SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGY

AGY [a-.gy], 1. Bir zada gaty gynanylanda ýa-da gaty agyry zerarly edilýän gözýaş. Aýallar agy bilen habar berseler-de, Halnazar onuň yzyndan çykman, bus-bus ýaly içerini saklady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim )Enäniň agysy tutýardy (M. Gorьkiý, Ene).

2. Ölüm -ýitimde gynanç bildirilip edilýän ses. Olaryň sazlanyşyp çykýan aýylganç sesleri bütin obanyň içini onuň töweregini agy bilen doldurdy (B. Kerbabaew, Ai gytly ädim).

*Ýürek agysy — Ser. ýürek Eger meniň ýüregimiň şu agysy zamanamyzyň şahyrlaryndan biriniň gulagyna ilen bolsady; belki, gyzykly bir wakany äleme dessan ederdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


AGYZ, I. Aşaky we ýokarky äň aralygyndaky dil, diş ýerleşýän boşluk. Agzymda ýekeje diş galmady.

2. Iki dodagyň uzynlyk aralygy we görnüşi.

Arman, ol gyzyň, agzy ullakan.

3. Girelge, bir zadyň gapysy. Medeni dynç alyş seýil bagynyň agzy.

4. Gap-gaçlaryň içine zat guýulýan ýeri, bokurdak. Çuwalyň agzyny bogmak

5. Kömekçi söz rolunda:  Biz seýil bagynyň agzynda duşuşdyk.

* Agzalar ýaly 'däl —1) hapa sögünç, paýyş söz. Onuň aýdanlaryny agzalar ýaly däl;

 2) baryp ýatan ajy, ýaramaz tagamly.

A g z a   a ň k a p m a k — geň galmak. Bütin oba onuň agzyna aňkardy.

Agza bakmakSer. Agza garamak. Ol, işgärleriň hemmesini agzyna bakdyrdy.

Agza garamak — biriniň diýeni boýunça hereket etmek, biriniň diýeninden çykmazlyk.  

Agza düşmek — biriniň erbetligi hakda il arasynda gürrüň ýaýramak, abraýy gaçmak.

Agza öýkenmek — biriniň aýdan sözlerine göwnüýetmezçilik etmek, biriniň sözlerini ýoýup aýtmak, biriniň diýenini gaýtalamak.

Agza öt (zäk) atylan ýaly bolmak — gödek, ýaramaz söz eşitmek.

Agzy aşa ýetmek — oňat ýaşap başlamak, mätäçlikden çykmak. Ataň pahyryň ýaşlygy bir köne güpbiniň içinde geçdi. Agzy ýaňy aşa ýetende bolsa, bizi ýeke goýup gitdi. Emma weli agzy ýaňy aşa ýeten garyp ýigit häzirki ganat beklän arzuwlarynyň ütsünde kör bolupdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kolhoza girip, agzymyz aşa ýetdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Agzy bimaza — aş saýlaýan, göwreli.

Agzy bişmek — bir iş edip çürkenmek, kösenmek, bir zatdan aldanmak. Tanan gürrüňiniň hem içiniň tutarygy bolmansoň almady. Çünki içi tutaryksyz gürrüňden bir näçe gezek agzy bişipdi (A. Durdyew, Saýlalan eserler). Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer (nakyl).

Agzy boş — içinde gep ýatmaýan, biderek gürrüň edýän, ýaňra. Özüň hem eşidýäň köpelýer myş-myş, Galyň agzy boşlar «ýetmezi barmyş» («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agzy rowşa k — agzy açyk, özüni oňarmaýan, pöwhe.

Agzy gum garbamak — bat bilen ýüzin ýykylmak.

Agzy dek durmazlyk — 1) häli-şindi iýip durmaklyk, iýermenlik. Onuň agzy dek duranok, häli-şindi göwüşäp ýör;

2) Ýaňralyk, lakgylyk. Ol gürrüňe başladymy, onsoň onuň agzy dek durmaz.

Agzy elli—bir gürrüňi, wakany bolşundan beter çişirip, ulaldyp, ýalan-ýaşryk goşup aýdýan.

Agzy jäheksiz — köp gepleýän, ýaňra.

