BER

BEÝA


BERBAT [berba:t], Derbi-dagyn, ber-bibat, weýran, harap.

Rim ýollary kem-kemden zaýalanyp berbat bolupdyr (Orta asyrlar taryhy). Ol ömrüni Tahyr üçin berbat etmäge hemişe taýýar («Edebiýat»).


BERBATLAMAK [berba:tlamak], Berbat etmek, weýran etmek, sandan çykarmak, haraplamak. Olar onuň welosipedini bolsa berbatladylar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


BERBATLANMAK [berba:tlanmak], Berbat-bolmak, weýran bolmak, sandan çykmak, haraplanmak.


BERBATLYK [berbagtlyk], Derbi-dagynlyk, sandan çykmaklyk, weýranlyk. Baýguş  betbagtlyk,  berbatlyk getir — Diýip, gaýga batdy biçäre Hasan («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BERBATÇYLYK [berba:tçylyk], ser. Berbatlyk. Uruş wagtynda berbatçylyk köp bolýar.


BER-BIBAT [ber-bi:ba:t], Bütinleý berbat bolan. weýran bolan, bütinleý sandan çykan, harap bolan. Gyrat agzyna gelenini gapyp, bu duran pyýadany ber-bibat etdi («Görogly» eposy). Giden ulgam ýanýar gyzyl ot bolup, Duşman süýşüp gelýär ber-bibat bolup (Çary Aşyr, Poemalar).


BERGI, Karz alnyp gaýtarylyp berilmeli pul ýa zat, tölenmeli bolan borç.

Sen hökümete geljek ýylky bergiňi beripsiň; eger gyssansaň ondan karz hem alyp bilersiň (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Seni aljak bolanymda, berginiň aşagynda gömlüp galypdym (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Bergiň müňe ýetse, ýumurtga börek iý (nakyl).

* Bergiden çykmak — karz alan borjuňy üzmek.

Bergä batmak — köp bergili bolmak.


BEGIDAR [bergida:r], ser. B e r g i l i. Hünärmentler we ownuk söwdagärler baýarlara we täjirlere bergidar bolupdyrlar (SSSR taryhy).


BERGIDARLYK [bergida:rlyk], ser. B e r g i l i-lik. Afinalylaryň köpüsi ýer eýelerine bergidarlyk gulçulygyna düşüpdirler (Gadymy dünýä taryhy).


BERGILI, Birine. bergisi bar bolan, borçly, bergidar, karzdar. Seniň ataň görgüli, Üç şir maňa bergili (M. Seýidow, Gijeki myhman). Ol döwletlere bergilidi hem şol bergiler uçin biçak köp tölegler töleýärdi (SSSR-iň ykdysady geografiýasy).


BERGILILIK, Birine borçlulyk, bergili bolmaklyk bergidarlyk.

Bergililik biziň başymyzdan sowuldy.


BERDAŞLY [berda:şly], Sagdyn, gujurly, çydamly, berk.

Ol eli-aýagy berdaşly, süňkbaşy iri, daýaw adamdy (A. Gowşudow, Eserler). Onuň berdaşly bedeninde, ýanyp duran gara gözlerinde gujurlylyk duýulýardy (B. Pürliew, Ilkinži gün).


BERDEŇKE, Bir gülle (ok) atýan tüpeň.

Men-ä öz ömrümde ýumruklaşyp gören adam däl weli, şeýle hökümete garşy çozuş bolsa, berdeňke götermekden gaýra durjak däl! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BERDIRMEK, Birine bir zady gowşurtmak. Men onuň bergisini berdirerin.


BEREBEKGEÝ, gepl. d. Halys gep düşündirip bolmaýan, gepe düşmez. Berebekgeý adam.


BEREKELLA, Biriniň iş başaryşyny, bitiren gowy işini öwmek üçin aýdylýan söz.

Berekella, ýaş suratçy gyz! (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi). Berekella, oglum, berekella! Örän gowy iş bitiripsiň! (J. Akyew, Mergeniň ogly).


BEREKET, 1. Bol önüm, köp hasyl. Hasylyň-da berekedi bolýar («Kolhoz günleri»).

