BEN

BEÝA


BENDE, kön.s. 1. «Hudaýyň» guly (öňki wagtlarda adamlar tebigatyň güýjüne «hudaý» diýip düşünip, özlernni şonuň guly hasaplapdyrlar). Ýigitlik «hudaýy», eý Amur, bil, men seniň sadyk bendäň boldum her sagat (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Alyhezret, biz siziň nöker ýaly wepaly bendeleriňiz (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Görogly bir ýazyklyja bendedir («Görogly» eposy).

2. Pahyr, pukara, garyp.

Bu bendäniň sadalygyny görsene («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BENDELIK, kön. s. Bendäniň ýagdaýy. Aýtsana: — Ne gördüň sen bendelikden, Gutargyn janyňy şermendelikden (Mollamurt, Saýlanan eserler).


BENDI, Azatlykdan mahrum edilen adam, goly bagly ýesir, tussag.

<>Bendi bolmak — bütinleý berilmek, aşyk bolmak. Ol sotsialistik obanyň täze görküne bendi boldy («Kolhoz günleri»).


BENDILIK, Bendi bolmaklyk, bendiniň ýagdaýy.


BENDIWAN [bendiwa:n], Garaşyp duran, bagly, intizar.

Bendiwany bolup, galdym, Bir kaddy daly näzliniň («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Ýeri, ynha ertir munuň üçin şiimizi bendiwan etmeli boljak-da! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Teni gök gabarçyk ýalaňaç ynsan Faşistiň öňünde bolup bendiwan, Barýar, gara batýar akja aýagy (A. Atajanow, Iki poema).


BENZI'N, Nebiti täzeden işlemek netijesinde alynýan renksiz suwuk ýangyç.

Maşynyňy sürüp prawleniýäniň işigine bar, benzini az göterme (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Benzin ysy burnumyza urýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BENZOBA'K, Benzin guýulýan bak, gap.


BENZOKOLO'NKA, Benzin almak üçin ýörite abzallaşdyrylan ýer, benzin kolonkasy.


BENZO'L, Kömri kokslamak ýoly bilen alynýan reňksiz suwuk ýangyç (partlaýjy madda, derman we boýag taýýarlamak üçin ulanylýar).


BENT I, edeb. Goşguda: sazlaşykly gelýän belli bir setirleriň toplumy, strofa. Diňe bir bentden ybarat bolan «Söýgülime» diýen goşgyny okap göreliň!


BENT II, 1. Derýalarda, kanallarda suwuň derejesini ýokary galdyrmak we bölüşdirmek üçin gurulýan gidro-tehniki gurluşyk.

Üýtgedýäris derýalaryň ýoluny, Bentler salyp, gurýas ajaýyp GES-ler (A. Haýydow, Gök asman). Bent gurmak üçin ýedi ýarym million riýal goýbermäge kim saňa ygtyýar berdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). 2. Böwet, päsgel, kynçylyk.

Siz ,meniň ötsüme bent gurjak bolýarsyňyz (B. Pürliew, Ilkinji gün). Duşmanlar öňüňde bent almasyn, tabşyran zatlaryňy aýdyşyň ýaly ederin, gelinçäň jaýyňy abat saklaryn, bagyňy har etmen — diýip, Wepany ugradypdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

<> B e n t bolmak — daňylmak, baglanmak. Bent bolan zynjyrly gollar açylýar (A. Kekilow, Saýlanan eser-ler).

Bent etmek — daňmak, baglamak, beklemek. Gyratyň bent eder ýoluň, Garamarsyň sagy-soluň («Görogly» eposy). Bara-bara, aýajygym bent etdi, Gerdenime pelek urdy neşäni (Mollamurt, Saýlanan eserler). Oňa görä-de ýer eýeleri erkin smerdleri bent edipdirler we gul ýaly ekspluatirläpdirlep (SSSR taryhy).


BENTLEMEK, 1. Bent gurmak.

2. Bewet bolmak, päsgel bermek.

3. Bent etmek, bagly edip goýmak, daňmak.


BENTLENMEK, 1. Bent gurulmak. Bentlenmedik jarlara inen suwlar-da oba gidýän uly ýaba syrygyp, aşaky saka agram saljakdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Baglanyp galmak, daňylmak. Ol bir zada bentlenip galdy.


BENUAF, teatr. Ložalaryň parteriň deňindäki iň aşaky ýarusy.