Agzy ýygmak — dil ýetirmekden saklanmak, bir zat dogruda geplemezlik.

Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn—bogup (nakyl).

Agzy mumly ýaly — geplemezek, gürlemezek. Edil agzyňyz mumly ýaly dymyşyp oturýarsyňyz (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýok, Potdy ikimiziň ýanymyzda diliniň keýpini näçe görse görer, emma başga ýerde ol barada onuň agzy mumly ýalydyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Agzy paýyş—hapa, erbet söz aýdýan. Onuň agzy paýyş, çekinmäni bilenok.

Agzy tebsiremek—ser. Agyz kepemek.

Agzymyň içi zirk ýaly — agzymyň içi tup-turşy, agzyma zäk atylan ýaly.

Agzyna bek — syr duýdurmaýan, syr saklaýan, syr bermezek. Ol oglan örän agzyna bekdir.

Agzyna gelenini diýmek — erbet käýemek, sögmek. Ol Merede agzyna gelenini diýdi.

Agzyna dygy bolmazlyk — ser. Agzy dek durmazlyk.

Agzyna it daňlan ýaly — baryp ýatan ýaňra. Ýeri how, agzyňa it daňlan ýaly uwlap gelmesene, sen uwlamasaň hem hemme kişi gitejegini bilýär («Türkmen peýesalary»).

Agzyna pugta — ser. Agzyna bek.

Agzyna salyp bermek— aýtjak gepini aýdyp bermek, öwretmek. Peslikde Nazarowyň her ýazjak sözüni agzyna salyp berip oturan Hezret aşakdan hümürdedi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agzyna sogan dogramaz-lyk — gulak salmazlyk, diýenini etmezlik, boýun egmezlik.

Agzyna suw damdyrmak— birine kömek etmek, horluk çekýäne ýardam etmek.

Agzyna çalmak — iýdirmek, naharlamak.

Agzyndan ak köpük saçmak — joşgunly gürlemek, düblemek.

Agzyndan almak — sözüni bölmek, aýtjagyny aýtmak, öňürtmek. Ol gürrüň edip oturana ýol bermän, onuň aýtjaklaryny agzyndan alýardy.

Agzyndan gep almak — bir zat hakda maglumat almak üçin birini gürletmek, gepletmek. Onuň agzyndan gep almak kyn.

Agzyndan kakyp almak — 1) Ser. Agzyndan almak;2) aýdylýan zatlary ýekän-ýekän bellemek, ýadyňda .saklamak. Ol atasynyň her bir sözüni agzyndan kakyp alyp, öz kalbynda ýerleşdirýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agzyndan süýt ysy gitmedik — köpi görmedik, entek bişişmedik, tejribesiz, ýaş. Kapitalistik ýurtlarda heniz agzyndan süýt ysy gitmedik oglanlar hem işleýärler.

Agzyndan gül ysy gelmek — manyly, akylly sözlemek. Geplände agzyndan gül ysy gelýär.

Agzyny ajatmak — ýakymsyz söz aýdyp, biriniň göwnüne degmek, birini gaty ynjatmak. Wah, nähak ýepe onuň agzyny ajatdylar.

Agzyny ysgamak — pikirini biljek bolup, sorap görmek, soraşdyrmak. Sadap baý tanyş-bilişden, dostdan-ýardan gelinlik sorady, onuň-munuň agzyny ysgady. Hojamyrat wolostnoý komissiýa çlenlerin-den käbiriniň agzyny ysgady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Agzynyň diýenini gulagy eşitmez-lik — diýýänini bilmezlik, jogapkärsizlik bilen gürlemeklik, bolgusyz ýaňramaklyk. Bize onsoň bu adamyň agzynyň aýdanyny gulagy eşidenok eken diýip düşündik («Tokmak» žurnaly).

Agzynyň eýesi däl — syr saklap bilmeýän, ýaňra. Sen oňa bu barada aýtma, ol agzynyň eýesi däl ahyry! Agzyň tagam tapmak — bir zatdan lezzet almak, hezil edinmek, gönenmek, bir zatdan peýda görmek. Senden meniň agzym tagam tapdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Agzyňa buýrup bilmezli k—1) iýmesiz zady iýmek, berhiz saklap bilmezlik. Syrkaw hiç agzyna buýrup bilenok;

2) diýmesiz zady diýmeklik, ýaňralyk etmeklik.

