SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGL

AGLABA [agla:ba], 1. Bir zadyň ýa-da adamlaryň köp bölegi, köpüsi, ýaryndan gowragy. Toýa geljekleriň aglabasy geldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Sowet adamlarynyň, ýaşlarynyň aglaba köpüsi bulara pugta düşunýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Duranlaryň aglabasy tanyşdylar («Kolhoz günleri»).

2. Esasan, galapyn, köplenç. Derýalaryň we kölleriň ýanyndaky adamlar aglaba balykçylyk bilen meşgul bolupdyrlar (SSSR taryhy). Orta asyrlar döwründe çagalary terbiýelemek. we okatmak işi aglaba buthana elinde jemlenýärdi (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika},


AGLAK I, Az sanly, seýrek, selçeň, dagynyk. Il aglak bolsa, doňuz depe çykar (nakyl).


AGLAK [a:glak] II, Hemişe aglap ýören, köp aglaýan. Şonuň üçin Aýnajyk Aglak lakamyn aldy (A. Kowusow, Goşgular we poemalar). Aglak çaga. Aglak oglanjyk.


AGLAMAK [agglamak], 1. Gözýaş etmek, gözüňden ýaş dökmek. Birinj gezek begenjinden aglady («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. göç. m.  Bir zada gynanyp zeýrenmek, ahmyr çekmek, zarynlamak. Halkyň beýle ýagdaýyna şahyr aglaýar («Edebiýat»). Men şeýle hala etmiş uçin düşmän, siziň günüňize aglanym üçin düşdüm (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). «Aglamadyk çaga emjek ýok» diýip, Kän gezek eşdenňi bilýärin, eý, gyz! (B. Seýtäkow, Senemiň söýgüsi).

* Gan aglamak güýçli jibrinmek, zorluk görüp, nala çekip, gaty gynanyp zeýrenmek.


AGLAMJYRAMAK [a:glamjyramak], 1. Bir zada gynanyp ýa-da nebsiň agyryp, göze ýaş aýlamak, zeýrenip çala aglamak. Gyzjagaz iki elini ýüzünden aýyrman, aglamjyrap, oňa haýallyk bilen jogap gaýtardy (M. Gorьkiý, Eserler). Hatda onuň aglamjyraýan ýiti sesini suwa geçip barýan Aýna-da eşitdi (B. Kerbaba-ew, Aýgytly ädim).

2. Zeýrenen bolup jögülik etmek, ýalandan aglan bolmak. Ol utanman, aglamjyramaga başlady.


AGLATMAK [a:glatmak], Biriniň aglamagyna sebäp bolmak, birini aglamaga mejbur etmek, gözýaş etdirmek. Batragy agladyp, baýy güldürdiň, Köp naçary günäsizje öldürdiň. Garyplaryň gara bagryn dagladyp, Nikalysyn zorlap aldyň agladyp (Mollamurt, Saýlanan eserler).


AGLAŞMAK [a:glaşmak], Köpçülik bolup aglamak, gözýaş edişmek. Sadap baý bolsa kowçum-kowçum gelýän aýallaryň hemmesi bilen bile aglaşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýogyn sesleri bilen zowladyşyp aglaşmalaryny goýup, gözýaşlaryny süpürdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Zeýrenişmek, derdinişmek.


AGLOMERAT, geol. Dürli dag jynslarynyň minerallaryň ýumşak haldaky üýşmekleri.