SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAN

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KANAGAT, [kana:gat], Sabyr, çydam, takat. Onuň ýoklugyna kanagat edip oturybilmediler («Görogly» eposy). Gözel Annagulynyň ýüregine kanagat berjek bolup. — Annaguly, gyzyň-a gowusyny alýaň — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KANAGATLANARLYK [kana:gatlanarlyk], 1. Kanagatlandyryp bilýän, üpjün ederlik, ýeterlik 2. Orta baha, orta Edilen işe kanagatlanarlyk baha berdiler.


KANAGATLANARLYKSYZ,  [kana:gatlanarlyksyz].1. Kanagatlandyryp bilmeýän,     ýeterliksiz. Bu işi ýygnakda  kanagatlanarlyksyz  diýip bellediler.

2. Orta baha  eýe  bolmadyk,  mynasyp   bolmadyk,  orta baha bolup bilmeýän.


KANAGATLANDYRMAK [kana:gatlandyrmak], Kanagatlanar ýaly etmek, razy etmek, göwnüni jaý etmek. Direktor olary kanagatlandyryp gaýtardi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Sowet halky ösýän isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda göreşýän zamandaşlarymyzyň obrazlarşy öz ýazyjylarynyň döretmeklerine garaşýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KANAGATLANMAK [kana:gatlanmak], Kanagat etmek, razy bolmak, göwnüň jaý bolmak. Aý, oglum, ine bi sözüňden kanagatlandym («Görogly» eposy). Men mugallymyň lektsiýasyndan doly kanagatlandym.


KANAGATLY [kana:gatly], Kanagat edýän, sabyrly, çydamly, takatly. Kanagatly adam.


KANAGATLYLYK [kana:gatlylyk],  Kanagat edijilik,  sabyrlylyk, çydamlylyk, takatlylyk.  Her  bir zada kanagatlylyk gerek.


KANAGATSYZ [kana:gatsyz], Kanagat edip bilmeýän, sabyrsyz, çydamsyz, takatsyz. Kanagatsyz adam. Kanagatsyz bolmaklyk.


KANAGATSYZLYK  [kana:gatsyzlyk], Kanagat   etmezlik,  sabyrsyzlyk,  çydamsyzlyk,      takatsyzlyk. Kanagatsyzlyk  gowy däl. Kanagatsyzlyk etmek.


KANA'L, 1. Emeli ýol bilen gazylan uly aryk, jar. Kanalyň gazylýan ýerinde göçme ussahana bar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kanaldan çekilen ýaba Mirap etseler bolarmyň? (Çary Aşyr, Poemalar).

2. anat. Janly organizmlerde içinden her hili maddalar geçip gidýän egrem-bugram turbajyk. Peşeýe çykýan kanal.


KANALIZA'TSIÝA Akyp gelýän hapa suwy, nejasatlary akdyryp äkidýän turbalaryň, ýerasty kanallaryň sistemasy. Şäherjigimizde kanalizatsiýa geçirmek üçin ähli tranşeýalar taýýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Daşkendiň şäher suw prowodynyň kuwwaty has artdyrylýar, şäher kanalizatsiýasy giňeldilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KANWA, Gözenekleri boýunça keşde çekmek, nagyş salmak üçin ulanylýan, krahmallanan nah mata.


KANDIDAT, 1. Bir wezipä, gulluga saýlanmaga, işe ýa-da bir gurama kabul edilmäge bellenilen adam. Çärjew oblastynda hem kandidatlary saýlap almaklyga girişildi («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Ilkinji alymlyk dereje. ylmy dereje. Onuň hakda aýdylmaly ilki zat. Gutlaň ony, alym inda— kandidat (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Filologiýa ylymlarynyň kandidaty.


KANDIDATLYK, Kandidatyk ýagdaýy, derejesi. Kandidatlyk derejesini alaly bäri 4 ýyl geçdi.


KANDIDATURA, 1. Kandidat hökmünde bellenilen, görkezilen adam.

