SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KASAM, Dabaraly suratda berilýän söz, wepaly bolmak üçin berilýän wada, ant. Gyzyl Goşun kasam etdi ýeňmäge, Ýeňiş gazanmaga biz içdik anty (Çary Aşyr, Poemalar). Ýoldaş Lenin, saňa kasam edýäris («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Artyk, mana kasam etdirmejek bolsaň, meniň sözüme ynan (B. Ksrbabaew, Aýgytly ädim).


KASAMLY, Kasam edilen,  antly, wadaly.


KASAMLYLYK, Ant edilenlik, antlylyk, wadalylyk.


KA'SKA, Kellä geýilýän demir papak. Ynha biri gelýär edil üstünden, Başynda kaska bar, ýarag elinde (Çary Aşyr, Poemalar). Ençe faşist arkanlygna serrelip, Kaskasy gaýdyrlyp, gapdalna gaçdy (A. Kekilow Saýlanan eserler).


KA'SSA, 1. Pul saklanýan sandyk, şkaf, guty. 2. Edaranyň pul göýberilýän ýa-da tabşyrylýan bölümi. Puluň kassada ozal hem gyt däl ( N. Saryhanow , Saýlanan eserler) Amanat kassa.

3. tipogr. Tipografiýa şriftleri saklanýan çekerli ýaşik.

4. Bilet satylýan ýer, jaý. Kinomehanik özüniň apparatyny sazlamak bilen başagaýdy, kassada bilet satylýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KASSE'TA, Fotografiýa plastinkalarynyň, plionkalarynyň yşyk geçirmeýän daşky gutusy. Plionka salnan kasseta.


KASSI'R, Kassada işleýän adam,  kassaçy. Onuň elinde kassiriň ýitiren sumkasy bardy    («Mugallymlar gazeti»). Kassir kassasyny açdy. Kassir öz işine başlady.


KAST, Betpällik bilen edilýän  hereket, öňünden oýanylan bet niýet, hyýanat. Bolup seniň kastyňda Bakna halklar birleşýär (Mollamurt, Saýlanan eserler).

* Jana kast etmek — ser. J a n. Onuň dükanyna ot berdiler  we janyna kast etmegiň   hyýalyna düşdüler (G.  Kulyew,  Köpetdagyň  aňyrsynda).