SÖZLÜG ,, KA- HARPY; |
KAGOR, Üzüm çakyrynyň bir sorty, desertli gyzyl şerap. Kagor örän goýy çakyr bolýar. KAGYZ [ka:gyz], 1. Ýazmak,
2. gepl. d. Resmi hat, dokument. Onuň eline iki barmak kagyz ýazyp berip göýberdiler. Sähediň gerekli kagyzlar diýip hasaplaýan kagyzlarynyň hemmesi şu sanaçda ýerleşdirilýärdi (A. Gowşudow, MähriWepa). <> Kagyz ýüzünde galmak iş ýüzüne geçirilmän galmak. Kagyz ýüzünde galan karar hakda gürrüň etdiler. Lakmus kagyzy lakmusyň ergini siňdirilen filьtrleýji (süzgüç) kagyz. Kislota lakmus kagyzyna täsir edip, onuň reňkini gyzyl edýär (S. N. Winogradow, A F. Kuzynin, Logika).
|