Hereketde — bereket (pakyl).

2. Dokluk, bolluk, hümmet. Seniň toýnagyň degen ýerinde, bereket hem bolmaz (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Olaryň öýüne bereket ýagdy, çagalary okap başladylar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Biziň iki stakan içenimiz bilen bu öýüň berekedi gaçasy ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BEREKETLI, 1. Bol önümli, hasylly.

2. Tiz doýurýar, ýokumly, hümmetli. Bereketli nahar.


BEREKETLILIK, Berekedi barlyk, hümmetlilik, önümlilik.


BEREKETSIZ, Berekedi az bolan, az önümli, hümmetsiz. Bereketsiz iýmit.


BEREKETSIZLIK, Berekedi ýokluk, hümmetsizlik, önümsizlik.


BERÝOZA, Gabygy ak, derege meňzeş ýaprakly agaç.

Berýoza we derek agaçlarynyň garamtyl we gögümtil ýapraklarynyň arasyndan sowuk eşige giren otly uçgunlar ýylpyldaşýardy (N. W. Gogolь, Eserler). Tokaýlarda sosnalar, ýolkalar, berýozalar, hoz agajy we başga agaçlar hem gyrymsy agaçlar ösýärler (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


BERJAI [berja:ý]: berjaý etmek —Ýerine ýetirmek, doldurmak. Pagta tabşyrmak planyny 125 protsent berjaý etdi («Kolhoz günleri»), Ol bu işleri çaltlyk bilen berjaý etdi-de, daş-töweregini synlamaga başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Men hem onuň wesýetini berjaý etmek üçin, janymy gaýgyrmaryn (B. Pürliew, Ilkinji gün).


BERI, «Bir, weli» ýaly many aňladýan ownuk söz.

Şu sapar beri şulardan zameçanny almaýyn! (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ahaw, häzir boluň, adammyka beri (B- Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BERILMEK, 1. Goýberilmek, satylmak.

Dükanda her hili zatlar berilýär.

2. Birine bir zat bagyş edilmek gowşurylmak. Bütin ýurdumyzda kolhoz gurluşygy üstün çykandan soň, bujagaz çeşme kolhozyň eýeçiligine berildi (N Pomma, Sebäbini soň bildim).

3. Birine ýa-da bir Zada özüň göwnüňi  bermek, şonuň erk-ygtyýaryna geçmek.

Surkowyň bar ünsi ýaşajyk sosnajaklara berilipi («Mydam taýýar» gazýeti). Garry bolsa jonnuk küizesine güýmenip, Artygyň sözüne berilmek bilen güýniň başyny özüne mesgen edindi.(B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).  * Berildigi bolsun —ömri uzak bolsun, ölmesin (çaga bolanda aýdylýar).


BERIM, Berilýän zat, para. Muny çagyryp getiriň, berim, peşgeş beriň. Haw, tagsyr, bu nämeniň berimi, peşgeşi, engamy? («Görogly» eposy). Mollada berim bolmaz, ýabyda — gerim (nakyl).

 Bahyl baýda berim bolmaz (nakyl).


BERIMSIZ, 1. Gysganç, husyt.

Berimsiz baýlara baraňdan, keremli daglara bar (nakyl).

2. Gowy, artyk. Her bir gülüň, gunçaň berimsiz zere (R. Seýidow, Bagt-lylar).

<> Çyna berimsiz — ser. Ç y n.

Piotr çyna berimsiz edip, degişme gürrüňini etdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BERK, 1. ýyrtylmaýan, döwülmeýän, zaýalanmaýan, pugta, mäkäm.

Haýsy-da bolsa bir berk daşy, mysal üçin, çakmak daşyny, başga daş bilek urup gyrdaýarlar (Gadymy dünýä taryhy).

2. Tutanýerli, gaýduwsyz, pugta. Özi bolsa berk we içi pikirli adamdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Mallary örän aladalylyk bilen idetmeklerini berk talap edýäris («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Myrat onuň sözüne berk ynandy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Watanymyň ýolun-da gurbandyr bu baş, Tylymda berk durjagňyza ynanýan (A. Nyýazow, Şygyrlar).