Agzyňa buýurmak — özüne erk edip bilmek, bir zady aýtmakdan saklanmagy başarmak.

Agzyňa siňek gonduryp ýörmek — ýaltalyk etmek, özüňi oňarmazlyk, lellim bolmak. Seniň, diýýäniň, şol agzyna siňek gonduryp ýörenmi?!

Agzyňa suw alan ýaly bolmak — sesiňi çykarman oturmak, geplemän dymyp oturmak.

Agzyndan al alsyn! — erbet, şum habar aýdana ýüzlenip, «beýle söz aýtma, goýaweri» diýen manyny berýän aňlatma.

Agzyňy açma! — gepleme, lal bol, sem bol! Äşebibi barada bolsa agzyňy hem açma («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agzyňy gury çöp bilen çalmak — bar hem bolsa ýok diýip taklap oturmak; mysapyrsyramak. Sary mirap, sen agzyňy gury çöp bilen çalmasa-na! Aşyr, sen, hanym, meselem, agzyňy gury çöp bilen çalýarsyň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Agzyňy ýygmak — diliňi saklamak, sözlemegi, geplemegi goýmak (köplenç ýerlik-siz gürrüň hakda). Agzyňy sala goýbermek — paýyş söz aýtmak.

Agzyňy haýyr açmak — gowy arzuwda bolmak, döwletli gürrüň etmek, gowa ýorup geplemek. Sen ýöne agzyňy haýyr aç-da, aýtjak sözüňi bilip geple! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

A g y z - a g y z d a n   ýel almak — gürrüň ýaýramak, il arasyna gürrüň bolmak. «Agyz-agyzdan el alar» diýen ýaly, bu gürrüň bütin mekdebe ýaýrady («Sowet edebiýaty» žurnaly). «Agyz--agyzdan el alar» diýen ýaly, bu waka barada her kim her hili gürrüň edýär (N. Pomma, Eserler ýygyndysy).

Agyz alartmak — birini tersleşdirmek, aralaryna çöp atmak, apa bozmak, agzybirligi bozmak. Onuň ähli işi, bütin ünsi göreniň aýagyndan arza ýazmak, agyz alartmak («Sowet edebiýaty» žurnaly). Obanyň agzy-ny alartjak bolýan Serdar köri oba  pisleýär (N. Sary-hanow, Saýlanan eserler).

Agyz açmak—1) haýran galmak, geň galyp agzyňy öweltmek, aňkarmak. Aşyryň şähere gözi düşende, agzy açyldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Adamlar içlerini çekip, agyzlaryny açdylar (B. Seýtäkow, Gyz salgydy);

2) dine ynanýan garry adamlaryň oraza tutýan wagtlaryndaky agşamlyk edinmekleri.

Agyz açyp bilmezlik — gorkyňa gepläp bilmezlik, jyňkyňy çykaryp bilmezlik. Garaz, indi siziň ýanyňyzda men agzymy açmaly däl-de (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Agzy bilen ak guş almak — oturan ýeriňden hemme zady aňsat etmek, bir işi ýerine ýetirmek barada öňünden ýerliksiz güplemek.Ony gepletseň, agzy bilen ak guş alýar.

Agyz  birikdirmek — agzalalygy taşlamak, biri-biriňe gulak salmak, bir maksat tutmak; dil düwüşmek, dilleşmek, dostlaşmak. Ýer eýeleri, öz agasyndan aýrylyp giden daýhanlary kabul etmeli däl diýip, agyz birikdirip-dirler (SSSR taryhy). Siziň hem agyz birikdirip, emire garşy göreşmegiňiz gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agyz deňeşdirmek— biri bilen deň sanaşmak, biri bilen sene-mene edişip durmak. Seniň ýaly näkes, binamyslar bilen agzymy deňeşdirip oturmaga hem men namys edýärin! — diýip, Elli hemle urdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Agyzy dolduryp aýtmak — öwnüp gürlemek, ulaldyp gürrüň etmek. Bu ýerde biziň agyz dolduryp aýdar ýaly şeýle bir uly hyzmatymyz ýok-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agyz  kepemek — suwsamak, suwsuzlykdan dodaklaryň guramak. Uzak ýoldan gelenleriň agyzlary kepäp gidipdir.

