SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGA

AGA [a:ga], 1. Özüňden uly erkek dogan ýa-da ata tapyndan bolan erkek garyndaş. Şondan soň Wepanyň agalary-da ony köteklemelerini goýdular  (A. Goşudow, Mähri—Wepa). Biri ini ýaly, birisi aga (Mol murt, Saýlanan eserler). Agam Moskwa gitdi.

2. Ýaşully adamlara ýüzlenilende ýa-da olara  hormat goýlup aýdylýan söz. Berdi aganyň ogluna Annaguly sölpi diýerdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gurban aga geçen günine göz aýlap, Ýeňşiler goýnunda göwnün hoşlaýar («Sowet edebiýaty»    žurnaly).   

3.  Hökümdar,  häkim.  Azatlyk gününiň, daňy Atypdyr. Aga-baýarlygyň döwri ötüpdir   (Mollamurt, Saýlanan eserler).


AGA'BA, bot. Süýüm almak üçin ösdürilýän trop dekoratiw ösümlik.


AGALYK [atalyk],  Hökümdarlyk, häkimlik. Agalyk sürýän  synplara  halk   gaharlanyşygynyň,  howpy

howatyr salypdyr. Ilkidurmuş-obşina düzgüni wagtynda agalyk etmek-de, ezişlik-de bolmandyr (SSSR taryhy).


AGARAN [a:garan], Düýe çalynyň ýüzüne galýan gatyk. Çaý teýi ýerine alaçaly ýag hem düýäniň agarany bilen bakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Agaran bilen çörek iýdik.


AGARMAK [a:garmak], 1. Ak bolmak, ak bolup görünmek. Tamyň ýüzi agardy. Uzakdan jaýlar agaryp görünýärdi.

2. Gaharlanmak, gorkmak ýa-da näsaglyk zerarly ýüzüň gany gitmek. Onuň peşeneli garamtyl ýüzi bir hili agardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Birden Baýramyň meňzine gan inip gyzardy-da, dessine-de edil kagyz ýaly agaryp gitdi (N. Jumaew, Ak derek). Peçoriniň birneme reňki agardy (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

3. Çalarmak, çal bolup başlamak, ak girip başlamak. Kim bilýär, belki, onuň sakgalynyň şeýle tiz agarmagyna şol hem sebäp bolsa bolandyr (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly).

4. Ýagtylyp başlamak, saz berip başlamak. But-hananyň içi heniz daň agarmanka halkdan doldy (N. W. Gogolь, Eserler).

5. Solmak, reňki gitmek. Meniň kostýumymyň reňki agardy.

6. ýüzüniň posy, reňki, hapasy aýrylyp, ak bolmak. Pyçagyň ýüzi agaryp başlady.

*Göz agarmak — ser.Göz. Onuň gören günlerini gören bolsaň, seniň gözüň agardy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Meniň gören günümi it görse, gözi agar.


AGARTMAK [a:gartmak], 1. Ak reňke öwürmek, ak etmek. Tamy agartmak.

2. Reňkini gidermek, soldurmak.  Gün kostýumymy agartdy.

3. ýüzüniň  reňkini, hapasyny aýryp ak etmek.

* S a ç-s a k a l y n y  a r a p t m a k — birini agyr güne salmak, horlamak, gynamak.


AGARÇÄKMEN [a:ga:rçäkmen], Düýäniň gapdal ýüňün-den gyllap egrilip dokalýan nepis çäkmen. Ol tomsuna agarçekmen, gyşyna bolsa pagtaly don geýerdi, biline ak biz guşak guşanardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Egni agarçäkmenli ýigit işikden girdi. Agarçäkmen etegi, Etegi guşlar ýatagy (monjugatdy).


AGA'T, Gaty gatlakly mineral, kowartsyň bir görnüşi.


AGAÇ, 1. Esasy düýbünden şaha aýrylyp ösýän köp-ýyllyk uly ösümlik. Kenar boýundaky agaçlaryň ygşyldysynyň küýli owazyny sähra ýaýradýardy (M. Gorьkiý, Ene).

Agajyň erbedi soky bolar, adamyň erbedi — sopy (nakyl).

Agajyň şahasy ýokary bolsa, miwesi aşak (nakyl).

2. Gurluşyk materialy, ýangyç serişdesi. Her bir adamyň agaç çapmaga haky bar ekeni (Orta asyrlar taryhy).

*Agaç etli — Ser. E t l i.  Egni gök kombinzonly, agaç etli ýigit ertiriň temiz howasynda bu görnüşe syn edýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu adam otuz bäş ýaşlar çemeli, onuň agaç etli, agras bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


AGAÇLYK, Agajyň köp biten ýeri, baglyk. Uzakda agaçlyklaryň arasynda üsti çerepiňaly ak tam seleňlep göründi (B. Pürliew, Söýgi mukamy). Daşdan seredeniňde Bagyr obasy giden gür agaçlyk bolup görünýär.


AGAÇÇY, Agaç ussasy, agaç işläp bejerýän ussa, agaç önümlernni ýasaýan kärhana işçisi, neçjar.

 Enäniň gapdalyndan agaççylar tsehiniň ussasy Wawilow geçip,gitdi (M. Gorьkiý, Ene). Agaççy ussa byçgy bilen agaç kesýärdi.


AGAÇÇYLYK, Agaç ussasynyň käri, ýagdaýy, neçjarlyk. Agaççylyk kärine ökdelemek. Agaççylyk seneti bilen meşgul bolmak.


AGAÝANA [a:gaýa:na], Öz meýliňe, keýp edip, arkaýyn, gaýgysyz. Olaryň oglanlary bolsa gyrmyzy don geýip, başyna ak şempa telpek atyp, sowuk suwa el urman, agaýana gezýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).