3. Sagdyn, güýçli. sagat. Berk bedenli, ýiti gözli, durnukly,

Elmydam hüşgärdir ýaş komsomollar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

4. Pugta, ykjam, mäkäm. Wagonlaryň gapylary berk ýapyldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

5. Gorag, gala, pena. Daşymyzyň polat berki, Sözleri dürdäne ýaşlar (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Çyn  polatdan pugtadyr, demir gala berkimiz (N. Pomma, Saýlanan eserler).

6. Agyr, ýokary. Jenaýat edenlere berk jeza berilýär.


BERKARAR [berkara:r]: berkarar etmek — düýbüni tutmak, berkitmek, tassyk etmek, mäkämleşdirmek. Ol köpçülik arasyndaky öz abraýyny wezipe üsti bilen däl-de, uly bilim, tämiz moral, birkemsiz zähmet arkaly berkarar edipdi (N. Jumaew, Ak derek). Şu durmuşy, şu döwrany, eşreti, Oktýabrь ýeňişi berkarar etdi («Pioner» žurnaly). Hytaý Halk Respublikasynyň berkarar edilendigine alty ýyl doldy («Mydam taýýar» gazeti).


BERKELMEK, 1. Gitdigiçe berk bolmak, has berk, pugta bolmak, pugtalanmak, bekelmek.

Parahatlyk barha berkelsin («Mydam taýýar» gazýeti).

2. Has gatalmak, gaty bolmak.


BERKEMEK, 1. Gaty bolmak, gatamak, bekemek.

Odun döwmekden, kartoşka artmakdan, gazan, gap-gaç ýuwmak-dan berken elleriň ýanynda Şemsiýäniň eli göýe pamyk içinde saklanan ýalydy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Berk bolmak, durnukly bolmak, pugta bolmak.

Gurban jogap berdi bakyp şadyýan: — Dostlugymyz barha berker arada («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BERKIDILMEK, 1. Pugtalanmak, mäkämlenmek. Pugta berkidilen ramalaryň, pola goýulýan bölek-bölek tagtalaryň örän köpüsini wagondan düşürdim («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Güýçlendirilmek, kuwwatlandyrylmak. Goşun bölümleri berkidildi.

3. Biriniň ygtyýaryna, garamagyna berilmek, birine tabşyrylmak. Şu tema maňa berkidildi. Uçastoklar brigadalara berkidildi.


BERKITME, 1. Bir zadyň önüni almak, gabamak, tutmak üçin desga, bent.

Men bolsa berkitmeler salmak üçin maşynlary derýanyň kenaryna äkitmek gerek diýýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Goranma serişdesi, goranmak üçin gurlan desga.

Duşmanyň galaýydan, çoýundan ýasan berkitmesi çym-pytrak edildi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


BERKITMEK,  1. Mäkäm, berk bolmagyny gazanmak,gataltmak.

2. Pugtalamak, mäkämlemek, baglap daňmak. Relsi şalmana berkitmek. Simiň bir ujuny stola berkitmek. 3. Kuwwatly etmek, durnukly etmek, güýçlendirmek. Kulaklar, baýlar bilen dikleişp, kolhozy berkitdik (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

4. Gözegçilik etmek üçin birine tabşyrmak, ýolbaşçylyk etmek üçin biriniň garamagyna bermek. Ony iki aý dowamynda oňat işleýänleriň birine berkitdiler.


BERKIŞMEK, 1. Has gatamak, has dykyzlanmak, bekişmek.

2. Has berk bolmak, has pugtalanmak, has güýçlenmek. Bizde uly söýgi ol beýik halka, Berkişer dostlugmyz arkaba-arka (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Onuň şu pikiri ylaýta-da soňky günlerde berkişýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BERKLEMEK, 1. Pugtalamak, mäkämlemek, berkitmek. Serpik bagyny daň, üzük bagyny berkle! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Biriniň bir zady başga birine habar bermezligini, aýtmazlygyny gazanmak.


