SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAŇ

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KAŇKAMAK, 1. Işsiz aýlanyp ýörmek, biderek gapy-gapy syryp ýörmek. It aýagyny iýen ýaly kaňkap ýörsüň! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ata Kelow diýen biri kaňkap ýören eken (N. Pomma, Egri eýikmez). 2. Ysyrganyp aýlanyp ýörmek. Meger hem möjekdir, olar bu ýerde gijesine köp kaňkaýarlar («Mydam taýýar» gazeti»).


KAŇKATMAK, Aýlanyp ýördürmek, gapy-gapy syrdyrmak. Patsiýentleri biderek kaňkadyp ýörmäni hiç zatça görmeýänler bar («Tokmak» žurnaly).


KAŇKAŞMAK, Bir näçe bolup kaňkap ýörmek, biderek aýlanyşyp ýörmek, gapy-gapy syryşyp ýörmek.