Agyz  salmak — dişlemek, ýarmak. Ala ganjyk ok ýaly zabyrdap eýeldi-de, ýabynyň guýrugyndan ga-byr-gubur edip agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eser-ler).

Agyz suwarmak — iýmite emenip ýuwdunmak, gultunmak. Almany gören badyna, oglanyň agzy. suwardy.

Agyz suwy — içimlik suw, içilýän suw. Çopanlar we ferma işgärleri üçin gurlan oňaýly ýaşaýyş jaýlara, medpunkta, agyz suwy üçin gurlan basseýne aýlanyp gördük («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

Agyz  süýjetmek — süýji zat dadyrmak, tamşandyrmak.

Agyz  tanatmak — gowulyk ýa-da erbetlik taýdan özüňi belli etmek, kimdigiňi bildirmek. Ol eýýäm agzyny tanadypdyr.

Agyz urmak — iýip, dadyp galmak; dişlemek.

Agyz ýaglamak — biderek, amala aşmajak söz aýtmak.

Agyz ýarmak — bir gürrüňi aýtmak, gürruň edip bermek. Artygyň bugdaý içindäki başyn-dan geçen oýlar ýadyna düşüp, agzyny ýarmaga dili barmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen, gyrnak, eşitmedim diýme, şundan soň bir ýerde agzyňy ýaraýsaň, demiň bilen hasaplaşmaly bolarsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Agyzda bolmak — il arasynda gürrüňiň edilmek, adyň çykmak. Aýakda bolandan, agyz-da bol (nakyl). Agyzda aş gatyklamak — ser. Aş.

Agyzdan sypdyrmak — syr açmak, syr bildirmek. Bilipsiň, eje! Bilipsiň! — diýip, Hangeldi birden agzyndan sypdyranyny duýman galdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Bir agza bakmak — diňe bir adamyň ýolbaşçylygynda bolmak, şonuň aýdanyny etmek.

Bir-iki agyz sözser. S ö z. Men saňa bir-iki agyz söz aýtmaga geldim.

Jüpdek agyz — agzy kiçijik.

Ýüregi agzyndan çykmak — cer. Ý ü r e k. Ýüregim agzymdan çykyp barýar («Sowet Türk-menistanynyň aýallary» žurnaly).

S ö z ü ň   a g z y ň-d a — ser. S ö z.


AGYZBOGY, Halta, ganar, çuwal we ş. m. agzyny bogmak üçin ulanylýan bag, ýüp, daňy. Haltanyň agyzbogusy nirede?


AGYZGAPAK, Bir zadyň agzyny ýapmak üçin gapak ýa-da enjam, agyzýapy. Radiatordan uly güýç bilen bug çykyp, agyzgapagyny-da zyňdy, taşlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AGYZDAN-AGZA: agyzdan-agza ýaýramak (geçmek) — dilden-dile geçmek, il arasyna ýaýramak. Magtymguly agyzdan-agza geçip gelýän halk dörediji-ligine uly üns beripdar («Edebiýat»).


AGYZZYRYK, Atyň agzyna salynýan, uýana berkidilýän halkaly demir. Galdaw ata — polat agyzzyryk! (M. Gorьkiý, Eserler). Alaşa ýeňsesini tüňňerdip, agyzzyrygyny çeýnedi. Jigitler atlarynyň agyzzyryklaryny ýazdyryp, ýazdan galan sonar samana goýber-diler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AGYZZYRYKLAMAK, 1. Agyzzyryk geýdirmek, agyzzyryk salmak. Aty agyzzyryklamak.

2. göç. m. Boýun egdirmek, diýeniňi etdirmek, ýalňyş iş edýäni ýola getirmek.


AGYZZYRYKLANMAK, 1. Agyzzyryk geýdirilmek, agyzzyryk salynmak.

2. göç. m. Boýun egdirilmek, gaýtawul berilmek, diýeniň etdirilmek.


