SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGD

AGDAR-DÜŇDER [a.tdar-düňder], Akan-dökän,  akan-ýykan, dagynyk, tertipsiz.

Çatmanyň içini agdar-düňder etdiler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ol guduzlan ýaly bolup, öýüň içini agdar-düňder etmäge başlapdyr (N. Geldiew, Gyzyl galstuk). Indi. ol oda gorsalyp, agdar-düňder bolan meýdanda, gara dag çakyşýan ýaly, uly tanklar gazap bilen söweýşärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


AGDARMAK [a:gdarmak], 1. Birini ýa-da bir zady bir tarapyndan ikinji bir tarapyna ýa-da gapdalyna öwürmek. Çagany iki ýanyna ýygy-ýygydan agdarmak gerek («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Ýykmak, düşürmek. Ol meni arkasyndan agdarmaga jan edip, birsyhly urunýardy (M. Gorьkiý, Ene). Begenç, Annak maşyny agdarar öýdýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

3. Häkimiýet başlygyny, jemgyýetçilik gurluşyny üýtgetmek, öňki jemgyýetçilik düzgünini ýok edip, täze jemgyýetçilik düzgüni gurmak. 1821-nji ýylda Puşkin häkimiýeti güýç bilen agdarmak hakynda «Hanjar» diýen syýasy şygryny düzüpdir («Edebiýat») Bu, ak patyşany hem agdaryp gelen adam ahyry! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Yzyna gaýtaryp guýmak. Pökgen öňünde goýlan çaýyny käse guýup, bir-iki sapar agdardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ikinji käseni çäýnege agdardym-da: — Siz kim bolarsyňyz? — diýip soradym («Tokmak» žurnaly).

5. Ýer sürmek, ýer depmek. Ýer-suwdan paý alan garyp ýoksullar, Agdaryň, dönderiň, ýer-suw siziňki (Mollamurt, Saýlanan eserler). Polat atly, ýer agdarýar tar-tarlap (N. Pomma, Saýlanan eserler).

6. Açyp gözden geçirmek, yzly-yzyna (sahypalaryny) açmak. Kitaby açyp, bir näçe sahypalaryny agdardy (A. Gowşudow, Mahri—Wepa). Baýram bu sahypany soňuna çenli okaman, ýene bir näçe sahypany agdardy (N. Jumaew, Ak derek).

7. Aşagyny ýüzüne çykarmak, garmak. Mähnet gazandaky palawy aşbaz kepje bilen agdardy

(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kepgir bilen palawy agdaryp, gazanyň agzyny ýapdy.

* Gözüňi agdaryp ýatmak — Ser. G ö z.


AGDARTMAK [a:gdartmak], 1. Beýlesine öwürtmek, bir zady ikinji ýüzüne öwürtmek. Aşyr ýazylan keçäni ol ýüzüne agdartdy.

2. ýykdyrmak, düşürtmek. Ýüki agdartmak.

3. Yzyna gaýtaryp guýdurmak, gaýtartmak. Bagşy demlenen çaýy agdartdy.

4. Ýer sürdürtmek, ýer depdirtmek. Üzümiň düýbüni agdartdylar.

5. Garyp, öwrüp aşagyny ýüzüne çykartmak. Palawy agdartmak.


AGDARYLMAK [aggdarylmak], 1. Bir tarapyndan beýleki tarapyna öwrülmek. Hassa agyrysyna çydaman, hyklap, iki ýana agdarylýar («Tokmak» žurnaly). Mydam işine jür Kakaly ýatan ýerinde bir eýläk, bir beýläk agdarylyp, burawyň işi barada pikir edip ýatyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bir tarapa eňip gitmek, düňderilmek, ýykylmak. Pökgi wala diň arkan serrelip, agdarylan pyşdyla döndi (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim). Onuň sanýasy iki ätmän agdarylýardy.

3. ÝoK edilmek, ýykylmak. Kerenskiniň buržuaz hökümeti agdaryldy, ministrleri bolsa tussag edildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Yzyna gaýtarylyp guýulmak, gaýtarylmak. Çäýneklerdäki. çaýlar agdaryldy.

5. Sürülmek, depilmek. Kolhozyň üzüm ekilýän ýerleri agdarylyp gutaryldy.


AGDARYLYŞYK.   [a:gdarylyşyk],     Jemgyýetçilik taryhynda bolýan uly özgeriş, öwrülişik. Ýakyn günlerde ýene bir agdarylyşyk bolmagy mümkin (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim).


AGDYK [a:gdyk], 1. San taýdan artyk, mukdar taýdan köp, artyk. Persler san taýdan greklerden agdyk bolupdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). Ýol uzak, işem agdyk («Mydam taýýar» gazýeti).

2. göç. m. Agyr, artyk.  Seniň sözleryň maňa agdyk.

3. Bir tarapa agan, gyşaran (ýük hakda).


AGDYKLYK [a:gdyklyk], San taýdan artyklyk, köplük, artykmaçlyk. Umytsyzlyk äheňleri agdyklyk edýärdi (M. Goryşý, Eserler). Seň halkyňa boýun egdirip bilmediň, Agdyklyk etse-de olaň sanlary (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


AGDYRMAK [a:gdyrmak], Bir zady ölçeginden artyk dolduryp, erneginden dökmek.

* Ezenegiňi agdyrmak — özüňi, egin-eşigiňi oňarman, iş başarman ýörmek. Donunyň ezenegini agdyryp, lep-lep edip, pagta ýygmaga ugrady (A. Durdyew, Saýlanan  eserler).