SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KAK I, Dilnip guradylan gawun, dilnip maňzy kakadylýan gawundan taýýarlanýan önüm. Garry-gartaň adamlar, aýallar kak dilýärler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


KAK II, Çöl ýerlerde, gumda oý ýere ýygnanýan ýagyş suwy. Siziň eliňizden içilse, Garagumdaky kakyň suwy hem şerbet bolup biler (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Bahar aýlarynda ol çöketlige suw ýygnanyp, ullakan kak emele gelýärdi («Kolhoz günleri»).


KAKA [ka:ka], Maşgala aragatnaşygynda çaganyň iň ýakyn hossary bolan erkek adam, ata. Durdymyradyň kakasy Pälwan bolsa kolhozyň atbakarydy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Balalarym, kakaňyzy hem unutmaň! («Tokmak» žurnaly).


KAKABAŞ, 1. Burunlygy başyna oralyp ýa-da boýnuna atylyp başyna göýberlen mal. Öli, ýaraly kakabaş at şol zolda dökülip galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. gepl. d. Özbaşdak önüp-ösen, erkin terbiýe alan. Kakabaş önüp-ösen oglanlar.


KAKABAŞLYK, Başyna gezip ýörenlik, kakabaşyň bolşy, ýagdaýy. Onuň kakabaşlygy hem howply (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KAKAMAK, 1. Suwy çekilmek, sarygyp gurap başlamak gatamak. Şeker ol wagt kakan sökleri ýygnamak bilen meşguldy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Eti çekilmek, horlanyp gurap galmak, gaty arryk düşmek. Men bu ýaragy garny ýasy baýyň gepine gidip, özüm ýaly garybyň kakan göwresinden gan almak üçin göteremok  (B. Kerbabaew, Aigytly ädim).


KAKA'O, 1. bot. Tohumyndan şokolad edilýen tropik ösümlik. 2. Şol ösümligiň dänesinden taýýarlanýan poroşok (un). Men iki guty kakao aldym.

3. Şol poroşok goşulyp häzirlenýän içgi. Süýt, gaýmak, çaý

4. kofe, kakao we şuňa meňzeş zatlar naharhanada hemişe bar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KAKATMAK, Suwuny çekdirmek, ölüni sarykdyryp guratmak, sarykdyrmak, gatatmak. Eti kakatmak.


KAKAŞMAK, Kakap başlamak, gurap başlamak, suwy sarygyp başlamak. Serlen kaklar kakaşyp başlapdyr. Et kakaşypdyr.


KAKDYRMAK, 1. Üstünden urdurmak, urup girdirmek. Gazyk kakdyrmak.

2. Urup tozanyny aýyrdyrmak, silkdirmek. Kilim kakdyrmak.

3. göç. m. Bir zady ýaňsa alyp aýtmak, degip aýtmak, çala degmek. Sözüň gerdişi bilen, ol Mama biraz kakdyryp hem gördi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 4. Urdurmak, çaldyrmak.

5. Yraladyp, silkdirip, urduryp ýere gaçyrtmak, düşürtmek. Men kakama howlymyzdaky erik agajyndan erik kakdyrdym.

6. Duýman durýan garbap aldyrtmak, birdenkä silkip aldyrtmak. Wah, ýaňky bir dogry gelen awdy weli, elimden kakdyrdymda!

7. Degdirmek, galtaşdyrmak. Men welosipedimi tas jaýyň burçuna kakdyrypdym.


KAKLAMAK, 1. Ýukajyk edip dilmek, kakatmak üçin dilmek, kesmek (et barada). Ol şaralyk et kesişdirip kaklap otyrdy (A. Gowşudow, Eserler).

2. göç. m. ÝoK etmek, öldürmek. Duşmanyň egin kaklan, Göýä pagta dek jyklan, Ýat synplary ýoklan, Göwnüm aýna dek aklan, Barysy agzybirlik (Durdy Gylyç, Goşgular).


KAKLANMAK, 1. Kaklap goýulmak, ýukajyk edilip dilinmek, kesilmek. Soýlan goýnuň eti kaklandy we dürli naharlar taýýarlanmaga başlandy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. gepl. d. Ýok edilmek, öldürilmek.


KAKLATMAK, Ýukajyk edip dildirmek, kesdirmek. Et kaklatmak. 2. göç. m. Ýok etdirmek, öldürtmek.


KAKLAŞMAK, Kaklamaga kömekleşmek, ýukajyk edip dilişmek. Baggoýnuň etini kaklaşmak.


KAKLYŞMAK, 1. Sähelçe degmek, galtaşyp geçmek, galtaşmak, süýkeşmek. Awtomobilь agaja kaklyşmak geçip gitdi. Bir oglana at toýnagy kaklyşyp, ony honda zyňyp göýberdi. Piliň ýüzi gapynyň ýokarky işigine degip, sapy özüne gyltyz kaklyşan ýigidi entetdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Golaýlaşmak, ýakynlaşmak. Kaklyşsa garbap aljak.

<> Göze kaklyşmak — ser. G ö z. Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar ýylpyldaşýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol hem meni gözi kaklyşandan tanady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Onuň gözleri derrew Baýrama kaklyşdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Kirpigiň kaklyşmazlyk hiç ýatmazlyk, uklamazlyk, irkilmezlik. Şol gije enäniň kirpikleri biri-birine kaklyşmady («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KAKMA, dokm. Gylyç, darak bilen kakylyp dokalýan (käbir mata, palas ýaly önümler hakda). Gözel ejäniň halylary kakma kilime dönüp, göz-görtele kembaha gidip barýan ýaly boldy (A. Gowşdow, Köpetdagyň eteginde).


