BEÝ 

BEÝA


BEÝ, Närazylygy, gynanmagy aňladýan ümlük.

Beý, indi men suwam içmäýinmi? (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyn gyzy).


BEÝEWAN [beýewa:n], kön. s. Giň çöl meýdan, düz.

Ýüzün tutup beýewana, Bu kiçijik kerwen barýar (Çary Aşyr, Poemalar). Tutdurmaz sen, tor guşum, beýewana çykar sen, Albaý bulap çagyrsam, şuňkarym sen gola gel («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Ol beýewan hakynda, goýunlaryň häsiýeti hakynda gürrüň berdi.


BEÝEWBAR [beýewba:r], Megerem, birden, belki, bardy-geldi, eger, aňružy.

Beren ýaşliklerimi saklap bilmeseler, beýewbar birini-ikisini kemeldäýseler, tölederin (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Be, men nähili iş etdim, nehak gana galdym, beýewbar ölmedik bolsa, ony gidip çykaraýyn. Beýewbar bäş-üç gün galmaly bolaýsaň, hor bolma, puly gaýgyrman sow! (B. Kerbabaew, Aýgytly Ädim).

BEÝGELMEK, 1. Kem-kemden ýokary galmak, barha beýik bolmak.

Baýyrlar öňküsinden beýgelen ýaly, şähere golaýlaşan ýaly bolup görünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Haýbat atyp oturan äpet Köpetdagyň iň beýgelen ýeriniň garşysynda uly oba uzalyp otyrdy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. Işde ösmek, ýokary çekilmek, wezipäň boýunça ulalmak.

3. Gitdigiçe güýçlenmek, gatalmak.

Oýunçy gyzlaryň sesi beýgelýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BEÝGELTMEK, 1. Öňküsinden ýokary galdyrmak, beýik etmek.

Posioloklaryň arasynda aragatnaşyk gum dökülip, beýgeldilen darajyk ýodajyklar arkaly saklanylýardy (Gadymy dünýä taryhy).

2. Birini işde ösdürmek, ýokary çekmek, wezipesi boýunça ulaltmak.

3. Gataltmak, güýçlendirmek. Patefonyň sestsni beýgeltmek.


BEÝI, Daşy tüýjümek, alma  meňzeş mylaýym ysly miweli agaç we onuň miwesi. 

Ol almany beýi agaJyna sapdy  («Mydam taýýar» gazýeti).


BEÝIK, 1. Aşakdan ýokaryk uzalyp giden, ýokary göterilip duran, belent.

Köpetdagyň beýik gerşinde gar ýalpyldap görünýärdi («Pioner» žurnaly). Maşynymyz bir beýige çykyp, bir pese düşüp, oýluk meýdanyň kesesinden girdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Bular şol gidip baryşlaryna, öňlerinden bir beýik depe çykan («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

2.Ähmiýeti ägirt uly bolan, abraýly, görnükli.

Biziň,güýjümiz, biziň ýurdumyzyň halklarynyň beýik dostlagyndadyr.(N. S. Hruşew. Pagtanyň öndürmlişini myndan beýläkde artdyrmak ugrunda). Taryhyň bezegi,eý beýik ynsan ,Guwanýar adyňa zähmet dünýäsi (A.Kekilow. Saýlanan eserler). Beýik maksat tutduk biz, uly bagta ýetdik biz (läle).


BEÝIKLIK, 1. Beýik ýer, belentlik. Dagyň etegi giden beýiklikdi.

2.Belentlik derejesi, ýokary galyş möçberi.

Ýarym puta ýakyn barýar agramy, Beýikligi metr — bir goýun hamy, Özüň bilmän,horluk gördüň telpekden (Mollamurt, Saýlanan eserler). Haýatyň beýikligi üç metr. Dagyň beýikligi.


BEÝIKLI-PESLI, Beýiklik ýa peslik taýdan bir-derejede bolmadyk, tekiz däl, çarkandak.

