BEL

BEÝA


BELA [bela:], 1. Horlukly dert, howp, betbagtlyk.

Ýaltalyk adama nähili belalary we zyýanlary getirýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Akmaga öz dilinden dürli bela gelermiş (A. Kekilow, Saýlanan eserler)Päl azman, başa bela gelmez (nakyl).

Seresap gep daşa gala, biseresap gep başa bela (nakyl).

2. “Merez”diýen manyda ulanylýan sögünç sözi.

<> Bela ýaly - hemme zatdan baş çykaryp bilýän, dogumly, işeňňir Bela ýaly adam.

Belanyň körügi—-hemmesini edýän, sebäpkär. Belanyts körügi — Baýram ýegenimiň Selbini aljak bolýandygyny menden görüp, içiniň köýgünjini menden çykarmak isleýär (N. Jumaew, Ak derek)

Belanyň körügi — şol naçalьnik sumak bolup ýören wolostnoýda (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Belanyň o k y — gargyş. Giç ekseň ekini, alarsyň belaň okuny.(N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Tebigy bela —ýer titremek, suw basyp heläk bolmak we ş. m. Zerarly halkyň başyna düşýän howp. Tebigy bela — ýer titremesi zerarly agyr zyýan çekildi («Pioner» žurnaly)

Şu b e l a — örän köp, köp haýyş edip, şunça.Şu bela ýalbarýaryn hem weli, şol öz ugruňyza ümdüzüne

tutduryp otyrsyňyz (G. Muhtarow, G. Sioýitliew, Bagbanyn gyzy).


BELA-BETER [bela:-beter], 1. Howply zat, elhenç zat,! betbagtçylyk, erbetlik.

Ähli bela-beter dep bolsun, («Tokmak» žurnaly). Bu gezişde her hili bela-betere duş gelýärsiň — diýip, Hojaguly kyh-kyh edip güldi. (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bela-betere sezewar bolmazlygyň gamyny iýmek gerek («Sowet edebiýaty»' žurnaly).

2. Köne-küşul, hapa-hupa, zir-zibil.


BELA-KAZA [bela:-kaza:], ser.  Bela-beter  1. Gowaçany indi hiç bir bela-kazanyň biziň elimizden aljak gümany ýok (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BELGI, 1. Bir zady alamatlandyrýan nyşan; bellik;. alamat.

Oglunyň ýakasynda kiçi komandirlik belgisi bar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Goçmyradyň ýüzündäki gülumsiremek belgileri aýryldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Kapitan-da onuň kartasyndaky belgileri özüniňki bilen deňeşdirdi («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. Okuwçylaryň, studentleriň bilim alyş, ony özleşdiriş derejesine berilýän baha.

Oňat, belgiler alyp, özüňe gep getirme (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Biz okaýan kursumyzy oňat belgiler bilen gutardyk (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

3. gram- Punktuatsiýa degişli alamat. Ýazuwda sorag sözleminiň yzyna sorag belgisi (?) goýulýar.


BELGILEMEK, Bir zada belgi, nyşan, alamat goýmak, bellik etmek.

Ilki başda müsürliler her bir sözi aýratyn belgiler — suratlar bilen belgiläpdirler (Gadymy dünýä taryhy).


BELGILENMEK, Bir zada belgi, nyşan goýulmak bellik edilmek, alamatlanmak.

XIX asyrьщ ýigriminji ýyllarynyň başlary Günbatar Ýewropada rewolýutsion we milli-azatlyk hereketiniň täzeden ýokary göterilmegi bilen belgilendi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


BELGILETMEK, Bir zada belgi, nyşan goýdurmak, bellik etdirmek, alamatlandyrmak.


BELGILEŞMEK, Bir zada belgi, nyşan, alamag; goýuşmak.


BELENT, 1. Beýik, ýokary.

Iwan Timofewoiç belent ýere çykyp, töweregine nazar saldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädnm). Indi göz aýlasak ol ýatan çöle, Belent ymaratly gözel şäher bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir bar eken, bir ýok eken, bir belent dagyň gaýasynda bir garga özüne höwürtge ýasap ýaşaýar ekeen («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

2. Dabaraly, abraýly. Ýaşasyn biziň belent maksadymyz (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Mertebesi belent adam. ada mynasyp bolmak.

3. Örän ähmiýetli, möhüm, Hümmetiň belentdir, garaň kiçijik. (Mollamurt, lanan eserler).

4. Ýokary, inçe, gaty (ses). Birdenkä padionyň belent owazy ýaňlandy (B. Pürliew, Ilkinji gün). Sözlemde soragy aňladýan söz belent heň bilen ýaňlanýar.


BELENTLIK, 1. Beýik ýer, beýiklik.

Ol 600 m belentlige ýokary galypdyr (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).

2. Durmuşdaky ösüş derejesi, ýokary galyş, ýokary göteriliş. Kiew döwleti Ýaroslaw wagtynda hem kuwatlylyk boýunça, hem medeniýetiň belentligi boýunça Ýewropanyň döwletleri arasynda görnükli orun tuutudyr (SSSR taryhy).