AGYZZYRYKLATMAK, 1. Agyzzyryk geýdirtmek, agyzzyryk saldyrtmak.

2. göç. m. Boýun egdirtmek, diýeniňi etdirtmek,


AGYZZYRYKLY, 1. Agyzzyryk salnan, agyzzyrygy bar bolan. Agyzzyrykly oýan.

2. göç. m. Boýun egdirilen, tabyn edilen.


AGYZLANDYRMAK, 1. Adam ýa-da haýwan çagasyna ilkinji gezek iýmitlenmegi öwretmek. Mahlasy, çopanlar guzyny agyzlandyrýançalar, köp zähmet çekmeli bolýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Birine batyrlgy, ýitiligi öwretmek; ugra, ýola salmak.


AGYZLANMAK, 1. Iýmitlenmegi öwrenmek. Guzujyk agyzlanyp başlapdyr.

2. göç. m. Batyrgaý bolmak, pert-pert gürläp başlamak; ugra, ýola düşmek.


AGYZLAŞMAK, Diýlene gaýtargy berip durmak, aýdylana jogap gaýtaryp sögüşmek, sene-mene edişmek. Agyzlaşyp oturma-da, bes et!


AGYZLY, 1. Agzy bar bolan. Agyzly ýara.

2. göç. m. Öz täsirini başgalara ýetirip bilýän, sözi diňlenýän. Agyzly adam.


AGYZMA-AGYZ, Jikme-jik, zat goýman, baryny, hemmesini. Bäşim serdaryň hut özüna görüp, oňa seniň beren görkezmeleriňi agyzma-agyz aýtdym («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AGYZSYZ, 1. Agzy bolmadyk.

2. göç. m. Geplemezek, gürlemezek. Erkanalyk, erkim berip elimden,   Dil, agyzsyz galmaýyn men lal ýaly (B. Kerbabaew, Aýlar).


AGYZÝAPY, ser. Agyzgapak. Syýahatçy. heleý pejiň agyzýapysyny ýuwaşja süýşürip, öz ogly Wakulanyň öýe myhman çagyrandygyna ýa-da çagyrmandygyna garady (H. B. Gogolь, Eserler).


AGYL [a:gyl], 1. Mallary saklamak, yklatmak üçin diwar, agaç aýlanan ýer. Şu ýyl goýunlaryň gyşladyl-jak ýerlerinde 10 bassyrma we agyl guruldy («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Goýun agylyndan. üç sany goýun, iki sany geçi boýunlaryny uzatdylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy (matal).

2. göç. m. Gurşaw, aýlaw, halka. Aýyň daşyny agyl alyp, Käte gara bulda batýar (R. Seýidow, Bagtlylar).


AGYLLAMAK [a:gyllamak], Bir zadyn daşyna aýlaw bolmak, tegelek halka bolmak. Äpet daglar agyllap, al-asmanda abanyp dur (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).


AGYLÇA {a:gylça], Goýun-geçi ýaly mallar saklanýan uly bolmadyk agyl. Agylçalarynda iki sany semiz baggoýun hem gäwüşeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şondan. soň ol, gözenek agylça içinde towuklaryň öňüne-sepilen arpany gördi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


AGYM [a:gym], Süri bir ugra ýönelende göni gitmän, kä tegelenip, kä öwrülip, ýuwaş-ýuwaşdan otlap edýän hereketi. Heniz iňrik garalmanka, süriniň hem agym edip gelýänligi mälim boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


AGYMTYL [a:gymtyl], Birneme agrak, reňki ak öwüsýän. Ýegorjyk onuň agymtyl kellesini çyn ýürek-den ýaman görýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Owadan gök maşyn agymtyl daň ümezliginiň içine kem-kemden siňip, gözden ýitip gitdi • (N. Jumaew, Ak derek).


