SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGS

AGSAK, Nähili-de bolsa, şikes etmek zerarly bir aýagy maýyp, aýagy şikesli, keýtik. Agsak Niliň gyzyny men tanaýaryn (M. Gorьkiý, Ene). Kyrk gulanyň içinde bir agsagy bildirmez (nakyl). Suri agsagyny gizlär (nakyl).


AGSAKLAMAK, Birneme arsap ýöremek, keýtiklemek. Ol elindäki taýaga ýaplanybrak agsaklap ýöreýär (B. Pürliew, Ilkinji gün). Bäşim çalaja agsaklap, bir okunyň biderek gidenine gynanyp barýarka, onuň öňünden bir towşan turup gaçdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AGSAKLYK, Agsagyň ýagdaýy, agsak bolmaklyk, keýtiklik. Agsaklyk oňa uzak ýol ýöremäge mümkinçilik bermedi.


AGSAMAK, 1. Aýaga şikes etmegi zerarly keýtikläp ýöremek. Bogunlary çişýär we agyryly bolýar, agsap başlaýar (B. P. Borodin, Öý guşlarynyň keselleri we weterinar-profilaktik çäreler). Onuň ýykylanda çykan aýagy birneme agsaýardy.

2. göç. m. Durmuşda yza galmak, işde yzda süýrenmek. Medeni-köpçülik işleriniň agsaýandygyny hem nygtap görkezip, berk tankyt astyna alypdyrlar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


AGSATMAK, 1. Agsak etmek, keýtik etmek, keýtikletmek. Men çep aýagymy agsadypdyryn («Pioner» žur-naly).

2. gäç. m. Biriniň işine zyýan etmek, päsgel bermek, işi gaýra goýdurmak.


AGSYL, Ýokançly gara mal keseli. Sygyrlar we göleler agsyl bilen keselleýärler.