BELENT-PES, Beýikli-pesli. beýik-pes.

Ýylgynlyk, sazaklyk belendi-pesi («Sowet edebiýaty» žurnaly).Traktor ýaňladyp belendi-pesi, Howlugýar taraza basym ýet diýip (N. Pomma, Saýlanan eserler)


BELENTLI-PESLI, ser. B e ý i k l i-p e s l i.

Uzynly-gysgaly, belentli-pesli, Manysy azajyk, sözi ep-esli (Mollamurt, Saýlanan eserler). Gözleri ýiti, özi golça ýaly, kiçijik bir ofitser öz nökerlerine, belentli-pesli hatara telpeklere göz gezdirenden soň, inçemik ses bilen öz dilmajyna igendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BELET, Birini, bir ýeri, zady ýa-da bir wakany, ýagdaýy gowy bilýän, tanaýan.

Ýola belet garry at guýrugyny şuwwuldadyp, göni şol aýryda tutdurdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Wepa özleri bilen bir klasda okaýan gyzlaryň hemmesiniň hatyna beletdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ýoldaş general, men bu ýerlere gaty belet («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BELETÇILIK, Bir zady, ýeri ýa-da birini gowy tapyp bilmeklik, bir zat bilen gowy tanyşlyk.

Bular ikimi, ýekemi, onçasyna beletçiligimiz ýok (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BELILA, 1. Suwda eremeýän ak mineral boýag.

2. Grim- we kosmetika üçin ulanylýan ak boýag.


BELIŇ: beliň bermek — bizar etmek, irizmek, ýadatmak.

Tüýliniň sözüni makullan bolup, oňa beliň berdi (N. Pomma, Sebäbini son bildim). Meniň bilen salamlaşmagy we görüşmegi bahana edip, ejesine belin, bermäge gelen ekeni (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BELKE, Ýuka ýaýylyp kesilen hamyr böleklerinden bişirilýän nahar.

Içi etli ýagly belke bukurdagyndan durman geçdi («Kolhoz günleri»). Gül olaryň öňüne gatyksyz, nansyz belke goýupdyr (Myraly).


BELKELIK, Belke üçin niýetlenen, belke üçin taýýarlanan.


BELKEM, ser. B e l k i. Belkem, siz söýgüli aýalyňyzy başga hili diýip hasaplaýansyňyz (Şekspir, Otello). Belkem, garbak-gurbak ederis («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BELKI, Bir zadyň boljagyny ýa-da bolmajagyny anyk bildirmän, ikuçlulygy aňladýan giriş sözi.

Belki, arzym kabul edersiň! (B. Kerbabaew, Aýlar). Belki, ol hem seniň bilen göwündeşdir (B. Kerbabaew, Aigytly ädim). Belki, sen, ýadyňda. owal ýazypdym, Atyjylyk nyşanyny alanmy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

BELLEMEK, 1. Bir zadyň ýüzüne bellik etmek, nyşan  goýmak,  alamatlandyrmak. 

2.  Bir zady takyklamak, režime girizmek, düzgünleşdirmek.

Mekdep okuwysynyň durmuşynda kadaly tertibi bellemek-de örän möhumdir.

3. Birini bir wezipä, işe goýmak. Ýerlere episkoplary we abbatlary bellenlikleri üçin, olar köp nullar alypdirlar (Orta asyrlar taryhy). Mary oblastyna belläpdirler (B. Pürliew, Il-gün). Ol adamlary işe   belläpdirler.   

4.Bir üstünligi dabaraly wakany ýatlamak.

Pionerler I. W. minuniniň, doglan gunüniň 100 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýarlanýarlar («Mydam  taýýar»  gazýeti). 

5. Üns bermek, nygtap görkezmek. Şunuň bilen birlikde, XVIII asyr türkmen medenietinde Magtymguly ýaly progressiw şahyrlaryň bolandygyny-da aýratyn bellemek gerek («Edebiýat»).


BELLENMEK, 1. Bir zadyň ýüzüne bellik edilmek, nyşan goýulmak, alamatlanmak.

2. Režime girizilmek, takyklanmak, kanunlaşdyrmak, düzgünleşdirmek. Izmail şäheriniň sebitinde hem şeýle zawod gurmaklyk bellendi («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

3. Wezipä, işe goýulmak. Sekiz adamdan ybarat döwekçiler brigadasy düzülip, brigadanyň ýolbaşçysy hem Sähet bellendi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. Bir üstünlikli, dabaraly waka ýatlanmak, görkezilmek.

Beýik şahyr Magtymgulynyts 225 ýyllyk ýubileýi bellendi.

5. Özüňi tanatmak, ile mälim bolmak. Ol uly ile bellenipdir.

6. Üns berilmek, nygtalyp görkezilmek.


BELLENTGI, Erbet häsiýet. ýaman gylyk bilen ýakasyny tanadan.