AGYN, 1. Bütinleý, durşuna, tükel. Garaňky jaýyň içinde üsti-başy agyn tozan, sakgal basyp giden bir

gözüm düşdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

2. Edil, tüýs, hut.  Ah, häliden Amanow Mämmet diýseňiz bolmaýarmy? Agyn boldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


AGYNAMAK [a:gynamak], Eýläk-beýläk togalanmak, agdarylmak, bir tarapyňdan beýleki tarapyňa gaýta--gaýta öwrülmek.  Ýorgalap köp ýollap ötmegim bardy, Aňňyryp, agynap ýatmagym bardy («Tokmak» žurnaly). Ol, agynap galan alaşa bakan ýüzlendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Günlerde bir gün, aldawçy, guýrukman tilki agynamak üçin bir uly ýola baryp, eýlek-beýläk guma togalanypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyn-dysy»).


AGYNATMAK [a:gynatmak], Agynamaga maý bermek (mal hakda).


AGYNAŞMAK [a:gynaşmak], Köp bolup agynamak, yzly-yzyna agynamak (mal hakda).


AGYNYK [a:gynyk], Düýäniň agynap ýatan hem çöküp oturýan gumak ýeri.


AGYP-DÖNMEK    [a:gyp-dö:nmek],   1. Eýläk-beýläk aýlanmak, dolanmak. Ýaz üstünde goýun-guzy Gezýär her ýan agyp-dönüp (R. Seýidow, Bagtlylar). Göýä oýnaklap, biri-birini kowalaýan ýaly bolup, bulutlar aşak-ýokaryk  agyp-dönýärdiler (N.  Jumaew,    Ak derek).

2. Üýtgäp durmak, durnuksyz bolmak. Ýigit sähel söze agyp-dönýänlerden däldi   («Kolhoz günleri»). Jeňňeliň agyp-dönüp duran tutuk şaggyldysy bu gyzy gutlaýardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AGYR, 1. Agramy köp bolan, ýeňil bolmadyk. Agyr gozalar öz saldamyna duýlar-duýulmaz yranýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Traktor agyr, ýerinden gozgap bolanok («Tokmak» žurnaly).

2. Kynlyk bilen amala aşyrylýan, kyn, köp zähmet we güýç talap edýän. Programma biçak agyr bolup çykdy (A. C. Puşkin, Saýlanan eserler). Ekerançylykda agyr zähmet talap edýän işler elektrifikatsiýalaşdyrylýar («Sowet Türk-menistanynyn aýallary» žurnaly). Ýazmak gaty agyr boldy bu haty, Başlajak bolamda ýaýdandym gaty (A. Kekilow, Söýgi).

3. ÝAkymsyz, ynjalyksyz. Garaňkyrap barýan agyr howada howlynyň içi onuň ýagty gözlerine dar göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Ýaman, azaply, ejirli, gaýgyly, çykgynsyz. Çernyşow agyr ýagdaýda galdy. Kimler agyr günlerini biri-birleri bilen paýlaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Krylowyň çagalygy agyr ýagdaýda geçýär («Edebiýat»). Aý, gündür-de, baý aga! Agyr hem bolsa geçýär (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly). 5. San taýdan köp bolan, köp, uly. Agyr goşun Tejene bakan süýşüp ugrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Agyr zyýan çekmek.

6. Gorkuly, howply. Ýazyjy on ýylyny agyr kesel zerarly ýatyp geçirdi («Sowet Türkmenistanyň aýallary» žurnaly).

7. Köp, gereginden artyk. Agyr salgyt.

8. Berk, gaty, rehimsiz. Hökümden ýüz dönderen adam agyr jeza duçar boljakdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* A g y r  dem almak — ser.Dem. Ilaman agyr dem alyp barýardy, Gije bolsa ýarpy bolup barýardy (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik), Syrkaw agyr dem alýar.

Agyr degmek — erbet täsir etmek, örän gynandyrmak.

Agyr  ýüzli — ser. Ý ü z I. Munuň hem üstesine, onuň hemişe ýüzüniň agyr-lygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi (A. C; Puşkin, Saýlanan eserler). Gully orta boýly, agyr ýüzli, seýrek gepli, gaharjaň bir ýigitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Agyr söz — ser. S ö z. Birine-de agyr söz diýmegin (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Nury, çagany beýle agyr söz bilen horlama! («Sowet edebiýaty» žurnaly),

Agyr nahar — ser, N a h a r.

Agyr uky — ser. Uky.

