BEK

BEÝA


BEK, ser. Berk 1,2. Men muňa berk ynanýan («Mydam taýýar» gazýeti). Sözleşeliň adalatyň haky üçin, Parahat durmuşda dostluk beki üçin («Oktýabrь ýalkymy»).


BEKELMEK,  ser.  Berkelmek.


BEKELTMEK, ser. B e r k i t m e k.


BEKEMEK, ser. Berkemek. Uçrum bolup, ganatlary bekäpdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol zähmete pugta bekäp, Täze usuly öňe sürýär (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


BEKETMEK, ser. B e r k i t m e k.


BEKEŞMEK, ser. B e r k i ş m e k. Entek ýaş göwreleri iş bilen bekeşmedik-de bolsa, olar sagdyn, işe hyjuwlary bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Çekişmedik — bekişmez (nakyl).


BEKLEMEK, 1. Ýapmak, baglamak, gulplamak. Kerim-hanyň tussaga düşeniniň ikinji güni, ýüzi-gözi garalan bir adamyny zyndana iteklediler-de, gapyny daşyndan beklediler (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Önüni böwetlemek, böwet basmak, baglamak.

Ol böwsülen ýeri beklemek mumkin däldi. Dagdan inýän örän köp suw ýollarynyň hemmesini bekläp, Paltagaçana gönükdirip, gar suwy akar ýaly ugur etmek gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Ýoluny, öňüni tutmak, gabat bolmak. Bekledi durberdi. öňümi birden, Belent bulda başyn deňäp duran jaý (K- Gurbannepesow. Soldatyn ýüregi).


BEKLENMEK, 1. Ýapylmak, baglanmak, gulplanmak. Dükan beklendi.

2. Böwet basylmak, böwetlenmek, baglanmak.

Basylyp alnan ýerleriň daşy haýat bilen beklenipdir (Orta asyrlar taryhy). Ýabyň suwunyň ýykylan ýeri beklendi.

3. Ýoly, öňi tutulmak, gabalmak.


BEKLETMEK, 1. Ýapdyrmak, baglatmak, gulplatmak.

2. Böwet basdyrmak, baglatmak. Güýçli akýan suwuň öňüni bekletdim.

3. Öňüni tutdurmak, gabatdyrmak. Haýat çekip arany bekletdi.


BEKLEŞMEK, 1. Bir zady ýapmaga, baglamaga kömekleşmek.

2. Böwet basyşmak, baglaşmak. Suwuň öňüni bekleşmek.


BEKLI, 1. Ýapyk, gulply, bagly.

Hikmet Isfahany ýaly uly baý, aristokrat adamynyň gyzy Şemsiýä Tähranda, bekli gapynyň ýokdugy mälim zat (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Böwet basylan, böwetlenen, baglanan. Pellere suw tutulýan gulaklar beklidi.

3. Öňi tutulan, germew edilen, gabalan.


BEKRE, zool. Eti we işbili gowy hilli, gymmat baha uly balyk. Eşitdi ol «tirana», «doky», «bekre» ; diýen atlary («Tokmak» žurnaly).