SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KABARDI'NKA, 1. Kabardin aýaly, gyzy. 2. Kabardinleriň tans oýny we şonuň sazy. Çeper höwesjeňleriň kontsertinde «Kabardinka» tansy örän oňat ýerine ýetirildi.

KABARDINLER, Kabardin ASSR-niň ýerli halky, esasy ilaty. Biziň kabardinlerimiz gaýduwzsyz adamlar (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

KA'BELЬ, 1. teh Esasan ýeriň we suwuň astyndan çekilýän, izolirlenen elektrik simi. Telefon kabeli. Elektrik kabeli 2. deňiz. Demir ýa-da polat urgan,ýüp.

KA'BELЬTOW, denizç. 185,2 metre deň bolan deňiz uzynlyk ölçegi.

KABI'NA, Köplenç üsti, töweregi ýapyk, kiçijik orun, jaý ýa-da budka. Maşynyň kabinasyndan howlukmaç çykan aýal: — Hany biziň gelnimiz? — diýip, oňa azm urdy («Tokmak» žurnaly) . Men şeýle elhenç möjeklerden gorkyma kabinadan çykyp bilmedim (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) .

KABINE, 1. Iş jaýy, işlenilýän ýörite otag. Bu haly onuň kabinetini gelşigine getirýärdi (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

2. Okuw geçirmek üçin ýörite abzallaşdyrylan jaý. Biologiýa kabineti. Himiki kabinet.

3. syýasy. Käbir ýurtlarda: hökümeti düzýän ministrler sostawy, hökümet. Ministrler kabineti.

KABI'NKA, gepl. d. ser. K a b i n a.

KABLOGRA'MMA, Suw astynda ýerleşýän kabel bilen berlen telegramma.

KABOTA'Ž, deňizç. Bir deňziň ýa-da döwletiň portlarynyň arasynda gämileriň kenar ýakasyndaky gatnawy.

KABUL [kabu:l]: 1) kabul etmek — 1) eliňe almak, almak. Hatyja meniň beren narlarymy. kabul etdi; 2) bir zadyň hataryna girizmek, sanyna goşmak, işe, okuwa we şuňa meňzeşlere götermek. Ony öwrenje iipärler hatarynda fabrige işe kabul etdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Myrady komsomola kabul etdik; 3) gulluk wezipäň boýunça kabinetiňe ýa öýüňe gelmäge ygtyýar bermek. Hökümet başlygy uzak ýerden gelen myhmanlary kabul etdi;

4) köpçülnk bolup tassyk etmek, özüň makul bilmek, ykrar etmek, razylaşmak. Siziň haýyşyňyzy kabul edýärin, Siziň bilen şol kolhoza gidýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly). Karar kabul etdiler;

5) nazara almak, göz öňünde tutmak. Şuny dostlukly maslahat hökmünde kabul edersiňiz diýip umyt edýäris;

6) alyş-beriş etmeklik netijesinde bir zadyň jogapkärçiligini öz üstüňe almak, «aldym» etmek. Magazini ýa sklady kabul etmek. Telefonogramma kabul etmek. Telefonistka baýrýmçylyk mynasybetli berlen gutlag telegrammalary kabul etdi;

7) gözden geçirmek, synlamak. Parady komandyýuşiniň özi kabul etdi;

8) sagaldyjy, şypa beriji zat hökmünde peýdalanmak. Wraçyň maslahaty howa, gün, suw wannalaryny kabul etdim;

2) kabul bolmak — makul bilinmek, ykrar edilmek.

KABYLA [kaby:la], kön s. Tire, urug.