SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KALENDA'RЬ, 1. Ýylyň hemme gününi yzygiderli tertipde görkezýän hem-de dürli maglumatlar ýerleşdirilen tablitsa. Astronomik bilimleri müsürlilere kalendarь döretmäge mümkinçilik beripdir (Gadymy dünýä taryhý). Kalendarь hasaby bilen garasaň, güýz paslynyň tüýs jümmüşidi, emma Aşgabatda weli henizler hem tomsuň yssy jöwzasydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Durmuşyň ýa-da bilimleriň belli bir pudagyndan maglumat berýän, çap edilen tablitsa. Astronomik kalendar.

3. Işiň aýry-aýry görnüşlerini günler we aýlar boýunça bölmeklik. Sport ýaryşlarynyň kalendary. Iş kalendary.


KALI'BR, Ot açýan ýaraglaryň niliniň diametri. Ol dürli kalibrdäki sapançalardan eline birini aldy. (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).


KALIÝ, him. Kümüş reňkli ýumşak metal, himiki element. Kaliý örän aktiw metaldyr («Mydam taýýar» gazeti).


KALINA, bot. Ak gülli, ajymtyk gyzyl miwe getirýän gyrymsy agaç. Ösüpdir kalina, dub hem berýoza, Bu ýeriň tomusy çalymdaş ýaza (Çary Aşyr, Poemalar).


KALLIGRA'F, Owadan poçerk bilen düşnükli hat ýazýan adam, hatdat.


KALLIGRAFIK, Owadan poçerk bilen düşnükli ýazylan. Kalligrafik ýazylan hat.


KALLIGRA'FIÝA, Haty owadan poçerk bilen düşnükli edip ýazmak çeperçiligi, hatdatlyk ýoly. Okuwçylaryň ýazuw kalligrafiýalaryny gowulandyrmak barada hiç hili çäre geçirilmändir («Mugallymlar gazeti»).


KALORI'METR, fiz. Ýylylyk mukdaryny kaloriýa hasaby bilen ölçeýän abzal.


KALORIMETRIK, Kaloriýa ölçeýän gurala, kalorimetre degişli bolan. Kalorimetrik usul bilen jisimleriň temperaturasyny kesgitlep bolar («Fizika kursy»).


KALORIME'TRIÝA, fiz. Fizikanyň ýylylyk mukdarynyň ölçelişini öwrenýän bölümi.


KALORIÝA, fiz. ýylylyk mukdarynyň ölçeg birligi. Don daş kömrünin, her 1 kilogramy 7000 kaloriýa berýär («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»). Ýylylyk mukdaryny ölçemek üçin birlik kaloriýa bellenipdir («Fizika kursy»).


KALORIÝALYLYK, Kaloriýa hasaby bilen ölçenýän ýylylyk mukdary ýa-da energiýa mukdary.


KALP, kön. s. Ýürek, göwün. Şol duşuşyk Aýsoltanyň kalbynyň näzik ýerinde bir duýgy oýandyrdy (B Kerbabaew, Aýsoltan). Arassa kalply, sada görnüşli bir garryja aýal ony wokzala çenli ugratdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KALЬKA, 1 Nusga almak üçin ulanylýan çyzgy kagyzy

2. lingw. Bir dildäki sözleri ýa-da söz düzümlerini başga bir dile şol durşuna terjime ediş ýoly, usuly.


KALЬKIRLEMEK, 1. Çyzgynyň we ş. m. üstüne kagyz goýup nusgasyny almak.

2. lingw. Kalьka ýoly bilen almak, şol durşuna terjime edip, kalьka emele getirmek.


KALЬKULIRLEMEK, Harydyň satyn alynjak ýa-da satyljak bahasyny çykarmak, kalьkulýatsiýa düzmek.


KALЬKULÝA'TOR,  Kalьkulýatsiýa düzýän spetsialist.


KALЬKULÝA'TSIÝA, Harydyň önümçilige düşýän bahasyny, satyljak we satyn alynjak bahasyny çykaryş.


KALTSIÝ, him. Kümüş reňkli ak ýumşak metal, himiki element. Gips daşy bolsa esasan kükürt we kalьtsiý elementlerinden durýar («Pioner» žurnaly).