Bu burunlak adamynyň pis häsiýetleri gospitalda ýaşaýanlaryň hemmesine mälim bolan bellentgi adam ekenligini Gurt azajyk, soň bildi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BELLETRI'ST, Belletristka eserleriniň awtory.


BELLETRISTIK, Belletristika degişli bolan, belletristika has bolan. Belletristik usulda ýazylan edebi eser.


BELLETRI'STIKA, Proza bilen ýazylan çeper edebiýat.

Şahyr ol zamanyň rus belletristikasyndaky meýilleri belleýär (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


BELLEŞDIRMEK, Hemmesini belläp çykmak, bellik goýuşdyrmak, nyşan goýuşdyrmak.

Ot ýatyrmagyň iň möhüm isleglerini düşündirip, olaryň kolhozdan bitmeli isleglerini bloknotyna belleşdirip, olar bilen hoşlaşdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BELLEŞIK, Öňünden gepleşmeklik esasynda edilýän gürrüň, ylalaşyk, wadalaşma.

Olar özara belleşik etdiler.


BELLEŞMEK, 1. Biri bilen bir zat hakynda öňünden gepleşmek netijesinde belli bir ylalaşyga gelmek. Belleşeliň şunda daňyň ataryn (A. Nyýazow, Şygyrlar). Biz belleşilen ýere bardyk (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Biz sagat altyda duşuşmagy belleşdik.

2. Bellik edişmek, bellik goýuşmak.


BELLI, 1. Mälim bolan, hemmelere äşgär, aýan bolan. Çehleriň kümüş çykarýan magdan ojaklary belli bolupdyr (Orta asyrlar taryhy). Belli boljagyny bilýärin (J. Akyew, Mergeniň ogly). Bize belli bolan papiruslaryň iň ulusynyň uzynlygy 40,5 metrdir (Gadymy dünýä taryhy). Onuň myhmanlarynyň arasyna seretmeginiň sebäbi derrew belli boldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

2. Il arasynda ady ýaýran, meşhur, tanymal. Dünýä belli papaninçi dörtlere, Hormatly kän salam Ata Salyhdan! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Mertden dogan ady belli, Görogly («Görogly» eposy).

3. Özüne mahsus bolan, aýratyn. Her bir sebäpli baglanyşyk belli şertlerde döreýär (S. N. Winogredow, A. F. Kuzьmin, Logika). Sözlem bolmak üçin sözüň belli bir mukdary hökman däldir.

4. Takyk, anyk, kesgitli. Azajyk oýlanandan soň, ol öz ýüreginde belli bir karara gelen bolmaga çemeli (A. Gowşudow, Mähri—Wepa) ,

<>Belli bahasy ýok — ser. B a h a.

Onuň çopan üçin belli bahasynyň ýokdugyny aýtdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

B e l l i s i n i   etmek— kesgitli, gutarnykly netijä gelmek, ýa eýläk, ýa beýläk etmek.


BELLI-BELLI, Aýry-aýry, aýratyn, käbir.

Emma welin belli-belli wagtlarda Mähride bir tutuklyk we tukatlyk peýda bolardy (A. Gowşudow, Eserler). Belli-belli ýerlerde tüsse barlygy heniz hem bildirýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BELLI-BETER, Has beter, aýratyn hem, has, ylaýta-da.

Nurjahanyň, soňky sözi Aşyry belli-beter hem gozgalaňa saldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýene mallaryň gysyr galanlary belli-beter-de brigadada bakylýan sürülere degişlidir («Sowet Türkmenistany» gazeti).


BELLIK, 1. ýörite goýulýan belgi, nyşan, alamat.

Hol görünýän beýik gerşiň üstünde biziň araçäk belligimiz bar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ol yz boýunça edilmeli bellikleri edip we ondan bir hili hasaplar çykaryp, soň ýene maňa ýüzlendi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kuýbyşew öz jübi depderçesindäki belliklere garap, ýigrimi-otuz ädim ýöredi-de daýandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Alnan bilime ýa-da edilýän işe berilýän baha.


BELLI-KÜLLI, Düýpgöter, gutarnykly, bütinleý.

Onuň gelmegi misgäri belli-külli dalanmakdan halas etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men baý bolmakdan belli-külli geçdim (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gurt: — Hawa! — diýip jogap bermek bilen, belli-külli hem şol gün pikire çümüp, özüni horlaýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BELOK, Haýwanlaryň, ösümlikleriň öýjükleriniň sostawyna girýän organiki madda.

Şunlukda kislorod çykyp, uglerod bolsa beloklar, ýaglar emele getirmek bilen, ösümliklerde ýygnanýar («Fizika kursy»). Işçi arylar gülde belok iýmitini hem ýygnaýarlar.


BELORUSLAR, Belorussiýa SSR-niň ýerli halky, esasy ilaty.


BELGIÝALYLAR, Belgiýanyň ýerli halky, esasy ilaty.