AGRALMAK, 1. Agramy artmak, agramy köpelmek. 2. Agraslanmak, parasatly bolmak. 3. Ýaltalyk basmak: haly, ýagdaýy erbetleşmek. Günbe-günden agralýardy ýükümiz (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Gabaklary bir-birine ýelmeşýär, kellesi agralýar («Sowet Türkmnistanynyň aýallary» žurnaly). 4. göç. m. Aýy-güni golaýlamak, dogjak wagty ýakynlaşmak. Göwreli barha agralýardy. AGRALTMAK, 1. Bir zady agyr etmek, bir zadyň agramyny artdyrmak. Bu zatlar meniň jübimi agraltýar. 2. Biriniň gününi has kynlaşdyrmak, erbet ýagdaýa salmak. Şeýle agyr durmuşy has-da agraltmak nämä gerek (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Gopbamlaryň halyn agraltdy bu dem, Aryn alýanlaryň batly gollary (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). 3. Güýjüni gaçyrmak, kuwwatdan düşürmek. AGRAM, 1. Bir zadyň agyrlygy. Öweç goýunlaryň agramy 5060 kilograma ýetýär («Sowet edebiýaty» ž naly). 2. Kynçylyk, agyrlyk; gaýgy. Bütin agram daýhanyň üstüne düşýär. Halnazar şeýle agramy nähilli çeksin? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 3. Bir sadyň köp bölegi, köpüsi. Gijäniň agramy geçipdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýol işçileriniň agramy soldatlyga alyndy. Gandym geldi, Aşyr geldi, başga-da gidenleriň agramy dolanyp geldi. Artyk näme üçin gelmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). * Agram salmak1) Üstünden basmak, agram atyp aşaklygyna gysmak, agram atmak. Aýaklaryny batgadan sogurýan ýaly iki aýagyna taýly gezek agram salyp ýöreýän operator howanyň gazabyndan käýinip, gidip barýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly); 2) Ezýet bermek, horlamak, ezmek. Garyp zähmetkeşe agramyn salyp, Baýlaryň kisesin* dolduran adat (Mollamurt, Saýlanan eserler). Gamgin bir duýgy enäniň kalbyna agram salyp, ýüregini bolady (M. Gorьkiý, Ene).Agramy aşyr atmak köpüsini amal etmek, köp bölegini edip gutarmak, ýarpydan has aňry geçmek. Agramy aşyr atan Gün dag gerişleriniň depesine tarap eňňit edýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). AGRAMLAMAK, Bir zady, predmeti eliňe alyp, çen bilen onuň agramyny kesgitlemek, saldarlap görmek AGRAMLY, 1. Agramy köp bolan; saldamly. Begenç agramly gowaça gozalarynyň ýuka köýnek üstünden patlap degenini duýmady (B. Kerbabaew, Aýsoltan). 2. Salyhatly, paýhasly, parasatly, edepli. * A g r a m l y söz aýtmak Ser. S ö z. Onuň şofiora agramly söz aýtmagyndan heder eden Andreý Nikolaewiç durup bilmedi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Dilmajyň aýdan agramly sözi ýaraman, Agsak mürze tapançasyna ýapyşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). AGRAMLYK, Bir zadyň gyşarmazlygy üçin ýa-da deň agramlylygy saklamak üçin asylyp goýulýan zat, ýük, agyrlyk. Gara öýe çöwşi etmeli, çuwaly gumdan dolduryp, tüýnük ýüpden agramlyk asyp goýmaly (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). AGRAMLYLYK, 1. Agramy köplük, agyrlyk. 