BEÝA


BEJERGI, 1. Ýeri işläp taýýarlamaklyk, ekine, ekin meýdanyna edilýän garaşyk.

Bejerge garaşýar ýerimiz biziň, Bilimizi guşap taýýar bolalyň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Bejergisi kemsiz ýetse, her düýp gowaçamyz bir goýnuň ýüňüçe pagta berer (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Remont etmeklik, remont. Brigada zerur bolan inwentarlar, bejergi gurallary, ulag bilen üpjün edilýär,

3. Tertibe salmaklyk, tijemeklik.

4. Keşde, gaýma. Bejergi salnan kürte.


BEJERILMEK, 1. Işläp taýýarlanylmak, bejergi işleri geçirilmek, ekine, ekin meýdanyna garaşyk edilmek.

Bu ýyl üzümimiz ýagşy getirdi, heniz hem bejerilişine meniň göwnüm ýetenok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Nagyş salynmak, bezeg salynmak, keşdelenmek. Onuň egninde ýakasy bejerilen ak köýnegi, ak balagy we täze ädigi bardy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

3. Keselden halas edilmek, sagaldylmak. Merezýel keseli düýpli bejerilýär (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Şikesli gözleri bejerildi tiz, Hünärli wraçlar açdy gözüni (A. Haýydow,  Gök  asyan).

4.Remont  edilmek, tikilmek,ýasalmak, düzeldilmek.

5.Tertibe salynmak, tijelmek.


BEJERIŞMEK, 1.Bejeriş işine kömekleşmek, ekini bejermäge kömekleşmek.

Men oňa iki pel ýer bejserişdim.

2. Bezeg salyşmak, keşdeleşmek, nagyşlaşmak.

Kürte bejerişmek. Tahýa bejerişmek.

3. Remont etmäge kömekleşmek, düzedişmek.

Işçiler şef kolhozyň degirmenisni bejerişmekde uly kömek etdiler.

4. Tertibe salyşmak, bir zady tijemäge kömekleşmek.

Öý goşlaryny bejerişmek.


BEJERMEK, 1. Ýeri, ekin meýdanyny sürüp, suwaryp ekişe taýýarlamak, bejergi işini geçirmek. Gowaçany bejermek, dökünlemek ýaly möhüm çäreler hem ýüz protsent bolupdyr («Tokmak» žurnaly).

Ol bir bölejik ýeri ekmek üçin bejermäge synanyşýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bezeg salmak, keşdelemek, nagyşlamak. Kürte bejermek.

3. Remont etmek, düzetmek, tikmek, ýamamak.

Bejerdik, ýagladyk — diýende ussaň, Berekel-la! — diýip, berýär jogabyn (N. Pomma, Saýlanan eserler). Onun, göwünli-göwünsiz bejeren bolmagy bilen ol traktoryň kemçiligi düzelmändir («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Sapançany bejermäge beripdim (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Ussa, sagady bejereňde, her gün gelip durmaly etme («Tokmak» žurnaly).

4. Gözegçilik etmek, ideg etmek, idetmek.

Neme üçin biz bu atlary bakyp, bejerip boş ýatýarys (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

5. Syrkawy gurat etmek, keselden halas etmek, sagaltmak.

Trahoma keselli çagalaryň keselini bejermek işini dogry guramagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bar (S. K. Karanow, Howply göz agyry keseli we alaryň öňüni almagyň çäreleri). Wraç syrkawy bejerdi.

* Gaş bejerjek bolup, göz çykarm a k — ser. G a ş.


BEJERTMEK, 1. Bejergi işini geçirtmek, ýeri, ekin meýdanyny ekişe taýýarlatmak.

2. Gaýma etdirmek, nagyş saldyrmak, keşdeletmek.

3. Bir zady düzetdirmek, oňartmak, timarlatmak.

4. Syrkawy sagaltmak üçin wraça seretdirmek, kesele em etdirmek.

Lermontow sürgüne barýarka, ýolda, Pýatigorskde keselini bejertmäge gelen Belinskiý bilen hem tanyşýar («Edebiýat»).