BEZ

BEÝA


BEZ: bez bolmak — bizar bolmak, irmek. Bir zatdan gorka-gorka bez bolmak.


BEZBELTEK, zool. Toklutaýlar- maşgalasyndan bolan hem-de möwsümleýin uçup geçýän aw guşy, Bezbeltegi dik duran ýerimden urşumy görüp: — Sen mergen bolupsyň! — diýdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BEZGEK, Bir zatdan bizar bolan, gözüniň ody alnan, iren, gaçgak.

Ozal hem siz gyz-gelinler, Wüşini ýurtdan bezgek etdiňiz! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BEZGEKLIK, Bir zatdan bizar bolmaklyk, irmeklik, gaçgaklyk.


BEZDIRMEK, Bizar etmek, ýüregine düşmek, irizmek.

Şol ynjylar ony, bir ýandan, bezdirse, beýleki taýdan, çekilmez zulumlara gazaplandyrýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BEZE, Köplenç adamyň elinde, ýüzünde emele gelýän deri keseli.


BEZEG, 1. Dürli şaý-sep, owadanlyk üçin goýulýan zatlar, nagyş.

Goý, türkmen gyzlarynyň bezeg-şaýlaryny dostlugyň nyşany hökmünde polýak gyzy boýnuna bezäp, Polşada öwşün atsyn! (R.Alyýew, Sülgüniň hatlary). Gaplaryň daş ýüzleri bezegler bilen, çukanajyklar, arça nagyşjagazlary bilen bezelipdir.(SSSR taryhy). Hramlaryň esasy bezegleri sütünler bolupdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).

2. Owadan görnüş, gelşik, görk, zynat.

Bu gyzyň ýüzünde emeli bezegden hiç bir nyşana ýokdy (A. Gowşudow, Mähri -Wepa). Gök agaçlar kolhoz obasynyň bezegidir («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Çep ýaňaga beweg berýärdi haly, Inçe, sagdyn katdy guýulan ýaly. Dürli haly bezeg berýär jaýyňa, Beýle bagt nirden düşdi paýyňa («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. göç. m. At-abraý, guwanç.

Babam, sen dünýäniň bezegi bolduň! («Sowet edebiýaty žurnaly). Kolhozym zähmetden bezeg alypdyr (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi). Taryhyň bezegi, eý beýik ynsan, Guwanýar adyňa zähmet dünýesi (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


BEZEGLI, 1. Her hili bezegler bilen bezelen, bezelip, owadan edilip  goýlan. 

Magazinleriň, kinolaryň, teatrlaryň öňi dürli çyralar bilen bezeglidir.(M.N. Skatkin,  Jansyz tebigat).

Gül pürkülen ýaly gözel bezegli otagyň içinde Minskiý oturan ekeni^ (A.S. Puşkin, Saýlanan eserler).  

2.Nagyşlanan, keşdelenen.

Nasreddin şanyň suraty bolan gülli, bezegli kese nazaryny özüne  çekdi   (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BEZELMEK, 1. Bezeg şaýlary bilen timarlanmak,-bezeg zatlary arkaly gelşik berilmek.

Ýagty çyrala haly bilen bezelen tamy gündizlige aýlandyrýardy, (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Parahat ýaşamak üçin, amatly, oňat bezelen öýjagazda ümsümlik höküm sürýän ýaly bolup görünýär («Sowet Türkmenistany» tazýeti).; Biz gözel bezelen göm-gökje ýolka agajyny görduk!-

2. Owadan görnüşe girmek.

Köçäniň iki ýanyndaky suw akýan ýapjagazlaryň gyralary ýaşyl-gök otlar bilen bezelipdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Nagyş salynmak, keşdelenmek.

Tamyň içi başdan-aýak dürli nagyş bilen bezelen (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Petir bezelen ýaly bolmak — ser. Petir.

Üljeler bişen wagtynda, bu ak heýkeller bilen haçlar edil gan ýaly çym-gyzyl nokatlar bilen petir bezelen ýaly bezelýärdiler (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


BEZEMEK, 1. Bezeg şaýlary bilen timarlap goýmak,! bezeg zatlaryny goýup gelşige getirmek.

Köp wagtdan bäri dowam edip gelýän adata göre, paýtunçylar atlarynyň boýunlaryny gotaz we dürli şaýlar bilen bezäpdirler (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Birini; ýa-da bir zady owadan görnüşe salmak, görk, gelşik bermek.

Geljekde respublikanyň paýtagtyny bezejek bu ajaýyp jaýa meniň-de zähmetimiň siňendigi baradaky duýgy meni näçe işlesem-de ýatyrmaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Nagyş salmak, keşdelemek.

<> Gurjak ýaly bezemek — gowy geýindirmek. Ýeke ogly dagyny edil gurjak ýaly bezeýseň bolmaýarmy! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BEZEMEN, Gowy geýinmegi, timarlanmagy söýýän bezenjeň.

Bolsa-da peşeneli, bezemen ýigit (N. Pomma, Sebäbiný soň bildim). Başga bir bezemen adamyny görkezip, ine bu adamynyň geýimine seretme diýseň: — Ýüki samanmy? — diýip, oňa ýigrenç bilen seredýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BEZEMENLIK, Gowy geýinmegi, timarlanmag söýüjilik, bezenjeňlik.

Onda bezemenlikden, şatlykdan hiç zat galmandyr (N. Pomma, Sebäbini soň dim).


BEZENMEK, Özüňi bezemek, owadan görnüşe, gelşige girmek, timarlanmak.

Gelin özüne timar berip, bezenip, patyşanyň köşgüne barýar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ol bezenip, şaýlanyp çykypdyr -(Myraly)Al-ýaşyl bezendik ýüpekden geýip, Çünki saýasyny goýry etdi kanun  (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BEZETMEK, 1. Birini ýa-da bir zady owadan görnüşe saldyrmak, görk, gelşik berdirmek.

2. Nagyş saldyrmak nagyşlatmak, keşdeletmek.


BEZEŞMEK, Bezemäge kömekleşmek, owadan görnüşe salmaga kömek etmek.


BEZZAT [bezza:t], Edep-tertibi bolmadyk, ýakymsyz, garagol, ynjalyksyz.

Bir bezzat urşagan adam bolupdyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Näme diýerler öýdýäň, bezzat adam eken diýerler-de! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BEZZATLYK [bezza:tlyk], Edep-tertibi bolmazlyk, garagolluk, ynjalyksyzlyk, ýakymsyzlyk.

Bidöwletiň bezzatlygyny çekmýän, döwletiňi çaýkamak hem haýpdyr (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bezzatlyk etmeli däl!


BEZZATÇYLYK [bezza:tçylyk], ser. Bezzatlyk. Olary bezzatçylyk edýäňiz diýip kowýarlar (X. Ysmaýylow, Mugallymyn gyzy).


BEZIKMEK, Bez bolmak, bir zatdan ýa-da birinden bizar bolmak, irmek, bezmek.

Zalymyň zorundan bezikdik bizler, Diýýärdi bizlere: Gulsuňyz sizler (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BEZIRGEN, kön. s. Gatnap söwda edýän adam, kerwenli söwda edýän söwdagär.

Bezirgenler aýdýar jogap sözüni: — Biz gezdik bütinleý ýeriň ýüzüni (A. S. Puşkin, Ertekiler).


BEZM, kön. s. Şatlykly oturylyşyk.

Şahana lybaslar bilen gijeki bezmde huşdan aýrylan şazada töweregine beýhuş ýaly garady (Aýbek, Nowaýy).


BEZMEK, ser. Bezikmek.