BET

BEÝA


BET I, 1. Ýaman, erbet, pis, hyrsyz. Ýolli gaty bet adam, ol tüýs garaýürek (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Getiripsiň gös-göni Meni bet hyýal bilen (M. Seýidow, Gijeki myhman).

2. Ýakymsyz, garagol, guduz, tertipsiz (adama, gylyk-häsiýete we ş. m. degişli). Ol goýup bilmedi bet gylygyny, Öňden endik eden ýaltalygyny (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik).


BET II, Köplenç sözüň öňünden goşulyp otritsatel many berýän goşulma. Betniýetliligiň haýran edýän alamaty (Şekspir, Otello).


BETBAGT, Bagty gara, işi şowsuz, bagtsyz, gara-bagt. Özümden uly aýal doganym betbagt boldy (M. Gorьkiý, Ene), Hassany betbagt edersiňiz (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly). Hop, duruber, bu betbagtyň-a dilini tapyp ugrandyryn! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BETBAGTLYK, Işi şowsuzlyk, bagty garalyk, bagtsyzlyk, garabagtlyk. Bu işiň netijesiniň betbagtlyga alyp barýanlygyny bilýän (A.P.Çehow, Saý1anan eserler). Bu betbagtlygyň hemmesiniň sebäbi näme? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BETBAGTÇYLYK, ser. Betbagtlyk.

Mongollaryň tozduryjylyklary Rus üçin aýylganç betbagtçylyk bolupdyr (Orta asyrlar taryhy).


BETGELŞIK, Erbet görnüşli, owadan däl, gelşiksiz görnüksiz, şekilsiz. Nätanşyň öýi garypdy we betgelişkdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Şäheriň keşbini betgelşik edýän şu beýik haýatlar («Sowet edebiýaty» žurnaly),


BETGELŞIKLIK, Owadan dällik, erbet görnüşlilik, gelşiksizlik, görnüksizlik, şekilsizlik.


BETGÜMAN [betgüma:n], Göwnüne güman getirýän, bir zadyň dogrudygyna ynam etmeýän, düýpli ynanmaýan, müňkür.

Şeýle asylly gözel hanym öz gaýyn enesi hakynda betgüman bolmaga onuň näme haky bar? (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BETGÜMANLYK [betgüma:nlyk], Göwne güman getirjilik, düýpli ynanmazlyk, müňkürlik.

Bossan öz hojaýyny Meždeddini birinji görende, oňa betgümanlyk edipdi, ikiçäk uçraşan wagtlarynda onuň gözüne garamaýardy (Aýbek, Nowaýy).


BETGÜMANÇYLYK [betgüma:nçylyk], ser. B e t g ü-m a n l y k.

Indi bolsa mende şeýle betgümançylyk bar (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).


BETGYLYK, Erbet häsiýetli, gylygy ýaman, gylyksyz. Ol, gotraky, çagaly, betgylyk Ballynyň keşbini ýadyna salanda, ýüregi bulanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BETER, 1. Ýaman, erbet. Seniňkiden beter jenaýat etdimmi? (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). 

2. Güýçli, örän, gitdigiçe, has.   Mährijamalyň ýüreginde Wepa bolan  söýgi has beter joşýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

<> Bäş    beter — has beter, has ýaman.


BETERDEN-BETER, Has ýaman, örän erbet. Beterden-beteri bolýar.


BETERLEMEK, 1. Öňküden erbet bolmak, has beter bolmak, gaýra üzülmek, keseli agyrlaşmak. Dostumyň keseli beterläpdir.

2. Has güýçlenip başlamak, güýjemek.

Onuň geplemezligi şondan soň has beterledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BETERLENMEK, 1. Öňküden erbetlenmek, ozalkydan beterleşmek, gaýra üzülmek.

Saglygy gitdigiçe beterlenýärdi.

2. Barha güýjemek, gitdigiçe güýçlenmek.


BETERLETMEK, 1. Beter etmek, erbet etmek, gaýra üzdürmek, agyrlatmak.

2. Güýçlendirmek, güýjetmek. Gaharyny beterletmek.


BETERLEŞMEK, 1. Öňküden erbetleşmek, has ýamanlaşmak, keseli agyrlaşmak, gaýra üzülmek. Aýagymyň çrasy beterleşipdir.

2. Öňküsinden güýjemek.

Salgytlaryň agyrlygy, çinownikleriň kast etmekleri beterleişpdir (Orta asyrlar taryhy).


