SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KAT, kön. s. ser. K a m a t. Çep ýaňaga bezeg berýärdi haly, Inçe, sagdyn katdy guýulan ýaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KATALOT, Bir menzeş zatlaryň belli bir tertibe salnan ýazgysy. Kitaphana katalogy boýunça her bir eseri çalt tapmak bolýar (SSSR taryhy).


KATDY-KAMAT [katdy-ka:mat], kön. s. Boý-syrat, daş sypat. Jygaly beg agtygynyň katdy-kamatyna guwanyp, şat bolup joşup, bäş keleme söz aýdýar («Görogly» eposy). Baharyň katdy-kamatyny, syratyny görüp, öýlenjek, ýigidiň ýüregi giden bolara çemeli (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KATEGORIÝA, Durmuşdaky has umumy hadysalary we olaryň umumy belliklerini bildirýän ylmy düşünje.

<> Habarlyk kategoriýasy — ser H a b a r l y k.


KA'TER, Kürek bilen sürülýän ýa-da motorly kiçiräk gämi. Eýlek-beýlek zymdyrylyp barýan kiçijik katerler, kulaslar, hatda ýelkenli gämiler we taýmyllar görünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kater derýalarda we deňizde sürülýär.


KA'TET, mat. Göni burçly, üçburçlukda göni burçy hasyl edýän iki tarapyň biri.


KATO'D, fiz  Otritsatel zarýadlandyrylan elektrod.


KATO'K, Üstünde typyşyp ýaryşmak üçin buz doňdurylan meýdança. Ýakynda howuz ýa-da derýa bolmadyk ýerlerde adamlar katogy düz meýdançada guraýarlar (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


KATO'LIK,  Katoliki dine uýan  adam.


KATOLIKI, Katolitsizme esaslanýan, katolitsizme degişli, has bolan. Ol ilki katoliki litseýde okaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KATOLIKLIK, ser. Katolitsizm.


KATOLITSI'ZM, Rim papasy tarapyndan baştutanlyk edilýän, Günbatar haçparazlarynyň dini ynamy, mezhebi. Katolitsizmiň ýaýramagy pomeşikleriň bir bölegi tarapyndan hem güýçli garşylyk görkezilmegine sezewar bolupdyr (SSSR taryhy).


KATORGA, Tutulyp iş kesilen adamlaryň mejbury suratda ýowuz işledilýän ýeri. Patyşa wagtynda Sahalin sürgün we katorga adasydy («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»).


KATRA, Ownuk damja. Asmandan bir katra nem dammady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KATÝU'ŞA, harby,  gepl. d. Ýörite sistema boýunça ýasalan  nilsiz   minomet. Katýuşa   jahany  zenzele  etdi (Çary Aşyr, Poemalar). Katýuşalar ýer sarsdyryp ugranda, Geňirgenip haýran galan dostum sen  (Ata Salyh,  Saýlanan eserler).