AGŞAM, 1. Günüň ýaşan çagy, sutkanyň gündiz gutar soň gije bilen aralygyndaky wagt. Nabat eje agşam düşen badyna garaja öýüniň iki taý gabsasyny açyp goýýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalr) Şatlygyny paýlaşmak üçin şol agşam direktoryň ýanyna gelip giden adamyň hetdi-hasaby ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Orta bilimi bolsa men geçen ýyl aldym. Gündiz işläp, agşam okadym (N. Jumaew, derek). 2. Şol wagtda geçirilýän jemgyýetçilik ýygnanyşygy. Edebiýat agşamy. Tans agşamy. * Agşamyň haýyrly bolsun ýatmazdan öň birne ynjalykly ýatmagy arzuw edip aýdylýan aňlatma. Agşamyň haýyrly bolsun, Sarykbaý! («Sowet edebiýat žurnaly). AGŞAMARA [agşamara], Günüň ýaşan wagty, agşam düşen wagty. Penjiräň öňünde oturyp bir gün, Üç gyz agşamara edýärdi gürrüň (A. C. Puşkin, Ertekile] Ol işi bolmasa-da, agşamaralar ýuwaş-sykylyk atyp eýläk-beýlek geçmäni çykardy (B. Gulow, Hekaýala] Agşamara sygyrlar sürüden gelýärler. AGŞAMLYK, 1. Agşam, iňrik garalandan soň. Siz ekskursiýadan agşamlyk geldiňizmi? 2. Agşam nahar. Onuň bilen agşamlyk edinmäge galandygyny aýtdy. (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymanlary) Agşamlyk nahary şonuň içindedi (M. Ibrahimow, ol gün geler). |