BERKLENMEK, 1. Pugtalanmak, mäkämlenmek, berkidilmek. Jaýyň gapylary berklendi.

2. Biriniň bir zady aýtmazlygy, habar bermezligi gazanylmak.


BERKLETMEK, 1. Daňdyryp pugtalatmak, mäkämletmek.

2.Duýp tutdurmak, durnukly etdirmek.


BERKLEŞDIRMEK, 1. Has berk etmek, pugtalamak.

2.Esas tutdurmak, duýp aldyrmak, ornaşdyrmak, pugtalaşdyrmak. Raýonyň maldarlary özleriniň geçen

maldarçylyk ýylynda gazanan üstünliklerini berkleşdirýärler («Sowet Turkmenistany» gazýeti).

3.Guýçlendirmek, kuwwatlandyrmak,  gurplandyrmak. Inçekesel bilen kesellemeklige garşy göreşmekde organizmi umumy berkleşdirmegiň uly ähmiýeti bar (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasьg we fiziologiýasy).Ertir ir bilen bedenterbie etmek saglygy berkleşdirmekde uly rol oýnaýar.


BERKLEŞMEK, 1. Has berk bolmak, gatamak, pugtalanmak, mäkämleşmek.

Gurply goluň bilen gurulan bina, Berkleşip öwrüldi bir sarsmaz gala (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

2. Esas tutmak, düýp tutmak, ornaşmak, pugtalanmak. Kolhozda zähmet düzgün-nyzamynyň berkleşendigini belledi («Kolhoz günleri»). Bu doganlyk, dostluk barha berkleşsin (R. Seýidow, Bagtlylar).

3. Güýçlenmek, kuwwatlanmak, gurplanmak. Kolhozyň köp taraply hojalygy barha berkleşýär we ösýär («Bahar»).


BERKLIK, Gatylyk, mäkämlik, pugtalyk, çydamlylyk. Onuň berkligi dogry, ýogynlygy nähili? («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


BERMEK, 1. Birine bir zat gowşurmak, tabşyrmak. Doktoryň beren dermanynam-a içmänsiň! («Sowet edebiýaty» žurnaly). «Ýatana berseň — maňa ber» — diýip, ene kellesini ýassyga goýdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Berenden al, urandan gaç (nakyl).   Sorap berenden, urup ber (nakyl).

2. Tabşyrmak (ekzamen, zaçýot hakda). Studentler fizikadan ekzamen berdiler.

3.Kömekçi işlik funktsýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýar.

Gürrüň bermek, sorag bermek, azar bermek, ganalga bermek we ş. m


BERHIZ [berhi:z], Keselliniň özüne ýakýan zady iýip--iýmezlik düzgüni, dieta. Pökgen doktoryň dermanyny içip, hem onuň aýdan berhizini tutup, kemsiz sagaldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BERHIZLI [berhi:zli], Berhiz tutýan, berhiz saklaýan. Berhizli adam.


BERÇ, Kesel zerarly bedende galýan duwun.

<> B e r ç bolmak—1) duwun galmak, gatap galmak. Keljäniň ady Çaşçyň ýüreginde bir tike berç bolup galdy(A. Gowşudow, Mähri—Wepa);   2) halys irmek, bizar bolmak. Gurt şu jenaýatly kärinden halys berç bolan bolmaga çemeli (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BERÇIKMEK, Bir zatdan irmek, bizar bolmak* (iýmit hakda.). Ol birsyhly ýagly nahar iýip berçigipdir.


BERÇIN, teh. Metal böleklerini biri-birine berkitmek, seplemek üçin ulanylýan ýörite bolt ýa-da metalyň

içinden geçirilip, iki tarapy hem epbeşlenen demir.       


BERÇINLEMEK, Çuýuň epenekden çykyp duran ujuny epbeşlemek, berçin bilen berkitmek.


BERÇINLENMEK, Berçin bilen berkidilmek. Ol göýä agzy berçinlenip gapaklanan gazan ýaly, okopyň I içinde demigip otyr (O. Gonçar, Baýdak göterijiler).