2. Salyhatlylyk, paýhaslylyk, parasatlylyk, edeplilik; gaýgylylyk, ünjülilik. Kuýbyşewiň keşbinde bir agramlylyk duýulýardy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). AGRAMMA-AGRAM, Deňe-deň, deň agramly, agramyna barabar. Agramma-agram çalşyk etmek. AGRAR, Ýer işlerine we ondan peýdalanmaklyga degişli bolan. Agrar mesele. AGRAS, 1. Sähelçe agyr gelýän, agyrrak bolan, agyrrak çykan. 2. Salyhatly, edepli. Ýigitleriň uzynak we agras biri stoluň başyndan turup, olara kömekleşdi (M. Gorkiý, Ene). Ol adam özüniň şeýle daýawlygy ýaly hem agrasdy (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly). Wepanyň gapdalynda peýda bolan agaç et agras göwre Sähetdi (A. Gowşudow, MähriWepa). 3. Agyrlyk bilen hereket edýän. Onuň agras aýaklary, uly kellesi garyň üstünde ertirin, alasarmyklygynda öňküden-de ullakan ýaly bolup görünýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). 4. Ýuwaş eşidilýän, saldamly (ses hakda). Gapynyň aňyrsynda agras aýak sesi eşidildi (M. Gorьkiý, Ene). Işleýän maşynlaryň agras güwwüldisi eşidilýärdi. 5. göç. m. Ýakymsyz, tutuk. Ýaprak-dan gül ysy gelmän, agras çygly bir ys Aýsoltanyň burnuna urdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). AGRASLYK, 1. Agyrlyk, agramlylyk. Garaňkynyň içinde garyň öl petdeleri agraslyk bilen gaçýardylar (M. Gorьkiý, Ene). Ol agraslyk we ýadawlyk bilen uludan demini alýardy (M. Gorьkiý, Eserler). 2. Salyhatlylyk, parasatlylyk, edeplilik. Jennet agraslyk bilen ýerinden turdy («Mydam taýýar» gazeti). AGREGAT, 1. teh. Bilelikde işleýän bir näçe maşynlaryň jemi. Buraw agregaty häzir hereketsiz ýatyr-dy («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Çylşyrymly maşynyň bölekleriniň birleşigi. AGRESSI'W, Zorlukly, talawçylykly, basybalyjylykly. Geplenýär köp dilde, gepleýär millet, Agressiw güýçlere ýagdyryp nälet («Oktýabrь ýalkymy»). AGRESSIWLIK, Basybalyjylyk, talawçylyk etmäge ymtylmaklyk, uruş oduny tutaşdyryjylyk. Käbir kapitalistik döwletler agressiwlik etmäge ymtylýarlar. AGRE'SSIÝA, Bir döwletiň territoriýa basyp almak, gorkuzyp elgarama etmek, demokratiýany basyp ýatyrmak we reaktsion düzgünleri ornaşdyrmak maksady bilen başga bir döwletiň üstüne çozmagy. 1941-nji ýylda faşistik Germaniýanyň SSSR-iň üstüne duýdansyz çozmagy agressiýadyr. AGRO..., Gysgaldylan goşma sözleriň «agronomik» diýen manyny aňladýan birinji bölegi. AGROBIO'LOG, Agrobiologiýa boýunça spetsialist. AGROBIOLOGIK, Agrobiologiýa degişli bolan, agrobiologiýa esaslanýan. Agrobiologik derňewler. AGROBIOLOGIÝA, Ýer işlerine degişli bolan umumy biologik kanunlar hakyndaky ylym. Sowet agrobiologiýasynyň üstünlikleri uludyr. AGROLABORATOFIÝA, Ýeriň hasyllylygyny gazanmak üçin barlag geçirýän laboratoriýa. Posiologyň ortasynda agrolaboratoriýanyň jaýlary ýerleşdirilmek («Kolhoz günleri»). AGRONO'M, Oba hojalygynda ýer işleri bilen meşgullanýan spetsialist, agronomiýa boýunça spetsialist. Pökgeniň agronomlar bilen ugursyz jededelleşmegi hem agronomyň görkezmelerini tutmaýan ýerleri bolýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). AGRONOMIK, Agronomiýa degişli bolan, agronomiýa esaslanan. Agronomik çäreler. |