SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KAZA [kaza:]: kaza dolmak, kön. s. — ajalyň etmek, ölmek. Heniz aýalynyň çaga ýüzi düşmänke, Ady-beg soltanyň hem kazasy dolup, dünýäden ötdi («Görogly» eposy). Onuň kazasy dolandyr (B. Pürliew, Ilkinji gün).


KAZAK, tar. 1. XV—XVII asyrlarda Rus döwletinde: döwletiň gyrak çetlerine (Dona, Zaparožьýa) gaçyp giden krepostnoý daýhanlardan, hyzmatçylardan we şäher garyplaryndan bolan erkin adam. 2. XVIII asyrda: Russiýanyň gyrak çetlerindäki harby-ekerançylyk obşinanyň çleni.


KAZA'RMA, 1. Harby bölümleri ýerleşdirmek üçin ýörite jaý. Gyzyl kazarmada döwranlar süren, Gyzyl esgerlere ýalkymly salam! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). 2. Rewolýutsiýadan öňki Russiýada işçileriň ýaşaýan umumy jaýy ýa-da ýatakhana.


KAZY [ka:zy], dini. Köne wagtlarda: musulmanlaryň sudьýasy, dini wekil. Birini ike aldyk, kaza ýazdyryp (Durdy Gylyç, Goşgular). Ýör, kaza gideli — diýip, ony kazynyň ýanyna alyp barypdyrlar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


KAZYLYK [ka:zylyk], kön. s. Kazynyň wezipesi. Men her näçe okasam hem kazylyga ýetşimejegimi bilýän — diýip, Çüýşegöz degişme bilen jogap berdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).