SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KAPAS, Dem almagy kyn bolan, ys-kokly, dymyk, gabsal. Kepbäniň kapas howasy onuň burnuna urdy, ýüreginde ýakymsyz duýgy döretdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


KAPASA, 1. Guş saklanýan gözenek-gözenek öýjük. Misli kapasadaky gözi bagly guş, Şeýle jebir etdi näletli geçmiş (Ata Salyh. Saýlanan eserler).

2. Üstünde kitap ýa-da mata we ş. m. zat goýar ýaly ýörite taýýarlanan kese tagta ýa-da şkaf. 3. gepl. d. Türme, gazamat, tussaghana. Bu kapasalar ömürlik däldir (K. Işanow, Watan üçin). Kapasa düşen dek duşman elinde, edere alaç ek, görere çäre (A. Kekplow, Saýeserler).


KAPASLYK , Dem almagy kyn bolan, howasy agyr ýer. Ol kapaslykdan ejir çeken adam ýaly, öwhülläp dem aldy. (G. Kuliýew, köpetdagyň aňrysynda).


KAPE'LLA, sazç. Saz gurallarynda oýnaýan artistlerden we aýdymçylardan ybarat bolak aýdymçylar hory, şonuk ýaly-da gatyşyk ansambl.


KAPELЬME'ÝSTER, Köpçülik bolup aýdym aýdýanlaryň ýolbaşçysy, dirižýor.


KAPILLÝAR, 1. fiz. Gaty dar turbajyk. 2. anat. Ownujak gan damarlary. Örän ownujak arteriýalar juda inçejik kapillýaryň gür toruna dargaýarlar (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy).


KAPITA'L, 1. ykd. Kapitalistik jemgyýetde hakynatutma işçileri ekspluatirlemek arkaly kapitaliste goşmaça düşewünt getirýän gymmat. Bank kapitaly Maliýe kapitaly.

2. Kapitalistler, kapitalizm. Biz daşary ýurt kapitalynyň döreden traditsiýalaryni paş etmeli (M. Ibratamow, Ol gün geler).

3. göç. M. Mülk, baýlyk, pul. Esasy kapytalym bolan bäş müňi, men müddetli goýum görnüşinde togsan ýaşyma çenli goýdum («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KAPITALI'ZM, Hakynatutma işçileri ekspluatirlemäge esaslandyrylan buržuaziýa jemgyýetçilik gurluşy, bu gurluşda önümçilik serişdeleriniň hemmesi kapitalistleriň hususy eýeçiliginde bolýar. Sotsializm bilen kapitalizm arasyndaky ýaryş halkara arenasyn-da barha giň ýaýbaňlanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kapitalizm jemgyýetinde çeper edebiýatyň ösmegine päsgel berilýer (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).


KAPITALI'ST, Kapital eýesi, hakynatutma işçileriň zähmetiniň hasabyna goşmaça gymmat alýan ekspluatator, kapitalistik jemgyýetiň agalyk edýän synpynyň wekili. Bizde, SSSR-de kapitalistler we pomeşikler ýok.


KAPITALISTIK, Kapitalistlere we kapitalizme degişli bolan, kapitalizm printsiplerine esaslandyrylan. Köne kapitalistik jemgyýeti, duýgy-düşünjesinden heniz hem kellesinde ornap galan adamlar bar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şol döwürde ýaş Sowet respublikasynyň üstüne on dört sany kapitalistik döwlet öz goşunyny sürdi («Mydam taýýar» gazeti).


KAPITA'N, 1. harby Goşunda, howa flotunda starşiý leýtenantdan soňky ofitserlik çini we şol ady alan harby gullukçy. Kapitan uzyn boýly, saryýagyz, deşli adamdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu kapitan rotanyň komandiridir.

2. Ýolagçylar parohodunyň ýa-da söwda gämisiniň komandiri.

3 sport. Bedenterbiýe ýa-da belli bir sport komandasynyň ýolbaşçysy. Bu wagt komandanyň kapitanynyň ýüzünde biynjalyklyk peýda boldy. («Pioner» žurnaly).


KAPITANLYK, Kapitanyň käri, kapitanyň wezipesi, derejesi. Özüniň kapitanlyk derejesine çykarylanyny hem şonda eşitdi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Ol özüniň yhlaslylygy bilen kapitanlyk derejesine ýetýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KAPITULIRLEMEK, Uruşmagy bes edip, tabyn bolmak, boýun synmak.


KAPITULÝA'NT, Kapitulirläp boýun bolýan, gorkaklyk bilen kapitulýatsiýa edýän.


KAPITULÝA'TSIÝA, harby ýeňlip duşmana boýun bolmaklyk, duşmanyň öňünde dyza çökmeklik.


KAPRON, Emeli süýümin bir görnüşi we şondan dokalýan trikotaž mata. Balykçylar sanly minutyň içinde iki ýüz metrden-de köp kapron tory mawy deňze taşladylar («Sowet edebiýaty» žurnaly) Kapron jorap.


KAPYR [ka:pyr]. Dini.1. Musulmanlaryň başga dindäkilere berýän ady . Näme biz kapyrlarmy? («Pioner» žurnaly).

2. göç. m.  Ýowuz, rehimsiz, daş-ýürek.


KAPYRLYK [ka:pyrlyk], 1. Başga dine uýmaklyk, başga dine girmeklik.

2. göç m. Ýowuzlyk, rehimsizlik, daşýüreklilik.


KAPYÝA [ka:pyýa], edeb ser. R i f m a. Kapyýasy, ritmi düz şygyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Goşgy düzülşiginde iň uly rolь oýnaýan zadyň biri hem rifmadyr — kapyýadyr (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).


KAPYÝALAŞMAK [ka:pyýa:laşmak], ser R i f m a l a ş m a k.


KAPYÝALY [ka:pyýa:ly], ser   R i f m a l y.


KAPYÝASYZ   [ka:pyýa:syz], edeb. ser.  R i f m a s y z.