2. Kandidat edilip bellenmäge bolan hukuk, mümkinçilik. Näme üçin sese goýmaga meniň kandidaturamy spisoga-da girizmediler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ataewiň kandidaturasy bir agyzdan gollanyldy («Kolhoz günleri»).


KANIKUL, Okuw jaýlarynda dynç almak üçin berilýän rugsat. Okuwçylar gyş kanikulyna çykdylar. Kanikulda edilmeli işler hakynda gürrüň etdik («Mydam taýýar» gazeti). Olar öýlerinde kanikulda bolup, uniwersitete gaýdyp barýardylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KANIFOLЬ, Käbir tikenli ösümlikleriň şiresinden alynýan gyzylymtyl madda, sakyz. Gyjagyň kemençesine kanifolь çalynýar.


KANTA'TA, 1. Köplenç horuň ýerine ýetirmegi üçin ýazylan dabaraly uly saz eseri. Kontsertde birleşen hor «Partiýa hakynda kantatany» ýerine ýetirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Dabaraly hor aýdymy.


KANUN [ka:nu:n], 1. Obъektiw hakykat hadysalarynyň belli bir tertip-düzgün boýunça biri-birine baglylygy we özara täsiri. Logika pikirleri dogry guramagyň kanunlary we formalary hakyndaky ylymdyr (S. N. Winogradow, A. F. Kuzynin, Logika). Okaýan wagtlarynda, durmuşyň şeýle agyr kanunlaryny huşuna-da getirmeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Jemgyýetiň belli bir pudagyny tertip-düzgüne salmak üçin döwlet tarapyndan çykarylýan hökmany kada, karar. Halkyma deňlik beren gymmatly kanun bizde bar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Biziň Watanymyzyň esasy kanuny — SSSR Konstitutsiýasy Kremlde kabul edildi («Pioner » žurnaly).

3. gram. Kada, düzgün. Ol rus dilini grammatika kanunlary bilen bilmändigini üçin, ofitser ony dilmaçlyga kabul etmändi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KANUNLAŞDYRMAK [ka:nu.nlaşdyrmak], Kada--kanuna laýyk etmek. kada-kanuna dogry getirmek, kanuny güýje girizmek. Toýjan öz bahanasyny kanunlaşdyrmaga näçe çalyşsa-da, süňňi bir zat syzan ussa oňa ynanmady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KANUNLY [ka:nu nly], Kanuna esaslanylýan, kanun boýunça, kanun esasynda bolýan. Kanunly edilen iş.


KANUNLYLYK [ka:nu:nlylyk], Kanuna dogry gelijilik, kanuna laýyklyk.


KANUNSYZ [ka:nu:nsyz], Kanuna laýyk bolmadyk, kanuna dogry gelmeýän, kanuny däl, kanuny bozýan. Men onuň kanunsyz hereketlerine sowukganlylyk bilen seredap bilmeýärin (B. Pürliew, Ilkinji gün). Kanunsyz ýazylan hat.


KANUNSYZLYK [ka:nu:nsyzlyk], Kanuna laýyk dällik, kanuna dogry gelmezlik, kanuny dällik, kanundan çykmaklyk. Öz döwürleriniň kanunsyzlyklaryna garşy göreşipdirler (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).


KANUNÇY [ka:nu:nçy], Hukuk meseleleri boýunça spetsialist, hemme kanunlary bilýän adam, ýurist.


KANUNÇYLYK [ka:nu:nçylyk], Kanun bilijilik, kanunçy bolmaklyk.


KANUNY [ka:nuny], ser K a n u n l y. Olaryň käýinçleri kanuny käýinçmi ýa-da ýok? («Tokmak» žurnaly) Şo wagtda şeýle ýagdaýlaryň hemmesi Annataganyň göwnüne kanuny ýaly duýulýardy («Sowet edebiýaty » žurnaly).


KANTSELÝA'RIÝA, Bir edaranyň iş dolandyrýan bölümi. Bir gün kolhoz başlygy Annagulyny kolhozyň kantselýariýasyna çagyrdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KA'NTSLER, Käbir ýurtlarda ýokary gulluk wezipeli adama berilýän at we şol ady alan adam.