SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KAMAT [ka:mat], kön. s. Boý, syrat, kat. Yşk elin-den çekdim pyganu-nala, Elip dek kamatym ogşady dala («Türkmei halk şahyrana döredijiligi»).


KAMATLY [ka:matly], kön. s. Katdy-kamaty bolan, boýy-syraty gelşikli bolan, syratly. Eý elip kamatly, gözel juwanym, Meniň bilen bol, başyňa döneýin! (Mollamurt, Saýlanan eserler).


KA'MBALA, zool. Gözleri bir ýan tarapynda ýerleşen deňiz balygy. Kambaladan edilen konserw.


KA'MERA, 1. Bir zat saklanýan jaý. Ýolagçylaryň zatlary saklanýan kamera. Bagažlary kamera tabşyrmak.

2. Türmelerde tussag saklanýan ýörite tam. Meniň jogabym häzir hem şol, isleseň, ynha men, sapançaňy sypyr-da, kamera iber! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu garaňky kameralaň, Birisinde ýalkap bardy (Çary Aşyr, Poemalar).

3. Maşynyň, guralyň ýa-da gurlan bir desganyň içki ýapyk boş ýeri. Ýanyş kamerasynda howanyň kislorodynyň hasabyna, forsunka arkaly pürkülýän tozana öwrülen ýangyç (kerosin) ýanýar («Fizika kursy»).

4. Welosipediň, awtomobiliň ýa-da pökginiň içindäki ýel berilýän rezin. Welosipediň kamerasy ýarylypdyr. Maşyna täze kamera oturtmak.

5. Fotoapparatyň plastinka ýa-da plionka goýulýan içki bölümi.


KAMPA'NIÝA, Ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy, hojalyk meselelerini, çäreleri amala aşyrmak üçin belli bir wagtlarda geçirilýän iş ýa-da göreş. Abuna ýazylyşmak kampaniýasyny geçirmek ýakynlaşýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Gardaş, ekin kampaniýasy ýetip geldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KAMFARA', Meditsinada we tehnikada ulanylýan ýiti ysly, kristallik jisim. Buz, ýod, kamfara we beýleki gaty jisimler bugarýarlar («Fizika kursy»). Kamfara ýagy massaž etmekde-de ulanylýar.