BETLAGAM, kön. s. Betgylyk, bethäsiýet, jabjynagan.

Betlagam ýere barandan, gazylgy göre bar (nakyl).


BETLIK, 1. Erbetlik, ýamanlyk.

Päliniň betligin Ailar hem bildi (B. Kerbabaew, Aýlar).

2. Garagolluk, ýakymsyzlyk. Çagalaryň betlik etmegine ýol bermäli.


BETNAM [betna:m], kön. s, Ýaman atly, masgara, wejera.

Işan, hojalar meni halk arasynda betnam hem edýärler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol, iliň-günüň içinde dile düşdi, betnam boldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aýtsaňyz-la, indi men şeýle betnam

bolup galybermeli bolarynmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men Eýran aýallaryny betnam eden çadralary sypyrdym (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BETNAMLYK [betna:mlyk], Ýaman atly bolmaklyk, masgaralyk, wejeralyk.


BETNEBIS, Öz peýdasyna çapýan, nebsine buýrup bilmeýän, nebisjeň, açgöz. Betnebis adam.


BETNEBISLIK, Öz peýdaňa çapmaklyk, nebsiňe buýrup bilmezlik, nebisjeňlik, açgözlülik.


BETNIÝET, Ýaman niýet, erbet päl, erbet maksat, garaýürek.

Bu betniýetini durmuşa geçirmek üçin köp puly harç etmekden-de çekinmeýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Betniýet päliýamanlar ýansyn, örtensin köýüp (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


BETNIÝETLI, Ýaman niýetli, erbet maksatly, gara ýürekli, ýaman pälli.

Araçäkden geçirmeris betniýetli nejisi (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


BETNIÝETLIK, Erbet pikirde bolmaklyk, ýaman maksat tutmaklyk, ýaman niýetlilik, gara ýüreklilik, betpällik.


BETNYŞAN [betnyşa:n], Keşbi erbet, betgelşik, gelşiksiz, elhenç, betsypat.

Bu betnyşan sypatlaryň gözümden gitdigi bolsun (Çary Aşyr, Poemalar). Betnyşan faşistler zerarly ýüregi ýaraly galan ýeke sen däl ahyry (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BETNYŞANLYK [betnyşa:nlyk], Gelşiksizlik, erbet görnüşlilik, elhençlik.


BETO'N, Tsement, çäge we ownujak çagyl garylyp doňdurylýan gurluşyk materialy. Çägeden, çagyldan we tsementden bolan şeýle materiala beton diýilýer (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


BETONLAMAK, Beton guýup berkitmek.


BETONLANMAK, Beton bilen berkidilmek.


BETONOMEŞA'LKA, Beton taýýarlaýan maşyn. Elektrik bilen işleýän tegelek byçgy, iňňildäp seslendi, nirededir bir ýerde betonomeşalka şakyrdap işlemege durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BETONÇY, Beton işinde işleýän işçi, spetsialist. Ol ýere Ukrainadan betonçylar geldiler («Pioner» žurnaly). Baş sakaň betonçy gyzlary ýaly, Hyjuwly bedeni gujurdan doly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BETPÄL, ser. B e t n i e t.

Oturanlaryň gahar-gazap ody bilen ýanýan gözleri Elliniň betpäl mysalasyna dikilipdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Düýnki çopan oglunyň hem niýetiniň parahatçylykdygyny betpäl imperialistler bilsinler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BETPÄLLIK, ser. Betnietlik.

Heý, peläketler, siz ýaş başyňyzdan betpällik edýämisiňiz? (B. Kerbabaew, Japbaklar).


BETPÄLÇILIK, ser. Betnietlik.

Imperialistleriň uruş oduny tutaşdyrmak ugrundaky betpälçiliklerini gahar-gazap bilen paş etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BETSYPAT, ser. Betnyşan.


BETHA [betha:], Ýakymsyz, garagol, gykylykçy, galmagalçy. Betha gylyk-hesiýet. Betha adam.


BETHALYK [betha:lyk], Gykylykçy bolmaklyk, ýakymsyzlyk, garagolluk, galmagalçylyk.

Bethalyk etmek. Bethalygy bes etmek.


BETHÄSIÝET, Ýaman häsiýetli, häsiýeti erbet, betgylyk. Bethäsiýet mal.


BETHÄSIÝETLIK, Ýaman häsiýetlilik, häsiýeti erbetlik, betgylyklyk.