SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGT

AGTA, Erkeklik agzasynyň mäzleri aýrylan, biçilen. Aşyr agta ýabysyny suwa goýberip, Artygyň halyny sorady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Söweş güni münme agta, Agta göwni öçgun bolar («Görogly» epo-sy). Daýaw agta öküzler ýer sürmek işinde peýdalanylýar.


AGTALYK, Erkeklik agza mäzleri aýrylanlyk, biçilenlik ýagdaý.


AGTARMAK, 1. Birini ýa-da bir zady tapmak üçin gözlemek; dörüşdirmek, sermeşdirmek.

Agtaran — tapar diýipdirler (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Ol şol azajyk wagty hem halk peýdasy üçin ulanmak çäresini agtarýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zadyň üstüni açmak üçin barlag geçirmek. Arheologlar munuň ýaly gorganlaryň köpüsini gazyp agtardylar (Gadymy dünýä taryhy). Batyrgaý tejribäň şowly bolsun! Agtarsaň taparsyň! (N. Jumaew, Ak de-rek).

* Köne saman agtarmak —. könäni gozgamak, bir wagt bolup geçen gürrüňi gozgamak, ölçermek.


AGTARTMAK, Birini ýa-da bir zady gözletmek, barlatmak. Eziz ony atlylaryň içinden agtartdy.

(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AGTARYLMAK, Tapmak üçin barlanylmak, gözlenilmek. Şäher içindäki saraýlar agtaryldy. Sen, eden gömüsgäň üsti agtarylanda, dürli haýýallyga tutunýarsyň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AGTARYŞ, Ylmy taýdan barlag, gözleg. Agtaryş wagtynda alymlar gara daşdan edilen ullakan sütün tapdylar (Gadymy dünýä taryhy). Agtaryş işlerini geçirmek.


AGTARYŞMAK, Tapmak üçin barlaşmak, gözleşmek.


AGTYK, Oglundan ýa-da gyzyňdan bolan çaga. Meň agtygym häzir geler (A. C. Puşkin, Ertekiler). Garry

agtygynyň maňlaýyndan. öpüp, öýüne ugrady   (B. G liew, Ilkinji gün).