Relýefi beýikli-pesli bolan daglyk raýonlarda mal güýji aýratyn uly ähmiýete eýedir («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Ol dürbi bilen beýikli-pesli ýerleri gözden geçirýärdi («Pioner» žurnaly). Beýikli-pesli baýyrlar, depeler, alaňlar ýaşyl mahmal ýapynan ýaly göm-gök öwüsýär (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BEÝLE, 1. «Munuň ýaly, onuk ýaly, şunuň ýaly, eýle, şeýle» diýen many aňladýan görkezme çalyşmasy. Beýle suwy içmek bolmaz, ony arassalamak gerek (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat). Ýok, Gurban, beýle ýaşap bolmaz («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Şeýle bir, onçakly.

Beýle açyk däldi Gülleriň şähdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BEÝLEKI, Başga, eýleki, gaýry, özge.

Men hem gyrkylygyň beýleki taýyny uzyn taýagym ujuna daňyp berkitdim. Ol okuwda öz ene dilinden beýleki predmetlerden örän kynlyk bilen üçlük, dörtlük almagy başarýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Türkmen dilinde köp bogunly sözleriň belli bir bogny beýleki bogunlaryna garanda güýçlüräk aýdylýar.


BEÝLELIGINE, Beýle tarapa, ters tarapa, eýleligine.

Mämmetweli leňňeç ýaly, derrew beýleligine döndi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BEÝLÄK, Beýle tarapa, bu gapdala, ol ýere.

Bagşy aga, ine şu köçe bilen gitmeli, beýläk dolanmaly, eýläk dolanmaly — diýip, köçesine we howlusynyň gabsasynyň reňkine çenli salgy berdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). «Krugom» komandasy berlende, ýarysynyňky ýüzi eýläk, ýarysynyňky beýläk öwrüldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Mundan beýläk — Mundan beýläk mende şeýle zat bolmaz — diýip, Bäşim ýuwaşja seslendi (J. Akyew, Mergeniň ogly).


BEÝNI, 1. Adamlaryň, haýwanlaryň kellesinde ýerleşýän goýy massa görnüşli merkezi nerw sistemasynyň organy.

Pikirlenme — bu ýokary guralan materiýanyň önümidir; hut beýniniň önümidir (S. N. Winogra-dow, A. F. Kuzьmin, Logika). Kelle beýnisi akyl organydyr — diýip, beýik rus alymy I. P. Pawlow subut etdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly}.

2. göç. m. Aň-düşünje, akyl.

Ol gyzgalaň arasynda beýnisine giren dürli oýlary durlap geçirip bilmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Beýin çanak — kelle beýnisiniň daşyndaky gaty süňk.

Beýnisi bekemek — aň-düşünjesi, akyly ösmek.

Emma beýnisi beken ýerinde tapan gylyk-häsiýetleriniň agramy onda saklanypdyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Beýnisi b o ş — ýeňilkelle, akylsyz.

Özi ýaş, beýnisi boş (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

Beýnisi çaýkanmak — beýnisi sarsmak, akylyna şikes etmek, beýnisi üýtgemek.

Beýnisi ýuka — akyly az, kemakyl. Beýnisi ýukarak birini tapaýyn («Görogly» eposy).


BEÝT, edebi. Iki setirli goşgy düzüliş formasy.

Bu beýitler oba mekdebinde hut Wepanyň özüniň tarapyndan düzülen Watan hakyndaky aýdymjygydy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BEÝTMEK. Beýle etmek, beýle bolmak, şeýle etmek. Arman,

Gülsoltandaky päk ýürek beýtmäge ýol bermeýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Olar näme üçin beýtdilerkä? — diýip, olaryň raýyny aňlamak üçin, özi bil.mediksirän bolup sorady (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Beýtmek gerek däl, janym! (M. Gorьkiý, Ene).


BEÝHUDA [beýhu:da], Biderek, boş, netijesiz.

Beýhuda sözleriň toplumyny dört setire duzeniň bilen goşgy emele gelmeýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Durdy olaryň beýhuda, toslama sözlerini eşidende, maňlaýyny tutdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bu beýhuda, bimany gan dökülişleriň tizräk daýandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy (Aýbek, Nowaýy).


BEÝHUŞ [beýhu:ş], Özünden giden, huşsuz galan, huşsuz.

Ol ys Nursoltani beýhuş etdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ony agaja baglap, tä beýhuş bolýança urup, soňra ýola salypdyrlar (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Aýnanyň müşk ýaly kükeýän ysy Artygy beýhuş etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).