SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGE

AGE'NT, 1. Bir guramanyň, edaranyň tabşyrygy boýunça ýerlerde gulluk wezipesi bilen baglanyşykly

 iş alyp barýan wekil. Bir sapar zemstwonyň agentini  strahowanie üçin   kötekled-ow (M. Gorьkiý,   Ene).

 2. Başga biriniň bähbidi üçin hyzmat  edýän, gizlin iş alyp barýan adam, içaly. Bütin Türküstan general

Mallesonyň jansyzlary hem  harby agentleri bilen doldy (B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AGENTLIK, Bir edaranyň ýerli bölümi hem-de käbir informatsion, aragatnaşyk we ş. m. edaralaryň ady. Türkmenistanyň Telegraf agentligi. Howa flotunyň agentligi. Poçta agentligi.


AGENTURA, 1. Razwedka ýa-da yzarlama işini alyp barýan gulluk.

2. Agent bolup işleýänleriň jemi, agentler. Graf oňa soňky agentura maglumatlaryny mälim etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AGENTÇILIK, Agent bolup işlemeklik käri, agentiň wezipesi.