Aýagy  aryr — ser. Aýak.

Gulagy agyr — ser. Gulak.

Dili agyr — ser. Dil   II. Dili agyr ýeser.


AGYR-AGYR, 1. Örän agramly, saldamly, uly. Sallanşyp dur agyr-agyr hoşalar («Sowet edebiýaty> žurnaly).

2. Kynlyk bilen, ynjalyksyz. Sallançak-daky bäbejik tiz-tizden agyr-agyr dem alýar (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan). Garry bolsa agyr-agyr dem alyp, Naýynjar görnüşde, çala huşunda

(D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik),.

* Agyr-agyr ädimlemek — ser. Ädimlemek. Ol zalda agyr-agyr ädimläp, iki ýana gezmeläp ýör (A. C. Puşkin, Saýlanan eserler).


AGYRAK [a:gyrak], Awuşap duran, syzlaşyp duran, ynjalyk bermeýän. Agyrak ýara.


AGYRAMAK [a:gyramak], 1. ser. Agyrmak.

2. Göwnüň galmak, göwnüňe degilmek, nägile bolmak. Birinden göwnüň agyrasa erbet eken.


AGYRATMAK [a:gyratmak], ser. A g y r t m a k.


AGYRLAÇ, Ýuwaşlyk bilen, larsyldyly; saldamly.

Agyrlaç lars-lars gaýnaýan toşabyň  reňki öwrülip-dir (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


AGYRLAŞMAK, 1. Agramy artyp başlamak, agramy köpelip başlamak.

2. göç. m. Kynlaşmak, erbetleşmek, çylşyrymlaşyp başlamak.

Galanyň ýagdaýy durdukça agyrlaşýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 1941-nji. ýylyň sentýabrynyň ahyrlarynda frontda ýagdaý agyrlaşdy («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


AGYRLYK, 1. ser. Agram 1,

2. göç. m. Gereginden artyklyk, köplük.

Salgytlaryň agyrlygy halkyň çuň närazylygyny döredipdir (Orta asyrlar taryhy}.


AGYRMAK. [a:gyrmak], Agyry duýmak, agyry syzmak.

Eje, meniň kelläm agyrýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gaty keçäniň üstünde ýanlary agyryp, iki ýana agdarylýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Gulaklaryň agyrmagy howpludyr («Sowet Türkmenis-tanynyň aýallary» žürnaly).

* Nebsiň  agyrmak — ser. Nebis. Biziň ol kiçijik çagalara nebsimiz agyrýar («Mydam taýýar» gazýeti). Nebsimiz agyrsa-da, poemada şeýle konflikti görüp bolmaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AGYRTMAK [a:gyrtmak], 1. Agyry duýulmagyna sebäp bolmak, agyry syzdyrmak.

Ol ýykylyp aýagyny agyrdypdyr

2. göç. m. Biriniň göwnüne degmek, birini ynjatmak. Atasyn agyrdan dowzaha barar («Görogly» eposy). *Baş agyrtmak — ser. Baş I. Menden başga-da suw barada onuň başyny agyrdan köp eken (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Sen biziň başymyzy agyrtma-da, derdiňi aýt (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


AGYRY [a:gyry] I, Näsaglyk ýa-da şikes ýetmek zerarly bir ýeriň awamagy, yza.

Musa aga agyra çydamaga, iňňildäp aglamazlyga çalyşýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Pökgeniň ýürek agyrysy tutupdyr (A. Gow-şudow, Köpetdagyň eteginde). Agyryňa çydasaň, müň ýaşa (nakyl).

* Göz agyrysy ýaly bolmak— ser. G ö z.


AGYRY [a:gyry] II, Bir zat barasynda, ugrunda edilýän alada.


AGYRYLY [a:gyryly], Agyrysy bar bolan, yzaly, awuly.

Ýa sen ýadyňdan çykardyňmy, kiçi ogluň şu öýüň içinde ajy tüsseden. ýaňa gözleriniň agyryly bolanyny — diýdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Agyryly dişler.


AGYRYSYZ [a:gyrysyz], Agyrysy bolmadyk, agyry duýulmaýan, yzasyz, awusyz. Agyrysyz ýara.