KAKMAK, 1. Üstünden urup girizmek, üstünden urmak. Ol darak kakanda, syn edýärdi («Sowet Türkmnistanynyň aýallary» žurnalý). Gazyk kakmak.

2. Urup tarkyldatmak, tarkyldyly ses çykarmak. Ynha otyryn weli, biri gapyny kakýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

3. Urup tozanyny aýyrmak, silkmek. Geýimiň tozanyny kakmak.

4. Silkip gaçyrmak, yralap ýere düşürmek, urup düşürmek. Gaşlak soldat külem barmagy bilen papirosyň külüni kakdy («Pioner» žurnaly). Tut kakmak, erik kakmak.

5. Garbap almak, birdenkä silkip almak. Elinde saklap durka, kakyp göýberdim.

6. Degmek, galtaşmak. Ol elime kakdy.

<> Ganat kakmak — ser. Ganat.

Gaş kakmak — ser. G a ş. Bir göreýin galam-gaşyňy kakdyr (Mollamurt, Saýlanan eserler). Til kakmak — Jaň urmak, telefon etmek. Nurmyrada til kak, ýetişsin durman! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KAKMAÇ, Ýukajyk dilnen et, iri kesilen et bölegi. Kakmaç şarasy. Kakmaç bişirmek.


KAKMAÇLAMAK, Kakmaç görnüşinde kesmek, eti ýukajyk dilişdirmek, kakmaç dilmek, bölek-bölek etmek, bölüşdirmek. Eti kakmaçlap goýmak.


KAKMAÇLANMAK, Kakmaç-kakmaç edilmek, bölek-bölek edilip kesilmek, böleklenmek. Täze öldürilen goýnuň eti kakmaçlanyp, uly gazana atyldy.


KAKMAÇLATMAK, Kakmaç-kakmaç etdirmek, bölek--bölek edip kesdirmek, bölüşdirtmek Eti kakmaçlatmak.


KA'KTUS, bot. Amerikanyň tropik ýurtlarynda ösýän galyň ýapraklary tikenli köpýyllyk ösümlik. Her küýzede bir hili öý ösümligi gögerýärdi: bägül, kaktus, öý palynasy we başga her hili ösümlikler bardy (N. Jumaew, Ak derek).


KAKYLMAK, 1. Üstünden urulmak, urlup girizilmek. Diwara çüý kakyldy

2. Tark-tark edilip urulmak (gapy barada). Şol arada birden gapy kakyldy (B. Kerbabaew, Nebitdag). Içki gapy ýuwaşjadan kakyldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Urlup tozany aýrylmak, silkilmek. Keçeler kakyldy.

4. Silkilip gaçyrylmak, yralanip ýere düşürilmek. Erikleriň hemmesi kakyldy.

5. Garbap alynmak, birdenkä silkip alynmak.


KAKYM: kakyma gelmek — çemä gelmek, gabat gelmek. Kakyma gelende bolsa, ony men özüm bir zat ederin (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KAKYN, med. Tutgaý keseli. Sen bolsaň, häzirlikçe tarpa-taýyn kakyn tapynan bolda, gymyldaman ýatyber («Türkmen pьesalary»), Akgözel: — Ýeteweriň, meniň agzymy gan ýalan ganjyga dönderdi — diýip, buduna kakyp, «kakyny» tutan aýal ýaly hahahaýlap, ýer depip aglady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


KAKYNJYRAMAK, Üst-başyňy kakyşdyrmak, silkinjiremek. Endamyndan gögeýin dişleýän mal ýaly, Görogly kakynjyrap, dek duranok («Görogly» eposy). Ol kakynjyrap turdy-da, töwellasyzja gelip, Orazalynyň gapdalynda oturdy ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim).


KAKYNLAMAK, Kakynly, tutgaýly bolmak, kakyn tapynmak. Kakynlamak erbet kesel.


KAKYNLY, ser. T u t g a ý l y. Emma haçan-da aýalyň ýeňlerini ýyrtyp başlanyny görende, ol tisginip gitdi we: — Bu gelin kakynly eken — diýip, tassyklady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KAKYNLYLYK, ser. T u t g a ý l y l y k.


KAKYNMAK, 1. Geýim-gejimiňi kakyşdyrmak, silkinmek. Tozan basan geýimleriňi kakynmak.

2. Özüň Üçiň kakmak. Erik kakynmak.

3. Urnup ýatmak, çabalanyp ýatmak, urunmak, çabalanmak.


KAKYN-SILKIN, ser Kakyn. Eý toba, kakyn--silkin bolaýmasyn, biwagt külden ätläp dagy eden bolaýma? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KAKYN-SILKINLI,    ser    K a k y n l y. Kakynly- -silkinliler gutulyp gidýär (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


KAKYN-SILKINLILIK, ser. K. a k y n l y l y k.


KAKYŞDYRMAK, 1. Kakyp çykmak. Çüý kakyşdyrmak. 2. Silkip, kakyp arassalamak, silkişdirmek. Egin-eşiklerini kakyşdyrdy, mazaly ýuwundy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Kakyşdyrýas tozan, çaňy, Güýjümiziň ýokdur deňi (N. Pomma, Saýlanan eserler). 3. Silkip, yralap gaçyryşdyrmak. Erigi kakyşdyrmak.


KAKYŞMAK, 1. Kakmaga kömekleşmek. Ol maňa gazyk kakyşdy.

2. Bir zady silkip kakmaga kömekleşmek, silkişmek. Men ejeme palas kakyşdym.

3. Silkip, yralap gaçyrmaga kömekleşmek.