzja zat üçin göwni hoş bolýan.

Käriz oba sowetiniň başlygy begenjeň adamdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BEGENJEŇLIK, Begenjeň bolmaklyk, göwnühoşluk.


BEGENIŞMEK, Köpçülňk bolup begenmek, bilelikde şatlanmak, guwanyşmak.

Olar duşuşyp, tabişrygyň berjaý edileni hakynda begenşiip, gürrüň etdiler (N. Jumaew, Ak derek).

Tilkiler muňa begeniişp, iýip-içip, seleňe çykyp, bir oýa toplanyşyp, arkaýyn ýatanlar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


BEGENMEK, Bir zatdan göwnüň hoş bolmak, şat bolmak, guwanmak.

Wepa seržantyň şu sözüni eşiden wagty göýä öz dogan-garyndaşyny gören ýaly boldy, begendi (A. Gowşudow, Mahri — Wepa). Adamzat bir-ä begenende gep tapmaz, bir-de gynananda («Görogly» eposy)Aknabat eje begenip gitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BEGENÇLI , Şatlykly, guwançly.

Ol şol sekuntda bütin dünýäni özüne bagyşlanan ýaly duýdy, ýüregi begençli urdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Batyr hem gynançly, hem begençli, murtlak dodaklaryny müňkeldedip, aglap diňen çagajyk ýaly, adynyň Batyrdgyny zordan aýtdy (N. Pomma, Sebäbints soň 1im).


BEGZADA [bagza:da], Begiň ogly ýa-da agtygy;

Bujagaz oňatja begzadanyň kimiňkidigini maňa hiç kim aýtmak islemeýärmi? — diýip, ol sorady (A. P. Çehow. Saýlanan eserler).


BEGLIK,  I. Begiň ýagdaýy, derejesi. 

Ýarympatriar hal, ýarymfeodal jemgyýetiň diňe baýlyk, beglik üçin çalşan ekspluatator toparynyň boş ýaşaýyşlaryny beýan edýär («Edebiýat»).

2. Oňat ýagdaý, erkinlik.

Saglyk bolsa, beglik bolar (nakyl) .


BEGRES, Daşky geýim tikilýän ýukarak ýüň mata, mawut.

Ol adamyň başynda depesine gyzyl begres tutulan ak telpegi, egninde gara kostýumy bardy (Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).